Täjigistanyň futbol boýunça ýetginjekler ýygyndysynyň (U17) ýarymgoragçysy Muhammad Nazriýew milli ýygyndylaryň bir oýnunda geçirilen gollar boýunça rekord goýdy. Täjigistanyň bu ýygyndysy 2025-nji ýyldaky Aziýanyň Kubogynyň saýlama ýaryşynyň öý oýnunda Guamyň toparyny 33:0 hasabynda utdy. 16 ýaşly Nazriýew 14 gol geçirdi we bu Halkara Futbol Federasiýasynyň (FIFA) howandarlygyndaky milli ýygyndylaryň oýunlarynda bir futbolçy üçin rekord görkezijidir. Şeýle-de, Nazrullo Aşuralizoda 6 gol geçirdi, Umed Jafoýew het-trik etdi, Haýdarşo Hudoýdodowyň, Parwiz Bobonazarowyň we Asadbek Mahtumowyň her biriniň hasabynda bolsa iki gol bar. Öňki rekord 2001-nji ýyldan bäri Amerikan Samoa toparynyň (33:0) derwezesine 13 gol girizen awstraliýaly Arçi Tompsona degişlidi. Şol oýunda halkara ýygyndylaryň oýunlarynda geçirilen gollaryň sany boýunça rekord goýuldy. Şeýlelikde, Täjigistanyň milli ýygyndysy saýlama ýaryşynyň netijesinde J toparçada birinji orny eýeläp, ýetginjekleriň arasynda Aziýa Kubogy-2025-iň final tapgyryna çykdy. Umuman, saýlama tapgyrynyň netijesinde 3 – 20-nji aprelde Saud Arabystanynda geçiriljek ýaryşyň final tapgyryna gatnaşjak 16 toparyň ählisi kesgitlendi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir