"Google" kompaniýasy “Jarvis taslamasynyň" bir bölegi hökmünde “Chrome” brauzeri üçin emeli aň esasly wirtual kömekçi döredýär. “Jarvis” ulanyjylara web isleglerini dolandyrmaga kömek etmek üçin ekran suratlaryny we tekst buýruklaryny ulanar diýip, The Verge habar berýär. "Gemini" nerw ulgamynyň kämilleşdirilen görnüşine esaslanan täze emeli aň kömekçisi maglumat gözlemek, onlaýn söwda we bilet bronlamak ýaly gündelik işleri awtomatiki ýerine ýetirip biler. "Google" kompaniýasynyň bu emeli aň guralynyň diňe "Chrome" brauzerinde elýeterli bolmagyna garaşylýar. Häzirki wagtda haýyşlary işlemek üçin birnäçe sekunt gerek, ýöne geljekdäki özgertmeler jogabyň gözleg wagtyny gowulaşdyryp biler. "Google" mümkin bolan näsazlyklary ýok etmek üçin daşarky ulanyjylar bilen çäkli synag geçirmegi meýilleşdirýär. Emeli aň kömekçileriniň ösüşi iri IT kompaniýalarynyň arasynda tendensiýa öwrülýär. Microsoft “Copilot Vision-y" öňe sürýär, “Apple” we “OpenAI” hem şuňa meňzeş çözgütleriň üstünde işleýärler. "Google" kompaniýasy “Jarvis" wirtual kömekçisini dekabr aýynda köpçülige hödürlemegi meýilleşdirýär, ýöne entäk onuň takyk wagty üýtgäp biler diýip, 3dnews.ru ýazýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir