Eger size "adam maýmyndan geldi" diýýän bar bolsa bilip goýuň ol hakyky jahyl, sowatsyz adamdyr. Bilimiň gözünde adam maýmyndan geldi ýa-da palçykdan ýasaldy düşünjeleriniň ikisiniňem arasynda tapawut ýokdur. Bu mowzugy elimden geldigiçe sada düşündirjek bolaýyn;
Adamzadyň geçmişi millionlarça ýyla daýanýar. Ynsan jynsyna Homo diýilýär we häzirki modern ynsan Homo Sapien-dir. Häzirki tapyndylara görä Homo jynsynyň ilki görnüşleriniň biri Homo Habilis. Homo Habilis takmynan 2 million ýyl mundan ozal ýaşan Homo jynsydyr. Biziň, ýagny Homo Sapiensleriň başlangyç taryhy bolsa Afrikadaky fosil yzlara görä takmynan iki ýüz müň ýyl ozaldyr.
Ýokarda-da belleýişim ýaly ynsan Homo toparyna degişlidir ýöne guýrukly maýmynlar, şimpanzeler, gorillalar we şuňa meňzeşler Homo toparyna degişli däldir.
Onda " Adam maýmyndan geldi" pikiri nireden çykdy. Munyň birinji sebäbi ewolýusiýanyň işleýişini bilmezlik, ýagny sowatsyzlyk. Ikinji sebäbi bolsa bizdäki söz kemçiliginden diýip pikir edýärin. Sebäbi iňlis dilinde "Ape" we "Monkey" sözleri bar, türkmen diline ikisinem terjime etseň ikisem maýmyn bolýar. Aslynda monkeý=maýmyn dogry terjime, ape bolsa homo we maýmyn grupbasyna berilýän umumy at. Gysgaça fiziki sypatlary boýunça ape - maýmyn sypatlylar diýsegem bolýar.
Indi adam bilen maýmynlaň arasyny seljereliň: Ewolýusiýa teoriýasyna görä adam maýmyndan gelenok. Ýagny maýmyn ynsanyň atasy däl, olar bir atanyň nesli. Ýagny dogan oglan diýsegem bolýar. Bu aýdýanym siz üçin gülkünç ýa-da absurd görünip biler ýöne elimizdäki tapyndylar, fosiller we genetiki analizler şeýle diýýär. Şeýlelikde "adam maýmyndan geldi" pikiri çala eşidip çatma ýykanyňka meňzeýär.

Bilim, Panturkist tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir