Tuleýn uniwersitetiniň (ABŞ) aspirantlary Meksikanyň jeňňelliginden maýýa medeniýetiniň ýitip galan iri şäherini tapdylar. Aspirant Lýuk Old-Tomasyň sözlerine görä, ol internete girip oturan wagty lidar maglumatlaryna duş gelipdir. Ol BBC beren gürrüňinde: "Google gözleginiň 16-njy sahypasyndakam Meksikanyň daşky gurşawa gözegçilik edýän guramasy tarapyndan geçirilen lazer gözlegini tapdym" – diýip, aýdýar. Lidar tehnologiýasy karta döretmek üçin ýagtylyk impulslaryny ulanyp, ýerasty obýektleri howadan skanirlemäge mümkinçilik berýär. Old-Tomas maglumatlary gaýtadan işlänsoň, biziň eýýamymyzyň 750-850-nji ýyllarynda Maýýa medeniýetiniň gülläp ösen döwründe ilaty, megerem, 30-50 müň adam bolan uly şäheriň galyndylaryny kesgitledi. Golaýdaky ýalpak aýlagyň hormatyna Waleriana diýlip atlandyrylan ýiten şäher Kspudžil sebitindäki gara ýoluň golaýynda ýerleşýär. Bu ýerde eýýäm piramidalaryň, sport meýdançalarynyň, etraplary birleşdirýän kanallaryň, şeýle hem amfiteatrlaryň yzlary tapyldy. Professor Marçello Kanutonyň sözlerine görä, bu açyş tropiki ýerleriň “siwilizasiýalaryň ölen ýeri” diýen düşünjäni üýtgedip biler. "Tersine, bu ýerde çylşyrymly medeniýetler gülläp ösüpdir" – diýip, ol nygtady. Umuman, Old-Tomas we Kanuto jeňňeldäki üç dürli ýerde gözleg geçirdiler. Olar dürli ululykdaky 6764 binany tapdylar. Arheologlar şäheriň howanyň üýtgemegi sebäpli terk edilendigine ynanýarlar, ýöne takyk sebäpleri entek belli däl.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir