Hindi senagatçysy Ratan Tata 91 million ýewro möçberindäki baýlygynyň esasy bölegini öz nemes owçarkasy Tito, şeýle hem aşpezine we baş hyzmatkärine miras galdyrdy. Daily Mail-iň habar bermegine görä, işewüriň soňky wesýeti öý haýwanyna çäksiz idegiň edilmegi boldy. Ratan Tata 9-njy oktýabrda Mumbaýdaky keselhanada 86 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Onuň çagasy ýokdy, işewür öýlenmek meselesine dört gezek çynlakaý çemeleşendigini boýun alan hem bolsa, hiç haçan öýlenmändir. Däbe görä, erkek dogany we öweý uýalary onuň mirasdüşeri bolmalydy, ýöne magnat baýlygyny halaýan öý haýwanyna we hyzmatçy işgärlerine geçirmegi makul bildi. Merhum millioneriň dosty Suhel Seth: "Bu baýlygyňy mazamlamak däl-de, eýsem öý haýwanlaryndan we iki kömekçisinden alan şatlygy hem-de aladasy üçin minnetdarlyk" – diýip, pikirini paýlaşdy. Tata 1937-nji ýylda Bombeýde dünýä indi. Arhitektor bolmagy arzuw edipdi, ABŞ-da işledi, ýöne Hindistana gaýdyp geldi we enesiniň haýyşy boýunça maşgala telekeçiligine goşuldy. TISCO-da (häzirki Tata ady bilen tanalýar) işlän döwründe domna peçleriniň ýanynda ussahanada işlemekden başlap, ägirt konglomeratyň baştutany bolmaklyga çenli uzak zähmet ýoluny geçdi. Onuň ýolbaşçylygynda Tata Group täsirini giňeldip, meşhur iňlis brendleri Jaguar bilen Land Rover-i satyn aldy. Häzirki wagtda ol kapitalizasiýa we girdeji boýunça Hindistanda iň iri senagat toparlaryndan biridir. Oňa aragatnaşyk we maglumat tehnologiýasy, maşyngurluşyk, materiallary öndürmek, hyzmatlar, energetika, halkyň sarp edýän azyk önümleri we himiýa pudaklaryndaky kompaniýalar girýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir