Deep Atomic kompaniýasy MK60 modully ýadro reaktoryny işläp taýýarlady. 80 m² meýdany bolan gurluş häzirki zaman maglumat merkezlerini işletmek üçin zerur bolan 60 MWt-a çenli elektrik energiýasyny bermäge ukyply we şonça mukdardaky sowadyş güýji bilen üpjün edýär. Şeýle ykjam reaktorlar, esasanam, emeli aňy, kriptowalýuta amallaryny we bulut hyzmatlaryny goldaýan maglumat merkezleri üçin ajaýyp çözgüt bolup biler. MK60 reaktory passiw howpsuzlyk ulgamly ýeňil suw tehnologiýasyna esaslanýar we maglumat merkeziniň binasynda gurnamak üçin amatly, bu bolsa energiýa geçirilýän wagtynda ýitgileri azaldýar. Birnäçe reaktor gurlan ýagdaýynda, kuwwaty 1 GWt-a çenli artdyryp, hatda gaty uly maglumat merkezleriniň zerurlyklaryny hem kanagatlandyryp biler. Deep Atomic-de bellemeklerine görä, bu işläp taýýarlama ugleroda bitarap infrastruktura geçmäge kömek edýär: ýadro energiýasy CO₂-ni bölüp çykarmaýar, bu ekologiýa taýdan arassa taslamalar üçin möhümdir. Kompaniýa eýýäm potensial müşderiler we düzgünleşdiriji edaralar bilen pikir alyşýar. Öz gezeginde Google we Amazon ýaly iri tehnologiýa kompaniýalary hem maglumat merkezlerini goldamak üçin şuňa meňzeş taslamalary göz öňünde tutýarlar. Şeýle-de, Microsoft hem maglumat merkezleri üçin ýadro çözgütlerine gyzyklanma bildirýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir