Xiaomi kompaniýasy SU7 Ultra elektrik giperkarynyň tapgyrlaýyn wersiýasyny resmi taýdan hödürledi. Prototipi tomusda görkezilen täze awtomobil indi 814 900 ýuan (takmynan, 114 200 dollar) baha bilen sargyt etmek üçin elýeterlidir. Üpjünçilige indiki ýylyň ýazynda başlamak meýilleşdirilýär. Car News China neşiriniň habar bermegine görä, tanyşdyryş dabarasynda kompaniýanyň esaslandyryjysy Leý Szýun SU7-niň kuwwatlylyk taýdan artykmaçlyga eýedigine garamazdan, Hytaýda 1 998 000 ýuan (280 müň dollar) bahadan hödürlenýän bäsdeşi Porsche Taycan Turbo GT-den ep-esli arzandygyny belledi. Modeliň kuwwaty 1548 at güýjüne deň, aýlanma pursaty – 1770 Nm, bu hem 1,98 sekuntda tizligi 100 km/sag çenli, 5,86 sekuntda 200 km/sag çenli artdyrmaga mümkinçilik berýär. Giperkar sagatda 350 km çenli tizlige ýetip bilýär. Ýakynda Nýurburgringde dört gapyly awtomobiller üçin rekord goýan Xiaomi prototipinden tapawutlylykda, tapgyrlaýyn SU7 Ultra doly karbon kuzowyna eýe bolmaz, bu hem awtomobiliň agramynyň artmagyna getirer. Suratlardan görnüşi ýaly, aerodinamiki elementler hem gaýtadan işlendi: bamperleriň ikisi-de käbir detallary ýitirdi, yzky ganat bolsa şekilini üýtgedip, has ykjam boldy. CATL kompaniýasyndan 93,7 kWt/sag sygymly Qilin 2.0 batareýasy bary-ýogy 11 minutda 10-dan 80%-e çenli zarýad alýar, bu hem SU7 Ultra-ny trek ulanylyşy üçin bäsdeşlige ukyply edýär. Tanyşdyrylyş gutarandan bary-ýogy 10 minut soň, kompaniýa SU7 Ultra üçin 3680 sargyt hasaba aldy. Öň, Goldman Sachs 2025-nji ýylda şeýle gipersedandan, takmynan, 4000 sanysynyň satyljakdygyny çaklapdy. Ýatlap geçsek, Xiaomi SU7 Ultra-nyň karbon prototipi Nýurburgring halkasyny 6 minut 46,874 sekuntda geçip, 1033 at güýji bolan Porsche Taycan Turbo GT-den (7 minut 7,55 sekunt) we 1914 at güýji bolan iki gapyly Rimac Nevera giperkaryndan (7 minut 5,298 sekunt) ep-esli öňe geçdi. Şol bir wagtyň özünde, jemgyýetçilik ýollarynda hereket etmek üçin rugsat berlen iň tiz awtomobil henizem 6 minut 29,09 sekunt netije bilen Mercedes-AMG One gibrididir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir