Salam gadyrly Talyplar.com sahypasynyň agzalary we myhmanlary. Bizem näme, futbol oýnalyň diýip ahyry şu gün oýnadyk. Köpetdag stadionynyň daşyndaky uly meýdançada şeýle bir oýun boldy welin jemi 18 pökgi derwezä geçäýen eken. Ýöne şol pökgüleň köpürägi biziň derwezämizden geçen bolsa nätjek. Ine belleşilen wagta gijä galyba men geldim welin diňe Ertir.com-yň agzalary bar eken. Olaram menden soradylar - Hany Talyplar.com - diýip. Bolsada Talyplar.com-yň oýunçylary dilleşen ýaly aňyrda üýşüp duran eken. Olaram geldi, tanyşdyk. Häzir olaram oýun barada öz pikirlerini aýdarlarda. Indi oýun barada aýtsak, biz ýagny Talyplar.com 8sany bolup oýnady, olar: 1.Ata aga (köne agza,agzalygy ata bolmaly ) 2.Bravo 3.1merdan 4.Shahriyar 5.Broker 6.Leonardoo 7.Notyetperfect 8.Mirasymyz Indi Ertirler.com 7sany bolup oýnady, olar: 1.Gudrat 2.Batyr 3.Oppish 4.ChemicalMan 5. Wyždanyň sesi 6.Merdan (myhman bolup gelipdir) 7.mgazak Zenit diýip bir agza bar eken welin, ol oýundan öň tramwa alyp elini döwdüren eken. Eli gipsli bolansoň oýuna janköýerlik edip oňmaly boldy. Oýunda ilki goly olar saldy (kimiň salany ýadyma düşenok). soň bir-bir boldy. Soň 2-1 utubam ugradyk welin oýunyň ahyrynda hasap 6-12 ertir.comyň peýdasyna gutaraýan eken. Biziň şu oýunymyzy gurnan Batyryň (ýat agza däl, talyplardaky nigi Goool bolmaly)gynansamam gözüni gögertdim öýdýän. Ýene bir gezek Batyr bagyşlarsyňda. Uglawoýdan galdyranlarynda kellede süsjek bolamda tirsegim edil çep gözüniň aşagyna degdi. Aý garaz oýun gyzykly boldy. Ata aga bolmadyk bolsa gaty uly hasap bilen utulardyk. Tüweleme meň galdyran pökkimi dagy kelle bilen gaty owadan saldy. Shahriyar hakda aýtsak olam tüweleme gaty gowy oýnaýan eken. Oýnuň soňragynda ýöne çala tramwa alyp oýny terk etmeli boldy. Biziň derwezämize geçen gollaň köpüsem şondan soň geçdi. 1merdan hakda aýtsak ol hem goragda gowy oýnady. Talyplar.comyň agzalary size ýatladaýyn, 1merdan Turkmentug agzamyzyň hem agasydyr. Tüweleme söz ýok oňa hem. Bravo hakda aýtsak derwezä super. Hüjümde-de erbet däl eken. Ýöne welin hakyky derwezebanyň barda. Leonardoo hakda aýtsak, tüweleme meň-ä göwnüm ýetdi. Hakyky Leonardaň barda. Notyetperfect jan edip oýnady. Hüjümde-de, goragda-da. Muňa-da söz ýok. Broker dostumyz, bu hem tüweleme ylgap geçdi. Arasynda derwezebanam durdy. Aý men-ä aslynda biziňkileri üýşüribem bolar öýtmedim welin tüweleme geldiler hemmesi. Onsoňam biziňkiler gowy oýnady welin olar has güýçliräk ekenler. esasy zat dostlyk, gowy gatnaşyk, agzybirlik. Bu utmak utylmak diýilýän zat hökman bolaýmaly. Oýun bolsa ýa utarsyň ýa-da utylarsyň. Bu gezek biz utyldyk. Indiki gezek nesip bolsa utarys. Agzalar uzak ýazyp siziňem wagtyňyzam aldyk. Bilemok öň bolupmy bolmanmy, ony Ata aga gowy bilýändir welin şunuň ýaly çäre öň geçendigini men-ä agza bolalym bäri birinji gezek duşdym. Galanynam oýna gatnaşanlar aşakda öz pikirlerini paýlaşarlarda. Bolýar sagboluň.
Tal.com:6-12:Ertir.com
-
Jeihun07
13 years ago
- inniki oyunda mana alarm bermani unutman, manada hokman bildirin....
-
1merdan
13 years ago
- bu ýerde Miras aga hakda aýratyn durup geçmeli Tüweleme tutyş oýunda ýadaman ylgamak professenal fudbolçylardada az. Umuman oglanlar sag bolsynlar hezil edindik indiki oýuna sapak aldyk. meselem çyzyklara belli edildi indi her kim öz çyzygyna görä taýýarlykly gelse bolýar.esasysy owadan oýun,...
-
1merdan
13 years ago
- soňam oglanlar bir teklip arasynda diňe talyplar bolybam oýnap duraýalyň. esasy sastawy düzmäge ýeňillik bolar eger wagt tapylsa.bir ýola goýulsa ugrugar weliiii...
-
Friendship
13 years ago
- Mirasymyz, sag bol, agam, oýnuñ netijesini bize ýetireniñe!
bravo hakda aýtsak derwezä
super. hüjümde-de erbet däl
eken. ýöne welin hakyky
derwezebanyň barda.
Bravo, betdir-le!:-)
-
Jeihun07
13 years ago
- yanymda dostym atash hem bar, eger list duzsen bellay, agza lakamy gerek bolsa dostumyn ady joharu'dyr...
-
Friendship
13 years ago
- Joharu?????
Tüweleme! :-)
-
1merdan
13 years ago
- aha oglanlarymyz ýetikle tüweleme berekella dostlar
-
1merdan
13 years ago
- men asylam 1 zada köp agzalary (hatda Ata aga, Mirasymyz ýaly) görip bilenime begenýän
-
idealman92
13 years ago
- главное не победа,а участие огланлар!ай 6 голам неплохо!берекелла талыплар!
-
ependi
13 years ago
- bäh tüweleme gowy oýun bolupdyr bizem nesip bolsa gatnaşarys
-
KRIT
13 years ago
- Molodes oglonlar!! Rubindan sypyp bolonok bo6o6som menem gatnasharn!
-
ependi
13 years ago
- surat ýokmy?
-
magnit
13 years ago
- ohow ay gynanman gowy zady aktiw gatna$ypsynyz tuweleme!
-
ependi
13 years ago
molodes oglonlar!! rubindan sypyp bolonok bo6o6som menem gatnasharn!
krit | 2011-11-13 10:27:18
-
mirasymyz
13 years ago
- 1merdan dost, bizden iň köp pökki salan kimk-ä? Men-ä ýekeje golam salyp bilmedim. birtopar pursatlary zaýaladym.
Beýdip öwmeginiň-how. Men asla gowy oýnap bilmedim. Näçe wagt bäri top oýnamok.
Ertir.com-çylar her hepde top oýnaýana meňzeýär. Ýadaman geçäýdiler.
-
mirasymyz
13 years ago
- Ependi aga surat ýokdyr. Düşeliňem diýdiler welin biziňkiler gaýdyşyp ugrapdy-da.
-
ependi
13 years ago
- aý borda bähbit bolsun
-
Maykl
13 years ago
- tuweleme oglanlar, esasy ikitaraplayyn agzybir aragatnashykly dushushyk! bizede nesip etsin talyplar.com komandan' adyndan oynamak! =)
-
notyetPERFECT
13 years ago
- Olar bizden fizicheski guychlidi. Yogsam bizem-ä jan etdik. Yene oynamakcy bolsak, bashgada isleg bildiryänler köpelse gowy bolar. Has gowy oynayanlarymyz saylanar yaly. Ertir.com-y utmal-a bor!
-
1merdan
13 years ago
- dogry aýtýaň dost iň fizijiski ejizem men boldym 20 mintdan öçäýdimä edil aýagyndanam näçe pökgi gitdi, tutyş oýny yadaman ylgap bilsegä utulmazdyk welin
-
ependi
13 years ago
- şondada berekelladaý
-
1merdan
13 years ago
- sagja bol ependi dost
-
Jeihun07
13 years ago
- belki birgun ertir.com blen hormot goyyan dinimiz Yslam hakynda sorog-jogap boyuncha yaryshars???
-
ALADIN
13 years ago
- haý tüweleme aý nämede bolsa 6 goola salyp bilipsiñiz :) bolýala indiki gezek utjak bolarsyñyzda mirasymyz gowy tema edip açypsyñ.
-
vipboy
13 years ago
- Maladess talyplar.comyn oyunchulary nesib etdiginde bizede kanikula chykanda oyun oynashars ertir.comyn agzalary bilen
-
akylym1989
13 years ago
- Indiki gezek oyun oynanyzda manada aydayyn men Sudya bolyyn. Ya-da zamenfda goyayyn hehehheheh men gyzlar futbol komanda-da hem oyub oynapdym hehhehhehhe. Oglanlar oyun etdim yone 1 hayyst bar indiki oynunyzy posle nowgot gurayyn men 5 nji yanwarda Asgabada baryan menem oynunyzy synlaryn
-
turkmenntug
13 years ago
- aý ýok.biz utulmala däldik.top govy däldirlaý.ýa meýdança bitekizdir :)))
Näme bolanyndada toplanyp,bir maksada ylganyñyz guwanmaly halat!!!dovamly bolsun!
-
Kuraldyshy
13 years ago
- berekella!!!!!
-
mirasymyz
13 years ago
- Ertir.com-dada dostluk oýny hakda tema açan ekenler.
Nesip bolsa indiki gezek ýeňiş biziňki bolar.
-
magnit
13 years ago
- awtory komentator edaymeli oglan eken :D
-
Ibrahimovic
13 years ago
- Molodes oglanlar berekella.
-
leonardoo
13 years ago
- Tuweleme oglanlar BEREKELla soz yok... dogurdanam gowy oyun boldy hemmanize +5 !!!
-
leonardoo
13 years ago
- Sular yaly oyunlary gurnap durun..........................................menem cagyrmagynyzy yatdan cykarman !!!
-
1merdan
13 years ago
- leonardoo dost seni barybam bolsa alyp gaýtmasak bolmaza. sen hüjim babatynda olaryň birindenem pes däl emma top bilen üpjin edip bilmedik gorag (ýagny men) gowşagyrak boldy düzederis dost hemmäňize sag bolyň
-
ShahRiyar
13 years ago
- eyvay.. Ahyry giraydimle.. Oglonlor mena baryp utulanmyza gahar edip yuzimdaki 5desik 1yere gelip durdy 3 gunlap. Ahyry a4ylsyp girip dursymyz.. Gowja oyun boldi. Nazar, baky, yazi kaka, ata kaka, batyr, nutyetporfekt, merdan, bet oynadinz. Tuweleme.. Ay sonky gollara men gunakar. 1 oyunchysyna travma berip utars dip pikir etdim. Ozim alaydim. Inniki sapar hokman utors.. :)
-
KTLP
13 years ago
- hahhah
-
mirasymyz
10 years ago
- Futbol oýnaýmamyzam bardy...
Rolly 13 years ago- salam.gic yagsy hemmane.sag bolun mirasymyz yetireniniz un nesip bolsa geljekki oyunlarda tal.com altyn medal bn altyn kuboga eye bolarda. Oyuncylarynam hemmesine ustunlik arzuw edyan.