goşgy okamagy söyyanler üçin... *** bir gowşak goşgy deý unudylan söýgim, bu gün meni mugallymym deý okatdy, ak kagyza düşen bir damja gözýaş biziň söýgimize goýlan nokatdy... *** eger-de aldansaň ilki söýgiden, galar ýüregiňde ömürlik ýara, bar zada ujypsyz, höwessiz bakyp, bolarsyň dünýäde bir bagty gara... *** agajyň uzyny derekdir derek, adamyň aýnasy ýürekdir ýürek, beren wadalaryň soňy bolmasa, ýürekdäki dörän söýgi biderek. *** ýollar weýran bolýarmyşyn siline, şemal zeper ýeti-r bagyň gülüne, dilden çykan oýlanşyksyz ýeke söz, böwet bolup biler söýgiň öňüne. *** gyzyl gül ekseň daşyna seret, onuň ter ýapragy zaýalanmasyn, ýaryň söýýänligine bol ilki belet, soňra ýaş ýüregiň paralanmasyn. *** daglaryň başynda gara galmasyn, tüpeň atylanda däri galmasyn, iki ýyllap gulluga giden ýigidiň, yzynda oň ýary aglap galmasyn. *** geçene seretme, geljege seret, başarsaň durmuşda täzelik döret, söýseňem saýlap söý päk ýüregiňden, ýöne bir ýigide hökmüňi ýöret! *** kim diýer ýaz güli owadan bolar, kim diýer güýz güli owadan bolar, soradym ýürekden dillendi ýürek, her kimiň öz güli owadan bolar. *** söýüşýärkäň küýseseň başga birini, ol eýýam wadada wepasyzlykdyr, ýene-de söz berseň başga birine, bu dünýäde arsyz-namyssyzlykdyr. *** söýendim men gapydaky direge, gyzyl sagat gelişermi bilege, günbatardan öwsüp duran şemalyň haýry ýokdur ýanyp duran ýürege. *** eger iki ýigit söýse bir gyzy, ikisi hem oňa söýýärin diýse, onda ol söýgi gyzyň özüne bagly, bir ýigit gider ýüregi dagly. *** bahar ýeli ýaly ýeňles ýigitleň, duýgusyndan juwan ýüregiňi aýa, olar gözleriňe göni baksa-da, käte ýüregiňe bakýandyr gyýa. *** oka gözlerimden ýürek sözlerim, bagş edýän saňa bahar ýazlarym, "söýýän" sözüm gaýtalamak hökmanmy sözläp durka meniň gara gözlerim. *** men seniň ýanyňa ýetmeli bolsam, saýlardym ýollardan iň ýakyn ýoly, eger seniň bilen gitmeli bolsam, saýlardym daş ýoly gutarmaz ýaly. *** gyş gar ýagmasa, ýaz günäkärmi? aýdymçy joşmasa, söz günäkärmi? ýigit söýgüsine bolsa biwepa, hany aýdyň dostlar, gyz günäkärmi? *** ýagşylary söýmän bilmeýär gyzlar, olarda günä ýok söýgüden özge, düýn söýen gyz , bu gün seni ýigrense, onuň sebäbini özüňden gözle. *** söýmezlige hiç galmady bahana, sen dünýämi öwrüp barýaň bahara, öň bu halda däldim indi janserek, çekinýän diýmäge, ýöne…sen gerek. *** göwnüňe degen bolsam käte-käteler, äsgermedik bolsam ýürekden däldi, men sebäpli başyň egilen bolsa, janym haýyş edýän bagyşla meni. *** daşdan görseñ owadandyr käbiri¸  bolmajak bol owadanlañ ýesiri¸ daşdan görseñ owadandyr ýylan hem¸ elıne düşäýseñ¸ goýbermez diri.  *** synan göwne seýik bolup bilmeseñ¸ göwnümi gözlemden duýup bılmeseñ¸ derdimiñ dogasy bolup bılmeseñ¸ janym söýme¸ öz ugruma goý meni!  *** sag bol janym¸ öz günüme goý meni täsin bakyşlaryñ duýup bilemok¸ seni juda beter söýerdim weli…  düşün dünýäm¸ indi söýüp bilemok.  *** gaýrat et¸ ýalbarma¸ ýadadym indi¸ saña bagly hiç duýgym ýok¸ ynansañ¸ seniñ özüñ düşünäýmeli ahyry¸ täsin bakyp¸ gussa bilen dymamsoñ. *** o:t ýaly oglanlar öñüñden çykar¸ gözleri ataşdyr¸ sözleri şeker¸ üç gezek bükülip dyzyna çöker¸ buýsanç bilen üstlerinden gülüp geç.

Köneler, Merw92 tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir