bugun zehinli shahyrymyz gurbannazar ezizowyn doglan guni! Shahyr öz yashan 36 yashynyn icinde turkmen edibiyatynda öcmejek yz goyup gitdi.... Gurbannazar Ezizow (1940-1975) Gurbannazar Ezizow – talantly türkmen şahyry, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi. Gurbannazar Ezizow 1940-njy ýylyň 1-nji martynda Aşgabat saherinin Büzmeýin obasynda eneden bolýar. 1948-nji ýylda mekdebe barýar we 1959-njy ýylda Aşgabat şäherindäki 29-njy orta mekdebi tamamlaýar. Şol ýyl Türkmen döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetine okuwa girýär. Uniwersiteti 1964-nji ýylda tamamlaýar we Çagalar edebiýatynyň birleşen neşirýatynyň redaksiýasyna işe iberilýär. Şol ýylam goşun gullugyna çagyrylýar. 1965-nji ýylda gullugy tamamlap geleninden soň, 1970-nji ýyla çenli “Edebiýat we sungat” gazetiniň poeziýa (şygyrýet) bölüminiň müdiri bolup işleýär. 1972-nji ýyldan ömrüniň ahyryna çenli Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginde edebi geňeşçi bolup işleýär. Gurbannazar Ezizow 1975-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Turkmenbaşyda ýaş ýazyjy-şahyrlaryň bütinsoýuz duşuşyklary wagtynda Gazanjyk obasynyň ýanyndaky şossede tragiki ýagdaýda (sowet esgeri tarapyndan atylyp öldürilýär) aradan çykýar. Onuň bilen bilelikde moskwaly şahyr Wasiliý Şabanow we türkmen şahyry Ýuriý Rebinow hem aradan çykýar.Onuň dört gyzy we bir ogly bar.
1-nji mart, ezizow...
-
Gapgaraja
12 years ago
- shahyr diyip shuan aytsanda,sozlerine cumup gidyan manysyndan yana,bu shahyr kop adamlaryn yuregunde baky orun tapanlardan,biler bolsanyz onki bilim ministrimiz meninem turmen dili edebiyat mugallymym Shemshat Annakylyjowna hem her gezek ony yatlanda gozunden derya edip goz yash dokerdi,a bu wagt bolsa bu shahyra bolan sylag yitdi gitdi,in barkisi goren bolsanyz Ylhamda natanysh shahyrlara yokarda alleykada a G.Ezizow K.Gurbannepesow dagy bolsa yerasty gecelgede yone bir suratyny yelmap goyupdyrlar......indi aydynda nirde gechmishe sylag?i? ....(((
-
Jeihun07
12 years ago
- *onsekizimdemi, ondokuzmda blemok,
yone gen galaymaly birzat,
men dan blen parama baryan;)*
*shu shahyrynkymy shu setirlerem*
-
Miskin
12 years ago
- shahyryng eserlerining adamlara tasiri onyng durmush hakykatlary bilen baglanshgydyr. Adamlaryng kalbyna dinge hakykat we soygi bilen baryp bolyar, ol muny basharypdyr. Yene hem shahyr ors dowrunde yashan hem bolsa, komuniziming dal-de yashulularyng terbiyesini alypdyr. eserlerinde yasamalyk, yaranjanglyk gorunmeyar.
Sagbol =magnit= hormatly shahyrymyzy yatladanynga!
-
ependi
12 years ago
- dartar sagbol yatlap tema acanyn ucin, döredijiligi:
gurbannazar on bäş ýaşyndaka, onuň ilkinji goşgulary çap edilip başlanýar. g. ezizow ýüzlerçe täzeçil, gowy goşgular bilen birlikde türkmen edebiýatynda ilkinji bolup “sonetler çemenini” döretdi. “daş gyz”, “pikir derýasynda akyl gämisi”, “söýgi”, “güýz” poemalaryny, “nesiller”, “uruşdan soň”, “tabyt” dramalaryny, “görogly” şadessanynyň librettosyny ýazdy.
ezizowyň poeziýasyna setirleriň çeperligi, çuň manylylygy häsiýetlidir. onuň «oglan bilen deňiz» (1969), «ynam» (1971), «ýer-gögüň arasynda» (1973), «gyzyl otrýad hakynda ballada» (1978) ýaly goşgular ýygyndylary çap edildi. 1960-70 ýyllarda e. ýaş türkmen sowet poeziýasynyň ösüşine uly goşant goşýar. şahyryň ýazyş manerasy goşgularynyň stili, özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. şahyr öz eli bilen toplan iň soňky goşgular kitabyny «güýz» (1978) atlandyrýar.«serpaý» diýen goşgular ýygyndysy 1978-nji ýylda neşir edilýär. onuň «türkmen sährasy», «daglar» ýaly goşgulary aýdymçylaryň repertuaryna ornaşdy. poemalary sahnalaşdyryldy. şahyryň goşgulary ençeme halklarynyň diline terjime edildi.
-
alemdarov
12 years ago
- Hay bu gun sahyryn doglan gunidir. Yatan yeri yagty jayy jennet bolsun
-
URGENCLI
12 years ago
- maňa bu uly derdi
yeri aydyň kim berdi
derdin ýaşyl baglaryň
gussasyny daglaryň
duşmadyklaň ykbalyn
duşanlaryň şum halyn
adamlaryň bu derdin
yeri maňa kim berdi
gije rahat goymayan
gündiz horlan bu derdi
ediň dostlarym ayan
düşündiriň kim berdi
gowy tema. sagbol magnit
-
handsome1
12 years ago
- g. ezizow beyik sahyr, yatan yeri yagty bolsun
-
Multyk
12 years ago
- Sagja bol gowy
-
Merw92
12 years ago
- göwnüm
göwnüm, göwnum, eziz göwnüm.
diýme muňa öwündigim.
otuza ser uran günüm
ahyr bildim göwündigiň,
il derdine ters bakmadym,
ony duşdan- geçirmedim.
goňşymyň için ýakmadym,
hem oduny öçürmedim.
aç bolmadym, ýöne weli,
doklugymdan gägirmedim.
ýigit kimin söýdüm, ili,
söýýän diýip gygyrmadym.
ýene şum ýaş gyssanynda,
basylanda käte sussum,
özüm däl, dost-ýarym üçin
seni köpräk öňe tutdum.
bu türkmeniň bahary deý
ýaşlygymyz geçýär basym.
il başyna düşen işden
bizi hiç zat goramasyn.
hakyň gözüne bakaly,
şer iş ýerden göçer ýaly.
ýüreklerde ot ýakaly,
ojaklary öçürmäli.
aglaly, bile güleli!
myrat tapsyn maksat tutan.
biz näm bolsak şo bolaly,
bolsa bolýar, eziz watan!
örän aýdyň hem çuň bir hakykat bar.
örän aýdyň hem çuň bir hakykat bar:
diriler ölüpdir. diriler ölýä.
ýöne şol ölenler müň ýyllar ötüp,
başga biri bolup inýär bu dünýä.
beýle bolsa, kimkä meniň geçmişim?
şahyrmykan?
aşykmykan?
ýa daýhan?
ýa ol namartmykan çyn sözden gorkýan
hem gorkusy üçin çyn söze duşman?
eger şahyr bolsa, meniň şygrymy
özüm bolup menden gizlin okuýandyr
ejiz şygrym üçin saçlaryn ýolup,
menligiňe ajy gözýaş dökýändir.
eger aşyk bolsa, söýmediklerme
söýýän diýenime ýanyp-bişýändir.
ol meniň ruhumyň kazysy ýaly,
öz päkligi bilen maňa duşmandyr.
eger daýhan bolsa, toprakdan alyp,
oňa bermeýänme tutýandyr lçin,
hem onuň bir oňat dilegi bardyr
topraga bir tohum atarym üçin.
indi bu ýaşlygam ötüşip barýa,
etsemim bar bolsa, boldy bir çeni.
gije-gündiz şahyr, aşyk hem daýhan
depämden seredip goýmaýar meni.
dünýede çyn sözuň sarpasyn saklap,
çyn söz üçin özüm ederin gurban.
ýazaryn, söýerin, tohum seperin,
razy bolar
şahyr,
aşyk hem daýhan.
ölsem, dogry sözüň şol duşmanyny—
inkär eden — meni öper bu ýerim,
müň ýyl ötüp, ýene dörän, şol şahyp-
aşyk, daýhan bolup dowam ederin.
yzyma seretsem, bir giden umman,
öňüme seretsem, bir giden umman,
geçmişiň öňünde uly bergim bar,
geljegiň öňünde uly bergim bar.
eger seni özüm döreden bolsam
eger seni özüm döreden bolsam
hyýalymda, arzuwymda her günüm,
näçe jan etsem-de, hyjuw etsem-de
seni beýle söýüp bilmezdim, gülüm;
eger seni özüm döreden bolsam,
bolmazdy söýgimiň gizlin manysy. ;
ähli zat meň üçin bolardy aýan —
söýgiň ajap syrlarynyň barysy.
sen, gülüm, meň üçin täsin bir dünýa,
ony täsin edýän syrly duýgudyr.
söýgi diýmek — şo duýgynyň manysyn
düşündirmek kyn bolanda söýgüdir.
düşündirip bolýan zatlaň barysy,
söýgi däl, biz muny ozaldan bilýäs.
söýgi—-galaryňdan beýikdir beýik,
söýgi — boýlaryňdan çunurakdyr has.
şonuň üçin seni döreden bolsam,
hyýalymda, arzuwymda sünnäläp,
gijeler hesretden syýa dönerdim,
ýazardym hesretden gije-gündizläp
artyk hereketler....
artyk hereketler, ýeňles gylyklar
ýaşlyga kadadyr, näzdir kereşme.
ýuwaş-ýuwaş sen olardan saplanyp,
durlanyp barýarsyň misli bir çeşme.
sen kimin gözele duş gelen ýigit
şowsuzlyga, gussa ownuk zat diýer.
seniň gözden gaçan şadyýan ýaşyň
almaň ýaňagynda uka batan der.
seniň söýgiň äpet daragt deýin
ýüregime kökün çuňňur urupdyr.
birdem gama batyp, egilse başyň,
kökler ýüregime yza berip dur.
bir gün garylsam-da mele topraga,
sowurman söýgiňi tupana, ýele.
seniň söýgiň hiç guramaz köklerý
ýaýrar bu zemine ýüregim bile,
beyik shashyr onun her bir goshgysy gyzyla barabardyr....
-
1merdan
12 years ago
- ...Giderin, giderin,
Uzakdyr ýollar,
Söýerin, islärin, aglap gülerin.
Kim men, näme
Gadym dünýäň ýüzinde?
Men bulary ölemden soň bilerin.
-
1merdan
12 years ago
- ...müň dokuz ýüz togsanynjy ýylda ermeni telewidenýesine jaň edip "jenap brežnow hakynda näme bilýärsiňiz" diýip sorapdyrlar.... uzak wagt dyman telewidenýe "beýle adamy sizden eşidýäs" diýenmişin, "ahow sssr-iň merkezi komitetiniň birinji sekrataryny tanamany, siz näme geçen ýyl doguldyňyzmy?.. bu gezek haaaas uzak dyman telewidenýe " häää alla pugaçowanyň döwrinde şeýleräk bir şahsyýetiň bolanlygy hakynda maglumat ýogam däl" diýenmişin....
-
1merdan
12 years ago
- ..şalar ölýär, şazadalar ölýäler.
ili aglar şahyryny ýat edip.
howwa il şahyryny ýatlap aglaýar, haýsydyr bir "dälişge" esgeriň ýaragyndan çykan gülle, tutyş meýdany 491,2 kw.km bolan türkmenistanda özge ýeri gabşyryp ezizowyň eziz läşini ýedi ýolyň üstine serdi,ýiti gözli laçynyndan aýrylan edbýat, aw haýsy awçy haýsy duýmady, eýsemde bolsa şol esgeri kim tanaýar, ol kim, nädip däliräpdir, näme esgerlige kamisýadan geçrilmäni alnypmy.., bu waka külli halkyň "agzyny açdyranam" bolsa ýeke söz çykartmady.. bir jogap "tötänlik"
-
1merdan
12 years ago
- (öýdäki) stolymyň başyna geçenimem şol, 1nji martlygy ýadyma düşdi.. stolyň bir çetinde(tertipsizräk) baslyp goýlan kitaplaryň içinden bir kitaby şeýle tertipsizlik bilen çekip aldym welin bary hem şu ýazgyny okamdan soň boldy
.....indi aydynda nirde gechmishe sylag?i? ....(((
Gapgaraja | 2012-03-01 02:24:36
disk, we ulyly kiçili çaşyp giden kitaplaryň içinden alan kitabymdan iki setiri paýlaşmagy makul bildim
meniň öz ýaşyma belli baham ýok
oň bahasyn kesgitlejek zaman bar
-
1merdan
12 years ago
- sagja bol nuryjan "ölsini sylan beg bolar " diýipdir türkmen aga, a bu sözleri bolsa men başardygymdan ezizowyň ruhyna ýüzlenip diýesim gelýär:
şahyr aga bu bir gerdiş gerdany kän çarhy pelegiň, köp kütelli ýollarynda kyn güniňde ýanyňa gelip tesseli beren kişä " ehh sen "diýip ýüzlener ekiniň, a bu gün bolsa şol sözü "ehh dünýe" diýer derejä ýetdi....bu biparh türkmen ilinden-ä... aý borla şahyr aga sen bize belet ahyry
-
Burkaz
12 years ago
-
Ýer gögermez gökden ygyl ýagmasa
Ylham gelmez gaýnamasa çogmasa
Bu dünýäniñ diregini kim saklar
Lebzi halal goç ýigitler bolmasa
-
maloyjan
12 years ago
bu dünýäniñ diregini kim saklar
gowy yazypdyray
lebzi halal goç ýigitler bolmasa
-
Batdush
12 years ago
- Ine‚ barýaň umydyňa büdüräp‚
Egniň horlugyna utanyp çala.
Uzakda orkestr joşup-titiräp‚
Tans edýär owadan gyzlary bile.
Hor ellerňi çykaroňok ýeňiňden‚
Olar birden ýere ýetäýjek ýaly.
Geçip barýaň ýigitleriň deňinden‚
Gulaga ýakymsyz bir saz mysaly.
Undup bilmän görmeksizje doglanyň‚
Ýüregiňde hoş arzuwlar besleýäň.
Geçip barýaň bir syratly oglanyň‚
Mylakatly söz aýdaryn isleýäň.
Emma ýigitleriň öz gaýgysy bar:
Ýörite ýag bilen saçlaryn darap‚
Olar wagtdanam ozup barýarlar‚
Özlerniň owadan gyzlaryna tarap.
Ah‚ horja gyz‚ horlugyňdan horlanýaň/.
Saňa hoş söz diýjek ýigit nirede?
Bu şäherde näçe diýseň ýigit bar‚
Seni öýe ugradanok biri-de.
Gyzlaram ýanyňa delmuryp gelip‚
Owadan gülüşip ýüregňe düşýär.
Olar görmegini artdyrjak bolup‚
Gezegine seniň bilen tirkeşýär.
Öýe gelýäň. Gyýýar ýürgňi ünjiň‚
Hasratdan çekilýär iki owurdyň.
Aglaýarsyň: «Ah ‚ eje jan‚ nämüçin
Meni beýle betgelişik dogurdyň?»
Emma goňşy gelin—bir görmegeý dul
Atasyz ogluna günäli bakýar.
Hem seniň tersiňe‚
Gussa-gam çekýär:
«Owadan dogulma‚
Bagtly dogul!»
Aglama‚ gyz! Uýajygym‚ gam çekme‚
Bilip bolmaz ykbalyňy öňünden.
Bu howlukmaç ýigitlere at dakma‚
Kim geçenok öz bagtynyň deňinden.
Käte şeýle bolýar: görkdür-görmek
Gidip otyr il içinde at alyp‚
Ýöne‚ nämüçindir‚ tylla ýüzük dek‚
Ýolda‚
Gum içinde galýar sadalyk.
Tekepbir bol‚ çykyp bolmaz gaýa dek‚
Sada bol‚ aýlaryň doguşy ýaly.
Şeýle ýigitler bar‚ (olar bar entek)
Sen dek gaýalarda olaň hyýaly!
Öz söýenmiz üçin hemmämiz jomart!
Biz bu dünýä eýe kimin garýarys.
Iň gymmat‚
Iň zerur‚
Gözel zatlary
Alýarys-da ýara sowgat berýäris.
Bütin Ýeri sowgat berýäs gyzlara‚
Onuň minaradyr şäherlerini‚
Onuň al şerap deý iňriklerini‚
Dumanly-dumanly säherlerini.
Soňra ýyldyzlary‚
Deňiz-derýany‚
Soň kellämiz gyzyp gidiberse has‚ —
Aýy iki ýaryp zergär mysaly
Ondan ýara gulakhalka ýasaýas.
Emma bize ýeň berenok eneler:
«Biz-ä asyl boş sözlere düşemzok.
Asmanyň ýyldyzyn kakanyň bilen
Olar ýere teňňe bolup düşenok.
Aý diýýärler‚
Deňiz-derýa diýýärler‚
Tapanlaryny jomartlarça seçýärler‚
Emma uçypsyzja galyň tölemän‚
Gyzymyz şagal deý alyp gaçýarlar...»
magnit 12 years ago- Säher turup, syl ýüzüňe çagaňy
Päkligiňde bolup bilseň şonça bol
Sen sanama gara saçyň agyny
Sen sag-aman öreniňe monça bol
Biz hemmämiz şatlyk üçin doguldyk
Şoň üçinem geçdik, ine, şunça ýol
Şat günleriň köp bolmanna gynanma
Şat günleriň bolanyna monça bol
Goňşyňy gozgama, göçmesin goňşyň
Goý, öçmesin sen ölçerme oduny
Aýaklaryň ätjek ädimin äder
Göreçleriň görer görjek zadyny
Säher turup syl ýüzüňe dünýäni
Giňligiňde bolup bilseň şonça bol
Bu dünýäňe mahsus ähli zatlaryň
Senden sowlup geçmeýänne monça bol
Erbet bor bu baglar geçse deňiňden
Bu ýagyşlar seniň üçin ýagmasa
Bagy ikiýana bulanda tupan
Zerur çagy gül ýüzüňe degmese
Gykywlaşyp geçip gitse deňiňden
Durnalaryň ýyllar kimin hatary
Seni gozgamasa beýik ýaşaýşyň
Cözülen hem cözülmeli mataly
Şonuň üçin syl ýüzüňe dünýäni
Özüň hakda, goňşyň hakda pikir et
Bu dünýäňe mahsus ähli zatlaryň
Senden sowlup geçmeýänne şükür et.