Yok eken yer birle gökler, men ezelden bar idim Göwheriň yek dänesinden ileri-pergär idim Göwheri ab eyledim, tutdy jahany serbe-ser Yeri-gögi, arşy-kürsi yaradan setdar idim Girdim adam donuna, hiç kimse syrym bilmedi Men bu beytulla içinde tä ezelden bar idim Gezmişem men on sekiz müň älemi gerdiş bile Deryanyň altynda saçy gyzdyran nar idim Şol yezit merwanylar, postumy soydy kazylar Kimse bilmez bu rumyzy, hak bile serdar idim Men Nesimiyem, haky hak tanymyşam biguman Söydi meni yaradan hem men oňa derkar idim Seyit ymameddin nesimi 1370-nji ýylda bagdadyň golaýynda nesim diyen obada dogulyar. Ol 1417-nji ýylda musulman dindarlary tarapyndan agyr jeza sezewar edilyär. Ony diriligine dabanyndan depesine çenli derisini soyup öldüryärler. Bu aýylganç tragediya siriyanyň halap şäherinde bolup geçyär.

Köneler, URGENCLI tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir