Ata Watan
NASA Aýa iberiljek Artemis 2 missiýasyna gatnaşyjylaryň atlaryny mälim etdi
Amerikaly astronawtlar Kristina Kuk, Wiktor Glower we Reýd Uaýzmen, şeýle-de kanadaly astronawt Jeremi Hansen 2024-nji ýylyň noýabr aýynda Aýyň töweregine uçuşy amala aşyrjak Artemis 2 missiýasynyň düzümine girerler. Bu barada Milli aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek boýunça edaranyň (NASA) habarynda aýdylýar diýip, TASS habar berýär.
...
Nadal we Alkaras Monte Karloda geçiriljek «Masters» tennis ýaryşyna gatnaşmaz
Uly tuwulga ýaryşlarynda erkekleriň arasynda ýekelikde rekord gazanan ispaniýaly Rafael Nadal Monte Karloda geçiriljek Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň (ATP) “Masters” seriýasynyň ýaryşyna gatnaşmaz. Sişenbe güni bu barada Twitter ýazdy.
Nadal: "Men entek iň ýokary derejede bäsleşmäge taýyn däl. Karýeramdaky iň möhüm ýaryşlaryň b...
Geýts emeli aň meselesinde Mask bilen Woznýagy goldamady
«Microsoft-yň» esaslandyryjysy Bill Geýts telekeçi Ilon Maskyň, «Apple-iň» esaslandyryjysy Stiw Woznýagyň we başga-da 1000-den gowrak pudak hünärmeniniň ösen emeli aňyň (AI) üstünde işlemegi togtatmak baradaky çagyryşyny goldamady.
Geýts Reýter habarlar gullugyna beren interwýusynda: "Belli bir topardan [ösüşi] togtatmagy haýyş etmek meselän...
Döwletjan Ýagşymyradow Bellator-yň täzelenen reýtinginde altynjy orna çykdy
Garyşyk söweş sungatynyň türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow Bellator-yň täzelenen reýtingindäki ornuny ýokarlandyrdy.
Ýarym agyr agram derejesinde çykyş edýän Ýagşymyradow bir orun ýokary galdy we reýtingde altynjy orny eýeledi.
10-njy martda San-Hose (Kaliforniýa, ABŞ) şäherinde geçirilen Bellator 292 ýaryşynyň çäginde türkmen pä...
8-nji aprelde Türkmenistanda «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly olimpiadanyň II tapgyry geçiriler
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan geçirilýän «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly integrirlenen olimpiadanyň II tapgyryna (welaýat we Aşgabat şäher tapgyry) ýokary derejede taýýarlyk görülýär.
II tapgyr 8-nji apelde 9-10-11-nji synp mekdep okuwçylarynyň arasynda welaýat merkezlerinde we uniwersite...
Azar La Liganyň iň köp girdeji alýan oýunçylarynyň sanawynda birinji orny eýeledi
Madridiň “Realynyň” ýarym goragçysy Eden Azar Ispaniýanyň çempionatynyň iň ýokary girdeji alýan futbolçysy diýlip saýlandy. Fransiýanyň HBS-niň habar berşi ýaly, belgiýaly oýunçynyň zähmet haky salgytlar aýrylmazdan öň 2,25 mln ýewro barabar. Bu görkeziji boýunça ikinji orny “Barselonanyň” hüjümçisi Robert Lewandowski (2,17 mln ýewro) eýeleýär, ilk...
Riçard Brensonyň Virgin Orbit kosmos korporasiýasy işini bes eder
Virgin Orbit kosmos kompaniýasy işini bes eder. Bu barada CNBC teleýaýlymy öz çeşmelerine salgylanyp habar berýär.
Işgärler ýygnagynda Virgin Orbit-iň baş direktory Den Hart korporasiýanyň "ýakyn geljekde" ýapyljakdygyny aýtdy.
"Gynansagam, kompaniýa üçin aýdyň ýoly üpjün etjek serişde tapyp bilmedik" - diýip, Hart taslamanyň ýapylma...
Italiýanyň Hökümeti ChatGPT emeli aňyny böwetledi
Italiýanyň personal maglumatlary goramak boýunça edarasy gizlinlik düzgünleriniň berjaý edilmezligi sebäpli ChatGPT emeli aň çatboty (OpenAI amerikan kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi) tarapyndan italýan ulanyjy maglumatlarynyň ulanylmagyny çäklendirdi. Netijede Italiýa bu neýroulgamy böwetlän ilkinji Günbatar ýurdy boldy diýip BBC takyklaýa...
Gazagystan daşary ýurtly talyplar üçin 550 ýer bölüp berdi
Daşary ýurtlular üçin Gazagystanyň ýokary okuw mekdeplerine grant almak ugrundaky bäsleşik başlandy. Gazagystan Respublikasynyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň Ýokary bilimi ösdürmegiň milli merkeziniň saýtynda ýerleşdirilen maglumata görä, talyp hakly maksatnamasyna daşary ýurt raýatlary, şol sanda Gazagystanyň raýaty bolmadyk milleti gazak ad...
Çernogoriýanyň prezident saýlawlarynda Ýakow Milatowiç ýeňiş gazandy
Çernogoriýanyň öňki ykdysady ösüş ministri Ýakow Milatowiç ýurduň prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda 60% ses alyp, ýeňiş gazandy.
Çernogoriýanyň häzirki prezidenti Milo Jukanowiç Ykdysady ösüş ministrliginiň öňki ýolbaşçysy Ýakow Milatowiçi prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ýeňiş gazanmagy bilen gutlady.
Çernogoriýada ý...
«Çelsi» Grem Potteri baş tälimçi wezipesinden boşatdy
Londonyň "Çelsisi" Grem Potteri baş tälimçi wezipesinden boşadandygyny mälim etdi. Bu barada klubuň resmi web sahypasynda habar berildi.
Baş tälimçiniň wezipesini Bruno Saltor ýerine ýetirer.
“Klubdakylaryň hemmesiniň adyndan Greme Çelsä goşan goşandy üçin tüýs ýürekden sag bolsun aýdýarys. Greme tälimçi we şahsyýet hökmünde iň uly ho...
20-nji aprelde Ysraýylyň DIM-niň ýolbaşçysynyň Aşgabada sapary meýilleşdirilýär
Ysraýylyň Daşary işler ministri Eli Koeniň Aşgabat şäherine sapary 20-nji aprelde meýilleşdirilýär. Bu barada Ierusalimiň The Times of Israel onlaýn-gazetiniň ýekşenbe güni agşam beren habarynda aýdylýar.
Geçen hepde Azerbaýjan Ysraýylda öz ilçihanasyny açandan soň, Daşary işler ministri Eli Koen tiz wagtdan Bakuwa ugrar. Ol 18-nji aprelde...
4 ýaşly oglanjyk kitabyny neşir eden iň ýaş adam hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
Birleşen Arap Emirliklerinden bir oglanjyk dünýäde kitabyny çap eden iň ýaş adam boldy. Ol şol wagt 4 ýyl 218 gün ýaşyndady. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabyna salgylanyp, interfax.ru habar berýär.
Said Raşed Almheýri özüniň “Pil Said we aýy” atly kitabyny çap eden wagty 4 ýyl 218 gün ýaşyndady.
Kitaby ýagşylyk we dostluk barada gü...
Nokia SpaceX bilen Aýda 4G-internet toruny işe girizmegi meýilleşdirýär
Nokia 2023-nji ýylyň ahyryna çenli Aýda 4G mobil toruny (LTE) ornaşdyrmagy meýilleşdirýändigini habar berdi. Ol NASA-nyň howandarlygynda «Artemida» missiýasynyň bir bölegi hökmünde ulanylar.
Nokia-nyň baş inženeri Luis de Teminonyň sözlerine görä, enjam ýakyn aýlarda SpaceX raketasyny ulanyp, Ýeriň hemrasyna iberiler. Aýyň Günorta polýusynda...
BAE-niň Prezidenti Abu-Dabiniň täze wise-prezidentini we mirasdüşer şazadasyny belledi
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti we Abu-Dabiniň hökümdary Şeýh Muhammed ben Zaid Al Nahaýýan täze wise-prezidenti, şeýle hem mirasdüşer şazadany we Abu-Dabiniň häkiminiň iki orunbasaryny wezipä belledi. Bu barada BAE-niň Habarlar gullugy habar berdi diýip, TASS ýazýar.
Federal Milli Geňeşiň tassyklamagy bilen, şeýh Muhammet çarşenbe g...
Redmi Note 12 Turbo Harry Potter Edition smartfony hödürlendi
Redmi brendi Hytaýda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynda ortaça arzan Note 12 Turbo smartfonyny hödürledi. Dabarada "Garri Potteriň" stilinde ýerine ýetirilen ýörite çäkli wersiýa aýratyn üns berildi.
Model aýratynlyklary taýdan adaty görnüşden tapawutlanmaýar, ýöne yzky gapagynda ady hem-de gerbi şekillendirilen romanlaryň stilinde ýerine ýe...
Hytaýyň paýtagtynda sürüjisiz taksiler hereket edip başlady
Pekiniň eteginde sürüjisiz taksi hyzmatlary elýeter boldy, bu akylly ulag ulgamynda täzelik boldy. Bu barada China Daily gazeti habar berýär.
Şu ýylyň mart aýynda Pekin Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Baidu Inc.-e we awtonom ulag serişdeleri çäginde Pony.ai-yň başlangyjyna sürüjisiz taksileri ulanmak üçin ygtyýarnama berdi. Hytaýda awtonom sürüji...
Täze Toyota Tacoma pikabynyň şekilleri görkezildi
Toyota-yň demirgazyk amerikan bölümi 2024-nji ýylda öndüriljek Toyota Tacoma kysymly awtoulagyň tizer-şekilini çap etdi we awtoulagyň görkeziljek senesini yşarat etdi.
Toyota Tacoma pikapynyň häzirki nesliniň awtoulagynda yzky belgide 040423 diýen sanlar bar, bu awtoulagyň görkezilişiniň indiki sişenbe güni, 4-nji aprelde bolup biljekdigi...
Aleks Fergýuson we Arsen Wenger APL-iň Şöhrat zalyna girdi
Öňki futbol tälimçileri Aleks Fergýuson we Arsen Wenger Angliýanyň Premýer-ligasynyň (APL) Şöhrat zalyna girizildi. Bu barada APL-iň Twitter sahypasynda habar berilýär diýip, rsport.ria.ru belleýär.
Fergýuson 1986-njy ýyldan 2013-nji ýyl aralygynda “Mançester Ýunaýtede” ýolbaşçylyk etdi. Onuň ýolbaşçylygynda “MÝ” 13 gezek Angliýanyň çempiony...
FIFA klublara oýunçylary 2026-njy we 2030-njy ýyldaky DÇ-e ibermek üçin bellenilen mukdary aýtdy
Halkara Futbol federasiýasy (FIFA) klublara 2026-njy we 2030-njy ýyldaky dünýä çempionatlaryna oýunçylary ibermek üçin 710 mln dollar tölär. Bu barada guramanyň saýtyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.
Duşenbe güni Budapeştde FIFA-nyň ýolbaşçysy Janni Infantino bilen Ýewropa klublarynyň assosiasiýasynyň (ECA) başlygy Nasser Al-Helaifi...
IPhone 15 Ýewropada SIM karta üçin ýeri bolmazdan çykar
Apple Ýewropadaky fiziki SIM karta goldawy bolan smartfonlary goýbermegi bes eder. Bu barada iGeneration blogynda habar berildi diýip, lenta.ru ýazýar.
HBS-niň awtorlarynyň hasabatyna görä, Apple Ýewropada SIM karta üçin ýeri bolan smartfonlary öndürmegi bes eder. 2022-nji ýylda kompaniýa iPhone 14 seriýasyny hödürledi - ABŞ-da modeller adat...
Aşgabat — London gatnawlarynyň awiabiletleri onlaýn satuwa çykaryldy
Aşgabat-London ugry boýunça awiabiletler «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi saýtynda satuwa çykaryldy. Bir tarapyna bilet 8 müň 706 manat 30 teňňeden satylýar.
Aşgabatdan Londona bilet satyn alyp boljak iň ýakyndaky uçuş 5-nji aprelde bolar. Aşgabatdan uçar sagat 13:00-da ugrap, ol Londonyň Stansted howa menziline sagat 15:50-de gonar.<...
Pepsi 15 ýylyň içinde ilkinji gezek logotipini üýtgetdi
Gazly suw öndürijisi Pepsi 2024-nji ýylda logotipini täzelär. Ýazgy indi ortarada gyzyl-ak-gök aýlawyň içinde ýerleşer. 90-njy ýyllarda-da onuň nyşany şeýleräk görnüşdedi.
Mundan başga-da onuň esasy reňki açyk gök bolman, gara we gara gök bolar. Şunuň ýaly görnüş Pepsi Zero Sugarda hem ulanylýar. Şeýlelik bilen, kompaniýa süýjini ul...
Toyota kompaniýasy Highlander-de 1,6 mln km geçen adama täze Highlander sowgat etdi
Floridaly Mark Miller Highlander krossowerini 2006-njy ýylda satyn alyp, ony gündelik iş ulagy hökmünde ulandy. Markyň işi ýollary abatlamak bilen bagly bolandygy üçin, awtoulag ýylyň dowamynda 100 müň kilometre golaý aralygy geçdi. 17 ýylyň içinde ylgawy 1 million milden hem geçdi ( 1,6 million kilometr).
Mark özüniň Highlanderine gow...
Redmi Note 12 Turbo resmi taýdan hödürlendi
Redmi brendi orta klasly täze Note 12 Turbo smartfonyny hödürledi. Bu Qualcomm Snapdragon 7+ Gen 2 çibinde işleýän ilkinji telefonlaryň biridir. Şeýle-de, bu dewaýs inçe çarçuwa we 16 GB + 1 TB wersiýa eýe boldy, bu baha segmentinde seýrek ýagdaýdyr.
Redmi Note 12 Turbo smartfonynyň häsiýetnamasy:
- Displeý: 6,67’’, OL...