Salam Talyplar.com sahypamyzyň hormatly agzalary. Bilýänsiňiz, eýýäm näçe wagt bäri sahypamyza agza bolmaklyk, ýagny registrasiýa ýapyk. Onuňam özüne ýetesi sebäpleri bar. Özlerine ençeme lakam bilen agzalyk alyp, sahypamyza 60-70 sany hapa temany göýberip gidýänler bardy. Dowamly girip ýören agzalar bilýändir. Ol temalary bozjak bolsaňa bir-birden bozmaly. Bozmasyna bozýaň, agzanam bannlaýaň. Ýöne agza bolmaklyk aňsat bolansoň ýene şol öwrenilen endigini gaýtalap durda. Negözel temalarada 100-lerçe hapa ýazgyly jogaplary göýberer gider. Ahyry bu yagdaýa çydaman registrasiýany ýapdyk we hapa söz agzyna alan agzany bannladyk durdyk. Endigini düzedýänler-ä belli wagta çenli, şol hapa ýazgysyny dowam edenlerem bir-iki-üç gezek barlap ömürlik bannladyk. Ine şeýdibem şolaň soňuna ýetdikmikäg-ä diýýäs. Soňky 3aý bäri şu sahypadan 500-e golaý hapa tema bozulandyr diýsem ýalňyşdygym bolmazmyka diýýän. Gowy temalara ýazylan hapa jogaplaram şonça we şondan köpdür. Elbetde, arhiwi hem arasynda arassalaýas. 3-4 günlikde hem maloýjan agzaň haýyşy boýunça epesli hapa temalar bozuldy. Indi meň aýtjak bolýanym şu sahypa registrasiýa bolup bilmeýän myhman agzalaram bolmagy mümkin. Düýn başga biriniň lakamy bilen ertir.com-dan muslimboy diýilýän agza bolmaklyk hakda sorapdyr. Şonuň üçinem men şu ýere adres goýjak. Şol adrese hat ugradyp lakamyňyzy kim bolmagyny aýtsaňyz agza edip bereris. Eger agzan lakamyňyzy öň ulanýan bar bolsa şol lakamyň yzyna san goýaýjak. Mysal üçin admin diýip öň bar bolsa admin11 diýäýjek. Ýene bir aýtmaly zat bir adrese bir lakam bolýandyr. Hää ýene bir zat. Men bu saýtyň dizaýnyna, reňkli bolmagyna, käbir bölümleň goýulmagy ýaly meselelere jogap berip bilemok we başaramogam. Ony saýtyň gurujylary çözýär. Agza boljak bolsaňyz şu adrese hat ugradaýyň: talyplarcom@inbox.ru

Köneler, admin11 tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir