Emeli aň pudagynda öwrülişik döreden ChatGPT çat-boty bize eýýäm iki ýyl bäri tanyş. OpenAI kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanan bu çat-bot häzirki wagtda bütin dünýäde işjeň ulanylýar. Ol iňlis, rus, fransuz, nemes, hytaý, arap, türk we ispan ýaly ýigrimiden gowrak dillerde “gürleşip bilýär”. ChatGPT türkmen dilini bilýärmi? Hawa. Ýöne ol häzirlikçe biziň ene dilimizde kämil derejede işlemeýän hem bolsa, türkmen dilinde käbir maglumatlary bermäge synanyşýar. Aýdaly, türkmen dilinde ýazylan uly möçberli tekstiň ýa-da kitabyň gysgaça mazmunyny çykaryp bermeli. Bu ýagdaýda çat-bota degişli buýrugy ýazyp, teksti ýa-da kitabyň faýlyny ýükläp goýmaly. ChatGPT gysga wagtda bu işi ýerine ýetirip berer. Aslynda çat-bot tekstiň mazmunyny baýlaşdyrmaga, çylşyrymly, ylmy dilde ýazylan tekstleri çeperleşdirmäge, ýönekeý dile geçirmäge, teksti redaktirlemäge ýardam berýär. Köp sanly dilleri bilýän çatbot şol dillerden tekstleri, ýazgylary türkmen diline terjime hem edip bilýär. Eýsem, ChatGPT mugallymlar üçin nähili peýdaly bolup biler? Bu çat-bot mugallymlara okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny taýýarlamakda, gerekli maglumatlary tapmakda kömek edip bilýär. Şeýle hem mugallymlar belli bir tema boýunça okuwçylara beriljek soraglary taýýarlamakda we okuwçylaryň berýän soraglaryna düşündirişler bermekde çat-botdan peýdalanyp bilerler. Mundan başga-da, sapakda ulanyljak tablisalardyr görkezme esbaplary ChatGPT-ä taýynladyp bolar. Mysal üçin, türkmen dili mugallymy çekimli sesleriň toparlara bölünişi boýunça iň sada we düşnükli tablisany taýynladyp, ony sapakda ulanyp biler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir