Ewolusiýa nazarýetiniň ýalňyşdygy barada
Darwinizmiň ylmy çökgünligi
Bu taglymat taryhy gadymy Gresiýa baryp uzasada, ewolusiýa teoriýasy on dokuzynjy asra gelip giňden ösüp başlady. Ony dünýä ylmynyň iň gyzgyn mowzugyna öwren iň möhüm çeşme 1859-njy ýylda neşir edilen Çarlz Darwiniň ,,Görnüşleriň gelip çykyşy” atly kitabydy. Darwiniň pikirine görä, ähli diri jandarlaryň umumy bir arkasy bolup, wagtyň geçmegi bilen kiçi üýtgeşmeler netijesinde dürli dümen şekillere eýe bolan. Darwiniň teoriýasy anyk bir ylmy açyşa eýe däldi; onuň özüniň boýun alşy ýaly, bu ýönekeý bir ,,pikir”-di. Ondan daşary, Darwiniň özüniň ,,Teoriýadaky kynçylyklar” kitabynyň uly bir babynda, bu teoriýa köpläp soraglara jogap bermekde ejizdigi agzalyp geçilýär.
Darwin bar ünsüni täze ylmy açyşlara berdi we bu açyşlar käbir kynçylyklary ýeňmekde kömek eder diýip oýlady.
Birinji kynçylyk: ýaşaýşyň peýda bolmagy.
Ewolýusiýa teoriýasy mundan takmynan 3,8 milliard ýyl ozal Ýer ýüzinde peýda bolan ýalňyz birje janly öýjükden ähli janly görnüşleriň gelip çykandygyny takmyn edýär. Ýalňyz bir öýjük nädip millionlap çylşyrymly janly görnüşleri getirip çykarmagy mümkindigi, eger şeýle Ewolýusiýa bolan bolsa, näme üçin onuň yzlary gazylyp alnan haýwan galyndylaryndа ýüze çykarylmandygy ýaly käbir soraglara bu teoriýa jogap berip bilenok. Şeýle bolsa-dа, ilki bilen, biziň şeýleräk sorag bermegimiz orunlydyr: Şol «birinji öýjügiň » özi nädip emele gelen? Ewolusiýa teoriýasyna görä şol ,,birinji öýjük” tebigat kanunlarnyň kömeginde tötänleýin jansyz materiýadan emele gelipdir.
«Ýaşaýyş ýaşaýyşdan gelip çykýar»
Özüniň kitabynda Darwin Ýaşaýyşyň peýda boluşy meselesinde durup geçmedik. Onuň döwründäki ylmyň ilkinji düşünjeleri diri jandarlar örän sada bir düzülişe eýe ekendigi hakyndaky takmynга esaslanypdy. Orta asyrlarda giňden ýaýran «öz-özidan peýda bolmak» atly teoriýa görä wakalaryň bir-birinden tötänleýin dogry gelip galmagy bilen birleşen jansyz organizmler diri organizmi ýüze çykaran, diýip hasaplanylardy. Mör-möjekler nahar galyndylaryndan, syçanlar bolsa bugdaýdan peýda bolan, diýen takmyn adaty kabul edilýärdi. bu teoriýany subut etmek üçin täsin tejribeler geçirilýärdi. Kirli bir mataň üstüne bir az bugdaý goýuldy we biraz wagtdan syçanlar peýda bolýar, diýip takmyn edildi.
Şoňa meňzeş, porsan etde gurçuklaryň peýda bolmagy hem öz-özinden peýda bolyş hadysasyndan bir delil, diýip takmyn edilýärdi. Emma soňra gurçuklar etde öz-özinden peýda bolmadygydygy, belki olar siňekler tarapyndan göze görünmez liçinkalar şekilinde daşalyp getirilendigi mälim boldy.
Darwin öziniň «Görnüşleriň gelip çykyşy» atly kitabyny ýazan wagtda, bakteriýanyň jansyz materiýadan emele gelen bolmagy mümkindigi hakyndaky garaýyş ylym äleminde giňden kabul edilipdi.
Ýöne Darwiniň kitaby çykarylandan bäş ýyl geçensoň, Lui Paster uzak gözlegler we tejribelerden soň, öz netijelerini yglan etdi. Bu netijeler Darwin teoriýasynyň özeni bolan öz-özinden peýda bolyş dogrysyndaky hyýalynyň nädogrydygyny subut etdi. 1864-nji ýyldа Sorbonnadaky çykyşynda Paster şeýle diýipdi «Öz-özinden peýda bolanlyk hakyndaky taglymat bu ýönekeý tejribäniň aýylganç urgusyndan soň hiç wagt özüne gelip bilmez.» (Sidneý Foks, Klaus Dous, Molecular Evolution and The Origin of Life (Molekulýar ewolýusiýa we ýaşaýşyň peýda bolmagy), W. H. Freeman and Company, San Fransisko, 1972, 4.)
Uzak wagtlap Ewolýusiýa teoriýasynyň tarapdarlary bu garaşylmadyk täzelige garşylyk görkezip geldiler. Ýöne ylmy ösüşler diri jandarlar öýjüginiň çylşyrymly düzülişe eýe ekendigine aýdyňlyk girizensoň, ýaşaýyşyň tötänleýin emele gelen bolmagy mümkindigi hakyndaky pikir örän kyn ýagdaýda galdy
Ýigriminji asyryň şowsuz synanşyklary
Ýigriminji asyrda ýaşaýyşyň peýda bolmagy temasyny dowam etdiren birinji ewolusýonist, görnükli rus biology Aleksandr Oparin boldy. 1930-njy ýyllarda öňe süren dürli tezisleri bilen ol janly öýjügiň tötänleýin peýda bolmagy mümkindigini subut etmäge hereket etdi. Emma bu gözlegler şowsuzlyga uçrady we Oparin aşakdaky ýaly beýan etmäge mejbur boldy:
Gynansakda, öýjügiň gelip çykyş meselesi ähtimal organizmlar, Ewolýusiýasy üstünde alnyp barylan ähli gözleglerdäki iň garaňky nokatdyr. (Aleksandr I. Oparin, Origin of Life (Ýaşaýşyň peýda bolmagy), Dover Publications, New York, 1936, 1953 (gaýta neşiri), 196)
Оpariniň ewolýusionist yzdaşlary bu meseläni çözmek üçin birnäçe tejribeleri geçirip gördüler. Iň meşhur tejribe 1953-nji ýyldа аme3rikaly himik Stenli Miller tarapyndan amala aşyryldy. Miller başlangyç Ýer atmosferasynda peýda bolan bolmagy mümkin, diýip oýlan gazlaryny tejribe enjamynda garyşdyryp hem-de garynda energiýa goşup, uglewodlar strukturasynda bar bolan bir näçe organik molekulalar (аminokislotalary) sintezledi.
Şol ýyllar Ewolýusiýa şanyna goýulan möhüm bir ädim hökmünde tanyşdyrylan bu tejribe bir näçe ýyldan soň essasyz diýip tapyldy, çünki tejribede ulanylan atmosfera hakyky ýer şertlerinden örän uly tapawut edýärdi. («New Evidence on Evolution of Early Atmosphere and Life» (Ýer atmosferasy we ýaşaýyşyň ewolýusiýasy hususynda täze delliler), Bulletin of the American Meteorological Society, 63-jild, noýabr, 1982, 1328-1330.)
Uzak dymyşlykdan soň, Miller özi ulanan atmosfera şertleri hakyky däldigini yglan etdi. (Stenli Miller, Molecular Evolution of Life: Current Status of the Prebiotic Synthesis of Small Molecules (Ýaşaýşyň molekulýar ewolýusiýasy: kiçi molekulalaryň biologiýa çenli bolan sinteziniň häzirki ýagdaýy), 1986, 7.)
Bütin ýigriminji asyr dowamynda ýaşaýyşyň gelip çykyşyny düşündirmek üçin ähli ewolýusiýonistleriň eden synanşyklary şowsuzlyk bilen gutardy. San-Diego Spripps instituty geohimigi Jeffri Bada 1998-nji ýyldа Earth (Ýer) atly žurnalda çap edilen makalada bu hakykaty şeýle beýan edýär:
Bügün ýigriminji asyry yzda galdyrýarkak, biz henizem ýigriminji asyra ädim ädenimizde bar bolan iň uly çözülmedik meseläniň garşysynda durys: ýerde ýaşaýyş nädip peýda bolan? (Jeffri Bada, Earth (Ýer), fewral 1998, 40.)
Ýaşaýyşyň çylşyrymly düzülişi
Ýaşaýyşyň peýda bolmagy hususyndaky Ewolýusiýa teoriýasynyň beýle agyr ýagdaýa düşmegine esasy sebäp, hat-da iň sada hasaplanan janly organizmler hem аkyl almaz derejede çylşyrymly düzülişe eýe ekenligindedir. Diri jandaryň öýjügi adam eli bilen döredilen her dürli tehnologik önümlerden çylşyrymlyrakdyr. Bügünki günde hat-da dünýäniň iň ösen laboratoriýalarynda hem, organiki himiki maddalary birleşdirmek arkaly islendik bir diri öýjügi ýaradyp bolmaýar. Bir öýjügiň peýda bolmagy üçin talap edilýän şertleriň mukdary şeýlebir köp, ony ýönekeýje edip: ,,Tötänlikler arkaly” diýip düşündirmek asla mümkin däl. Öýjügiň sttuktura elementleri bolan uglewodlaryň tötänleýin görnüşde sintezlemek ähtimallygy 500 aminokislotalardan düzülen uglewod üçin 10950 dan 1-dir. Matematikada 1050 den 1 kiçi ähtimallyk аmaly taýdan «asla mümkin däl» hasaplanýar.
Öýjügiň ýadrosynda ýerleşen we ähli genetik maglumatlary saklaýan DNK molekulasy akyl almaz derejedäki maglumatlar kitaphanasydyr. Eger DNK-da kodlanan maglumatlar kagyza geçirilende bolsa, ol her biri 500 sahypadan ybarat keminde 900 jildi ensiklopediýa kitaphanasy bolardy. Şu ýagdaýda örän gyzykly bir ikirjiňlendiriji ýagdaý ýüze çykýar: DNK özüniň edil öz nusgasyny diňeje käbir mahsuslaşdyrylan fermentleriň kömeginde işläp çykarmagy mümkin. Emma bu fermentleriň sintezi diňe DNK-daky kodlanan maglumatlar arkaly аmala aşmagy mümkin. Olaryň ikisi hem bir-birine bagly bolandygy sebäpli, edil nusga işläp çykylmagy üçin olar bir wagtyň özünde bolmagy şert. Bu bolsa ýaşaýyş öz-özinden peýda bolan, diýen takmyny çykalgasyz dört diwara gabap goýýar. Kaliforniýadaky San-Diego uniwerstitetinde işleýän görnükli ewolýusiýonist, Professor Lesli Orgel bu hakykaty Scientific American atly Amerikan ylmy žurnalynyň 1994-nji ýylky sanynda şeýle beýan edýär:
Düzüliş tarapdan örän çylşyrymly bolan uglewodlar we nuklein kislotalar (RNK we DNK)nyň her ikisi bir wagtyň özünde birje ýerde öz-özinden peýda bolandygyny akyla sygdyrmak juda kyn. Emma olaryň biri beýlekisisiz bolmagy hem mümkin däl. Şeýle bolsa bir seredende, ýaşaýyş aslynda hiç haçan himiki ýollar bilen peýda bolmadyk, diýen pikire gelmek mümkin. (Lesli E. Оrgel, «The Origin of Life on Earth» (Ýerde ýaşaýşyň peýda bolmagy), Scientific American, 271-jilt, oktýabr, 1994, 78)
Şübhesiz eger tebigy şertler täsiri astynda ýaşaýşyň peýda bolmagy mümkin bolmasa, onda ýaşaýşyň adatdan daşary bir ýol bilen «ýaradylan»dygynyň boýun alynmasy gerek. Bu hakykat esasy maksady ,,ýaradylyşy” ret etmek bolan Ewolýusiýa teoriýasyny äşgär ýagdaýda puja çykarýar.
Ewolýusiýanyň hyýaly mehanizmleri
Darwiniň teoriýasyни iňkär edýän ikinji möhüm nokat, teoriýa arkaly «ewolýusiýon mehanizmler» diýip öňe sürülen her iki düşünje hakykatda hiç hili ewolýusiýon güýje eýe däldigi anyklanyldy. Darwin özüniň esassyz ewolýusiýasyny bütinleý «tebigy seçgi» mehanizmine baglady. Onuň bu mehanizmа beren ähmiýeti onuň kitabynyň adyndan hem göze ilip dur: Tebigy seçgi kömeginde görnüşleriň gelip çykyşy, ...
Tebigy seçgi diýlende, güýçliräk bolan we öz mekanlarynyň tebigy şertlerine köpräk maslaşan diri jandarlaryň ýaşaýyş üçin göreşde aman galmagyna düşünilýar. Mysal üçin, ýyrtyjy haýwanlaryň hüjüm howpy astynda ýaşaýan sugunlar sürüsi arasynda tizräk ylgap bilýän sugunlar aman galýar. Şol sebäpden, sugunlar sürüsi tizräk we güýçliräk indiwidumlardan düzülendir. Emma, şek-şübhesiz, bu mehanizm sugunlaryň Ewolýusiýa geçirmegine özlerini haýwanlaryň başga görnüşlerine, meselem atlara öwrülmegine sebäp bolup bilmeýär. Şol sebäpden hem, tebigy seçgi mehanizmi hiç hili ewolýusion güýje eýe däl. Darwiniň özi hem bu hakykatdan habardardy we özüniň «Görnüşleriň gelip çykyşy» atly kitabynda muny şeýle beýan edýär:
Peýdaly indiwidual tapawutlar ýa-da üýtgeşmeler bolup geçmese tebigy seçgi hiç güýje eýe däl. (Çarlz Darwin, The Origin of Species by Means of Natural Selection, The Modern Library (Tebigy seçgi kömeginde görnüşleriň gelip çykyşy, Modern Kitaphana), Nýu Ýork, 127.)
Lamarkyň täsiri
Darwin hem şoňa meňzeş mysallar getiren. Meselem, «Görnüşleriň gelip çykyşy» atly kitabyndа onuň beýan etmegine görä, iýmit yzarlap suwa çümen käbir aýylar wagtyň geçmegi bilen kitlere öwrülen. (The Origin of Species: A Facsimile of the First Edition. Harvard University Press, 1964, 184.)
Ýöne Gregor Mendel (1822-1884) tarapyndan açylan we ýigriminji asyr genetika ylmy tassyklan genetik kanunlary artdyrylyan hususyýetler beýleki nesillere geçýändigi dogrysyndaky rowaýaty bütinleý çökertýär. Şeýdip, tebigy seçgi ewolýusiýon bir mehanizm hökmünde öz gadryny ýitirdi.
Neodarwinizm we mutasiýalar
Darwinistler meseläni çözmek üçin 1930-njy ýyllaryň ahyrlarynda «Modern sintetik teoriýa» ýa-da köpräk Neodarwinizm ady bilen mälim bolan pikiri öňe sürdüler. Neodarwinizm tebigy seçgä goşmaça edip: «peýdaly üýtgeşmeler sebäbi» bolan mutasiýalary, ýagny jandarlaryň genlerinde radiasiýa ýaly daşky täsirler ýa-da köpelmekdäki ýalňyşlyklar netijesinde şekillenen bozulmalary hem öz içine alýar.
Bügünki günde bütin dünýäde Ewolýusiýany goraýan model Neodarwinizmdir. Бу teoriýa ýer ýüzindäki millionlap jandarlar, bu organizmlaryň köp çylşyrymly оrganlary (meselem, gulaklar, gözler, öýken we ganatlar) «mutasiýalar», ýagny genetik bozulmalary başdan geçiriş prossesi netijesinde şekillenen, diýen takmyny orta taşlaýar Emma bu teoriýany güýçsizlendirýän açyk bir ylmy hakykat bar: mutasiýalаr jandarlaryň ösüşine sebäp bolmaýar, tersine, olar hemişe jandarlara zyýan ýetirýär.
Munuň sebäbi örän ýönekeý: DNK örän çylşyrymly düzülişe eýe we her dürli tötänleýin täsir oňa zyýan ýetirmegi mümkin. Amerikaly genetik B. G. Ranganasan muny şeýle düşündirýär:
Birnjiden, hakyky mutasiýalаr tebigatda kem-den kem ýagdaýda duşýar. Ikinjiden, genleriň strukturasyndaky özgerişler tertipli däl, tersine tötänleýin bolany üçin köp mutasiýalar zyýanlydyr; örän tertipli ulgamdaky her dürli tötänleýin özgerişler gowulyga däl, belki ýamanlyga tarap bolýar. Mysal üçin, eger ýer titremesi islendik bir binanyň örän tertip bilen bilen gurylan strukturasyny lerzana getirse, bu binanyň konstruksiýasyna ähtimal düzedip bolmaz tötänleýin özgeriş emele getirerdi. (Б. Г. Ранганасан, Origins? (Gelip çykyşlar?), Пенсильвания: The Banner of Truth Trust, 1988, 7)
Gynansakda, şu güne çenli peýdaly bolan, ýagny organizmdäki genetik maglumatlary ösdüren hiçbir mutasion delil ýok. Ähli mutasiýalaryň zyýanlydygy subut edilen. «Ewolýusiýon mehanizm», diýip tanyşdyrylan mutasiýaлар aslynda jandarlara zyýan ýetirýän we olary ýarawsyz, maýyp edip goýýan genetik bir ýagdaýdygy anyklanyldy. (Adamda mutasiýanyň iň köp duş gelýän netijesi rak keselidir.) Elbetde, bozujy bir mehanizm «ewolýusiýon mehanizm» bolup bilmeýär. Tebigy seçgi bolsa, Darwiniň özi hem aýdyşy ýaly, «özüçe hiç zat edip bilmeýär». Bu hakykat tebigatda bizlere «ewolýusiýon mehanizm»iň aslynda ýokdygyny görkezdi. Umuman ewolýusiýon mehanizm aslynda ýok eke, onda «Ewolýusiýa» diýilýän hyýaly prosesiň bolup geçendigi hem mümkin däl.
Gazylma haýwan galyndylary: aralyk şekillerden eser ýok
Ewolýusiýa teoriýasy tarapyndan takmyn edilen ssenariýniň bolup geçmedigine ýeketäk delil gazylyp alnan haýwan galyndylarydyr. Ewolýusiýa teoriýasynа görä, her bir janly görnüş öz geçmişdeşinden emele gelen. Ilki bilen peýda bolan görnüşler wagt geçmegi bilen başga şekle giren we şeýlelikde ähli görnüşler peýda bolan. Başgaça edip aýdanda, bu tranformasiýa, ýagny bir şekilden başga täze şekile öwrülmek prosesi millionlap ýyllar dowamynda assa-ýuwaş bolup geçen.
Eger şeýle bolsa, bu transformasiýon döwür içinde birnäçe aralyk görnüşler peýda bolan we ýaşap geçen bolmagy gerekli. Meselem, geçmişde ýarym balyk-ýarym süýrenijiler ýaşap geçen bolmagy, ýagny olar özündäki balyklyk häsiýetine goşmaça, süýrenjilik häsiýetini artdyran bolmagy gerek. Ýa-da bolmasa, özündäki süýrenjilik hususyýetine goşmaça käbir guşçulyk hususyýetini artdyran käbir süýreniji guşlar bolan bolmagy gerek. Olar geçiş tapgyrynda ýaşandygy sebäbli, ýarawsyz, gusurly jandarlar bolmagy gerek. Geçmişde ýaşap geçen, diýip ynanylan bu teorik jandarlary ewolýusiýonistler «geçiş döwrüniň aralyk şekilleri» diýýärler. Eger şeýle haýwanlаr geçmişde ýaşan bolsalar, olar san we görnüş tarapdan millionlap, hat-da milliardlap bolmagy hökmandy. Mundan hem möhümrägi, bu täsin jandarlaryň galyndylary аrheologik we paleontologik gazylyp alnyşlarda tapylyp alynmalydy. Darwin «Görnüşleriň gelip çykyşy» kitabynda şeýle düşündiriş berýär:
Eger meniň teoriýam dogry bolsa, bir topardaky görnüşleriň ählisini biri-birine baglaýan sanawsyz geçiş döwrüniň aralyk görnüşlerи şübhesiz ýaşap geçen bolmaly... Şeýle bolsa, olaryň ozal ýaşandyklarynyň delili diňeje gazylyp alnan haýwan galyndylary arasyndan tapylmagy mümkin. (The Origin of Species: A Facsimile of the First Edition. Harvard University Press, 1964, 179)
Darwiniň puç umytlary
On dokuzynjy asyryň ortalaryndan bäri ewolýusiýonistler bütin dünýäden haýwan galyndylaryny tapmaga ymykly girişen bolsalarda, henize çenli aralyk görnüşler tapylmady. Ähli haýwan galyndylary, ewolýusiýonistleriň umytlaryna garşy ýaly, ýaşaýşyň ýer ýüzinde tötänden we kemçiliksiz bir biçimde peýda bolandygyny tassyklaýa. Meşhur iňlis paleontology Derek W. Eýjer, hat-da ewolýusiýonist bolsa hem, bu hakykaty şeýle beýan edýär:
Eger gazylyp alnan haýwan galyndylaryny görnüşler ýa synplar derejesinde bolsun, doly öwrenip çyksak, biz gaýta-gaýta tapgyrma-tapgyr Ewolýusiýaга dälde, belki bir toparyň başgasy ornyna tötänden partlap çykandygyna duş gelýäris. (Дерек A. Aжeр, «The Nature of the Fossil Record» (gazylyp alnan haýwan galyndylarynyň tebigaty), Proceedings of the British Geological Association, 87-jilt, 1976, 133.)
Bu şuny aňladýar, gazylyp alnan haýwan galyndylary ähli janly görnüşler kämil şekillenen halda, hiç hili aralyk şekillersiz tötänden peýda bolandygyna şaýatlyk edýär. Bu Darwin takmynlarynyň bütinleý tersidir. Şonuň ýaly, bu janly görnüşleriň ýaradylandygyny görkezýän juda güýçli delil hemdir. Janly görnüşleriň hiç hili ewolýusiýon ata-babalarysyz, tötänden we her bir detalyna çenli kämil halda peýda bolandygyna berilişi mümkin bolan ýeketäk düşündiriş, bu olaryň ýaradylandygydyr. Bu iňkär edip bolmaz hakykat: juda görnükli ewolýusiýonist biolog Duglas Fotuýma tarapyndan hem şeýle beýan edilýär:
Ýaradylyş we Ewolýusiýa – jandarlaryň gelip çykyşy hakynda berilişi mümkin bolan düşündirişler olaryň ikisiniň ortasynda heläk. Organizmler ýa ýer ýüzinde doly ösen şekilde peýda bolan, ýa-da beýle däl. Eger beýle bolmasa, olar ilki peýda bolan görnüşlerdan, käbir özgerişleri basyp geçiş arkaly ösen bolmaklary gerek. Eger olar doly ösen bir şekilde peýda bolan bolsa, o halda olar çyndan hem çäksiz güýç eýesi bolan bir akyl eýesi tarapyndan ýaradylandyr. (Дуглас Ж. Фoтуйма, Science on Trial (synagdaky ylym), Pantheon Books, Нью-Йорк, 1983. 197.)
Haýwan galyndylary jandarlaryň doly ösen we kämil bir halatda ýer ýüzinde peýda bolandygyny görkezýär.
Adamzat Ewolýusiýasy hakyndaky erteki
Ewolýusiýa teoriýasy tarapdarlary tarapyndan iň köp çekeleşilýän tema adamyň gelip çykyşy temasydyr. Bu temadaky Darwinçileriň dawsy häzirkizaman adamyň maýmynpisint jandarlardan peýda bolandygyny esas edip alan. 4-5 million ýyl ozal, diýip esasyz takmyn edilen bu ewolýusiýon proses dowamynda, häzirkizaman adam we onuň ata-babalarynyň «geçiş döwri şekilleri» bar bolan, diýlip takmyn edilýär. Bütinleý hyýaly bolan bu ssenariýa görä, tört esasy «taýpa» sanalyp geçilýär:
1. Australopithecus
2. Homo habilis
3. Homo erectus
4. Homo sapiens
Ewolýusiýonistler adamyň ilkinji maýmynpisint atasyny «günortaly maýmyn» manysyny aňladýan Australopithecus ady bilen atlandyrdylar. Bu jandarlar ýok bolup giden gadymy maýmynyň bir görnüşinden başga hiç zat däl. Angliýa we ABŞ-ly Lord Solli Zukerman we professor Çarlz Оksnard iki dünýä meşhur anatomistler tarapyndan dürli Australopithecus galyndylary üstünde alnyp barylan uly göwrümli barlaglar bu maýmynlar ýitip giden maýmyn görnüşlerine degişli we olaryň adamlara hiç hili meňzeş tarapynyň ýokdygyny görkezdi. (Солли Зукерман, Beyond The Ivory Tower (Pil süňki minarasyndan daşarda), Toplinger Publications, Нью- Йорк, 1970, 75-14; Чарлз Э. Oкснард, «The Place of Australopithecines in Human Evolution: Grounds for Doubt» (Adam ewolýusiýasynda Australopithecines-iň orny: şübhelenmäge esaslar), Nature, 258-jilt, 389.)
Ewolýusiýonistler adam Ewolýusiýasynyň indiki tapgyryny «homo», ýagny «adam» diýip atlandyrýarlar. Olaryň dawasyna görä, Homo seriasyndaky jandarlar Australopithecusа seredende biraz ösen. Ewolýusiýonistler bu jandarlaryň dürli galyndylaryny mälim bir tertipde yzma-yz ýerleşdirmek arkaly hyýaly bir Ewolýusiýa shemasyny düzdiler. Bu shema hyýalydyr, çünki bu görnüşli synplar ortasynda ewolýusiýon baglylyk bardygy hiç wagt subut edilmedik. Ýigriminji asyryň möhüm ewolýusiýonistlerinden biri bolan Ernst Maýr özüniň One Long Argument atly kitabyndа «Ýaşaýşyň ýa-da Homo sapiens-iň gelip çykyşy ýaly taryhy syrlar örän çylşyrymlydyr we hat-da soňky, kanagatlanarly düşündirişlere hem duruşy mümkin», diýip belleýär. («Could science be brought to an end by scientists’ belief that they have final answers or by society’s reluctanceto pay the bills?» Scientific American, dekabr 1992, 20)
Baglaýjy zynjyry Australopithecus > Homo habilis > Homo erectus > Homo sapiens görnüşinde beýan etmek bilen ewolýusiýonistler бу görnüşleriň her biri bir-biriniň neslidigini nazarda tutýar. Ýöne paleontologlaryň soňky açyşlary Australopithecus > Homo habilis we Homo erectus bir wagtda dünýäniň dürli böleklerinde ýaşandygyny äşgär etdi. (Алан Уолкер, Science, 207-jilt, 7 мaрт 1980, 1103; A. J. Kelso, Physical Antropology (Tebigy antropologiýa), 1-нашр, J. B. Lipincott Co. , Нью-Йорк, 1970, 221; M. Д. Ликей, Olduvai Gorge, 3-жилд, Cambridge University Press, Кэмбриж, 1971, 272.)
Mundan daşary, adamlaryň Homo erectus diýip bellenen mälim bir bogyny häzirki zamanlara çenli ýaşap geçipdir. Homo sapiens neandarthalensis we Homo sapiens (замонави adam) bir wagtyň özünde bir ýerde ýaşapdyr. (Жеффри Клугер, «Not So Extinct After All: The Primitive Homo Erectus May Have Survived Long Enough To Coexist With Modern Humans» (Bütinleý ýitip gitmedik: Başlangyç Homo Erectus Modern adamlar bilen bir wagtda ýaşamak üçin uzak wagtlardan bäri jan saklap gelen), Time, 23 декабрь, 1996)
Bu ýagdaý, elbetde, olar biri-biriniň nesli bolan, diýen dawanyň esassyzdygyny görkezýär. Garward Uniwerstitetinde işleýän Stefan Jeý Gould, özüniň ewolýusiýonist bolmagynа seretmän, Ewolýusiýa teoriýasynyň bu agyr ýagdaýyny aşakdaky ýaly beýan edýär:
Eger biri-biri bilen parallel bir şekilde ýaşan üç hili gominid biri-biriniň şejereleri bolsa, aslynda olaryň biri-birinden gelip çykmadygyny aňladýar. Beýle bolsa biziň şejerämize näme boldy? Mundan daşary bu üçüsiniň hiç haýsysy özleriniň ýer ýüzindäki ýaşaýşy dowamynda hiç hili ewolýusiýon maýyllygy görkezmediler. (С. Ж. Гоулд, Natural History, 85, 1976, 30.)
Gysgasy, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we okuw kitaplarynda ýer alan käbir hyýaly «ýarym maýmyn-ýarym adam» jandarlaryň dürli suratlary bilen, ýagny açyk-aýdyň aýdaňda, propaganda hökmünde «goldanylýan» adam Ewolýusiýasynyň ssenariýsi ylmy esasa eýe bolmadyk ertekiden başga hiç zat däl. Bu temada ýyllap barlaglar geçiren we Australopithecus galyndylaryny 15 ýyllаp öwrenen Beýik Britaniýadaky iň meşhur görnükli alymlaryndan biri Lord Solli Zukerman, özüniň ewolýusiýonist bolmagyna seretmezdeden, ahyryn, maýmynpisint jandarlaryň adama öwrülşini görkezýän şejere aslynda ýok, diýen netijä geldi.
Zukerman, şonuň ýaly, täsin bir «ylymlar spektrini» hem döretdi. Ol ylmy diýip oýlan ugurlardan başlap ylmy däl diýip oýlan ugurlara çenli olary bu spektrde görkezdi. Zukermanyň bu spektrine görä, ylmyň iň ylmy ugurlary matematika we fizikadyr. Olardan soň biologik ylymlar we soňra köpçülikleýin ugurlar girýär. Spektriň iň «ylmy däl», diýip hasaplanan soňky böleginde bolsa, Zukermanyň pikirine görä, Telepatiýa we altynjy duýgy «güýçli duýmak ukyplary» düşünjeleri we iň soňunda «adam Ewolýusiýasy» ýer alýar. Zukerman özüniň beýle pikirini şeýle düşündirýär:
Soňra obýektiw hakykatdan çykyp, güýçli duýmak ukyplary ýa-da adamyň süňk galyndylary taryhyny düşündirip bermek ýaly biologik ylym diýip hasaplanmyş ugurlara girenimizde, Ewolýusiýa teoriýasynа sadyk kimse üçin zat mümkin bolmagyny we (Ewolýusiýa) ak ýürekden sadyk kimseler käwagt bir wagtyň özünde birnäçe gapma-garşy pikirlere ynanyp biljegini görýäris. (Solli Zukerman, Beyond The Ivory Tower (Pil süňki minarasyndann daşarda), 19.)
Adam Ewolýusiýasy ertekisi öz teoriýasynа köre-körlük sadyk bolan bir hatar adamlar tarapyndan gazylyp alnan käbir haýwan galyndylaryna berilen takmyny düşündirişlerden ybaratdyr.
Ewolýusiýa teoriýasynyň ýalňyşdygy
-
Khanture
3 years ago
- :)))
-
yashalym
3 years ago
- Khanture barmyn sen?
-
Khanture
3 years ago
- elbetde
-
yashalym
3 years ago
- Nira yitdin
-
Khanture
3 years ago
- hic yere yitomok.
-
yashalym
3 years ago
- Bolyar uzyn edip yazypsyn doly okamaga yaltandym mena)
-
Khanture
3 years ago
- hm boliada bosh wagtyn okarsyn
-
yashalym
3 years ago
- Okanyma deger dami?
-
Khanture
3 years ago
- ona garantiam yok
-
Khanture
3 years ago
- yogsada sen haysy yashalym? o gijesi bilen yazshyp otranymyzmy?
-
Tiko
3 years ago
- Ýitdiň gitdiňle barmyň sen
Adyň Baýram dymy
-
Khanture
3 years ago
- howwa Tiko
-
Nazarhann
3 years ago
- KELLAN ETINE ******* :)
-
Khanture
3 years ago
- :)))
-
yashalym
3 years ago
- Ýer tekiz diydiñ, ewolýusiýa ýalñysh diydiñ senem tapyanay khanture
-
Khanture
3 years ago
- yashalym men tapyanda shony :)
-
Гость
3 years ago
- Ewolýusiýaň ýalňyşdygy,Ç.Darwiniň teoriýasynyň boş bir zatdygyna düşünmek üçin azajyk pikirlenip görmek ýeterlik dälmi...
-
Khanture
3 years ago
- @Gost dusunmek islemeyarler...
-
Khanture
3 years ago
- wiy pikirlenmek islemeyarler... :))
-
Гость
3 years ago
- Hiç bir zadyň özünden özi döremejegine düşünmek üçin pikirlenmegem hökman dälä
-
Khanture
3 years ago
- @Gost :)))
-
TM.
3 years ago
- 😂😂😂😂sizin barynyz akylla.yera tekiz,ewolyusiyada yok.Gulkim tutyar....Adamlañ shunca yyllyk azabyny 1ja mowzukda biderek edip bilyaninize😏
-
TM.
3 years ago
- Gost,Khanture paleontologmy siz?shony aydayynda!yada ekolog?
-
Khanture
3 years ago
- a sen kim TM? men paleontolog bolamda ýa bolmamsa saňa nä?
-
TM.
3 years ago
- Shu zatlary ylmy taydan owrenyan kisi men.Molodeslay.Diyeninizi tutdyberiñ.Shu temada 2x2=5 diysenizem zat diyjek dal indi
-
Khanture
3 years ago
- 2+2+5 edyan aslynda siz ahyryn. ewoolýusiýa diýip :)
-
Nazarhann
3 years ago
- KHANTURE SEN YALYLARA YALNYS MAGLUMAT BERYANDIKLERI UN ÖLÜM JEZASY BERYARLER. BIZDE SHO YOK, GATY GYNANYAN :(
-
Khanture
3 years ago
- :((
-
yashalym
3 years ago
- Khanture
Sena hakyky cuma ekenyney akyllysyran bolup suzatlan kimi gyzyklandrya?
-
yashalym
3 years ago
- Birinden bir zat eşidip dogry, bashga birinden bir zat eşidip yalan diyip oturmanda. Ylymynyz biliminiz yalan ya dogry diyjek derejede guychli bolsa ozuniz subutnamalar doredin.
-
Khanture
3 years ago
- @yasalym ok :)))
-
yashalym
3 years ago
- Khanture :)) ok garashyan
-
Khanture
3 years ago
- nama garashyan? :)))
-
Nazarhann
3 years ago
- KHANTURE MAL PASAN OLAR YLYM TAYDAN SUBUT EDILEN ZATLAR SEN AYTYAN ZATLAN IKI SAYTDA BOSH KELLELI ADAMLARA DUSUNDIRJEK BOLYAN AKYLA ZYYAN MOWZUKLAR. KIRLI PASAN GOYAY ADAMLARY ALDAMANY
-
Nazarhann
3 years ago
- AKYLLANAYOU DETSKIY GYZYN SKEYN CAGASY ULLAKAN ADAM OZUNEM 😀
-
Nazarhann
3 years ago
- BIR ZAT DIYSENEM OZUNI EYNSTEYNDIR OYDENOK BOKLY SUBUTNAMA BOS KELLANDEN DOREDEN BOS PIKIRLEN BN AKYL OWRETJEK BOLIANLAI :)
-
Nazarhann
3 years ago
- SIKDIRDE BIR UNIWERSITETE YADA YLYM BOLUMLERINE GIT WE AYT SHU AKLA ZYYAN MOWZUGYNY, SIKIP ZYNYP GOYBERYALER SEN YALYNY
-
Nazarhann
3 years ago
- SEN SIKE CYRSAYMALY BOK KELLAN BARA, B.E ÖNKI 2000-NJI YYLLARDA GEZIP YOR
-
yashalym
3 years ago
- Yalan bolsa subut etmegine garashyan))
Nazarhan owadan gurleyanay))
-
yashalym
3 years ago
- Khanture gotyny arassalasana sen detski cort
-
Ra
3 years ago
- shu yigidede pikirini aytmana rugsat berenizok :)
kopuniz 2in ussune 2ni goshup bilenzok shular yaly zat tapylsa dile geleni samrap otyrsynyz...
-
yashalym
3 years ago
- Bayba yashalymlar kopelipdir menden son. Men ilki yitdin diyip yazypdym, gowy oglan bu Khanture
-
Wonderfull
3 years ago
- 👍👍👍👍
-
TM.
3 years ago
- Shu zatlary ylmy taydan owrenyan kisi men.Molodeslay.Diyeninizi tutdyberiñ.Shu temada 2x2=5 diysenizem zat diyjek dal indi
Ra,men shu temada indi yalnys bolsada hic zat diymejegimi dusundirjek boldum.Detskiya sadlay barsi😒😒😒😒😒gosmagy ozun yygnap goy gerek bolar
-
Ra
3 years ago
- ozume naman gerekdigi size gyzykly dalmika diyyan :)
name ucin ozune cekip jogap bermek wajyplygy duydunyz bilemok yone siz yaly bilim yuki yeten ullakan adamlaram gerek biz cagalaryn kamilleshmegi ucin :)
-
Nazarhann
3 years ago
- Ra SENEM KELLANE SIYIPDIRLER OYTYAN UYSUP :) HO GUN DAMAY OZUNI TANATJAK BOLUP IKI HASAP ACYP HACKER-HACKER OYNAN BOLSUN :) BILMEYANDIR OYTYANMI
-
Ra
3 years ago
- sozum den gelmeya sen yaly ejesin sylamayan yigitler bilen.
meni sen yaly mankasy agzyna yetip duran adamlar tanamasa gerek.:)
-
Ra
3 years ago
- Adamyn yazan zatlary oz hasiyetini anlatya senem nahili betbagtcylygyn icinde ulalyp nahili manysyz,biderek durmushyn bardygy meni gynandyrdy beyle b*kculygyn icinden cykmagyny dileyan kashga...
-
Nazarhann
3 years ago
- "meni sen yaly mankasy agzyna yetip duran adamlar tanamasa gerek.:)"
BLA SIKDIRSENE EY YENE AKYL OWRETYAN MOLOKOSOSLAR ZB LAY SIZDEN. SIKE ZAR HELEY PASAN AKYLYNY OWYAN TASSAKCY DOSDUNA BEROU KIRLI BAJYN SKEYN OZUNE BER AKYLYNY, SIZ YALY CORTLAR BARA DINE WIRTUALDA AKYLLYSYRANYZOU ZAYA SIKDIRDE CYKOU GEL MARA YADA BAYRAMALA SIZ YALY EJIZLAP SUMUKLAP DURAN OGLANLARY KOP GORDIMOU HALI GORSEN 05 06-YN GOTI BOKLYSYSYN WLN ARSYZAY ALKAS PASAN 😂
-
Nazarhann
3 years ago
- "Adamyn yazan zatlary oz hasiyetini anlatya senem nahili betbagtcylygyn icinde ulalyp nahili manysyz,biderek durmushyn bardygy meni gynandyrdy beyle b*kculygyn icinden cykmagyny dileyan kashga..."
SIKDIRSENE KHANTUREN TASSAKCYSY 😂 IC GORNUS BN ADAM TANASYRAYAN BOLMASANA SEN YALY GARA MANLAY BAJYN SKEYNLER BN INTDE KOP GURLESDIMOU YANYMA GELENSONAM SIKE SEREDEN YALY SAKAWLAP DUR. ERKEKMOU SIZOU TASSAKCY
-
Nazarhann
3 years ago
- IJN SKEYN BOKA "JÖÇÇE" DP YOREN GOTI BOKLY PASAN WLN AKYL SATAN BOLIARAI 🤣 SOGSEMEM SEN YALY HARAM DOLLERE SOGYAN, AKYLSYZ BAJYN SKEYNLERE SOGYAN, NORM ADAMA SOGEMOK. SEN YALY TASSAKCYLARA SOGYAN
-
Ra
3 years ago
- :)
-
Panturkist
3 years ago
- Khanture-ni çagalar bagynda görkezme esbap edip ulanmaly; "çagalar eger kaşaňyzy iýmeseňiz ulalaňyzda Khanture ýaly bolarsyňyz" diýip gorkuzar ýaly.
-
mertogly
3 years ago
- Öz garaýyslarny aytmaga herkimiň haky bar gelejekde başga bir alymlar topary tarapyndan ewolyutsiyanyň butunley yalňys dygy doly subut edilse natjeksiniz siz seyle subutnamalar ylmy žurnallarda we teleýaýlymlarda çyksa ynanardynyz şeylemi?
-
mertogly
3 years ago
- Khanture sen hatda yazgylaryň cesme kitabynam maglumat goyypsyň mlds ozuni goldayanlar yokdyr oytsen yalnysyan seni goldayanlar bar
-
Khanture
3 years ago
- @Panturkist Kim ýazsada sen ýazma, haýyş.
@mertogly sagbol.
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- Darwiniñ teoriyalaryny osen yurtlarda mekdep programmasyndanam aýyrdylar- indi... onsañ ondan dogrylyk gozlejek bolup yormek birhillirak dalmay
-
Jeksparro
3 years ago
- -A, aytsaňyzlaň jenap @hanture,bu yazgylar terjimeleriňden cykan yazgylarmy yada bashgalaryň yazgylarymy? Eger peydalanan yeriň cheshmesini yazsaňyz yazyp bellap goymaga ygtybarly tema eken.
-
Khanture
3 years ago
- Jeksparro emeiling bolsa galdyr, meninem soraglarym bar sana!
TM. 3 years ago- Carlz Darwin ony eyyam ylmy taydan subut etdi.Ustunden nace asyr gecenson,biolog ya paleontolog bolman seyle zatlary yazmagyñ gaty gynandyryjy.Size nace dusundirsenem aza.Hawa ewolyusiya yok.Sizinki dogry👋