Madridiň “Realy” sosial ulgamlardaky ähli resmi akkauntlarynda 600 mln yzarlaýjy görkezijisine ýeten dünýäde ilkinji sport guramasy boldy. Bu barada klubuň metbugat gullugy Blinkfire analitik platformasyna salgylanyp habar berýär. “Real” 37 resmi akkaunty ýöretmek bilen, klubuň dürli ugurlaryny, şol sanda erkekler we zenanlar futbol toparlaryny, basketbol bölümçesini we “Santýago Bernabeu” stadionyny görkezýär. Mazmun ýedi dilde – ispan, iňlis, arap, fransuz, portugal, ýapon we hytaý dillerinde elýeterli. “Bu akkauntlar biziň guramamyza raýdaşlarymyza zerur bolan ýerinde we olara laýyk dilde maglumat we mazmun hödürlemäge mümkinçilik berýär. Klubuň agzalary we madridliler biziň audiowizual we interaktiw materiallarymyzdan lezzet alyp bilýärler” – diýip, beýanda aýdylýar. “Biz audiowizual we interaktiw materiallary hödürlemek arkaly jemgyýetimizi ýokary hilli mazmun bilen üpjün etmäge çalyşýarys” – diýlip, klubuň resmi beýanynda bellenilýär. Mundan başga-da, “Real” resmi saýtlara girip görmek boýunça-da iň meşhur futbol kluby adyny saklaýar. SimilarWeb kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, klubuň saýty yzygider sekizinji ýyl futbol klublarynyň arasynda girip görýänleriň sany boýunça lider bolmagynda galýar, saýta aýda ortaça 8,9 mln gezek girip görülýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir