Hytaýyň Xpeng awtoulag öndürijisiniň golçur kärhanasy bolan Xpeng Aeroht kompaniýasy uçýan awtoulaglary köpçülikleýin öndürýän zawodyň gurluşygyna başlady. Ýyllyk öndürijilik kuwwaty 10 000 awtoulaga çenli bolar diýip meýilleşdirilýän zawod Guandun welaýatynyň Guançžou şäherinde gurulýar. Gurluşygy 2026-njy ýyla tamamlamak we yzygiderli önümçilige başlamak meýilleşdirilýär. Täze zawod Land Aircraft Carrier innowasion modeli üçin uçýan moduly öndürer. Kompaniýa bu taslamadan başga-da, iki orunlyk Xpeng X2 uçýan awtoulagyň üstünde işlemegini dowam etdirýär. Ulag hersiniň agramy 80 kilogramdan geçmeýän iki ýolagçyny göterip biler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir