Il içinde gyz çykaryljak ýa-da gelin edinjek bolnanda şol maşgalanyň gelip-çykyşyna, ene - atasynyň nähili adamlardygyna aýratyn üns berilýär. Şeýle adat-düzgün dünýäniň köp halklarynda bardyr. Çünki, ýaşlar nähili maşgaladan bolsa, köp halatda şonuň ýaly adamlar bolmaga ýykgyn edýärler. Bu ýagdaýa üns bermek, ýaşlar özlerine ýanýoldaş saýlanynda-da möhümdir.
Geljekki ýanýoldaşa bildirilýän talaplar ýigidiň we gyzyň öz häsiýetleri bilen berk baglanyşyklydyr. Şunda, esasan ýürekdeşlik, girişgenlik, açyk göwünlilik we medeniýetlilik häsiýetlerine aýratyn üns berýärler. Aýratynlykda, gyzlar güýçli, maksada okgunly ýigitleri, ýigitler agras gyzlary halaýarlar.
Maşgala durmuşyna taýýarlyk meselesinde gyz bilen oglanyň arasyndaky özara tanyşlyk, dostlaşmak ýaly hadysalara-da üns bermek zerurdyr. Bu ýagdaý 7-
8-nji synp okuwçylarda diňe deň-duşluk gatnaşyklary hökmünde ýüze çyksa, 9-10-njy synplarda okaýan okuwçy gyz-oglanlaryň arasynda öňküden has içgin-emosional gatnaşyklara öwrülýär. Wagtyň geçmegi bilen bu gatnaşyklar çuňlaşmaýar-da diňe soňky ýüze çykan beýleki ýagdaýlar bilen utgaşýar. Bu gatnaşyklarda oglan bilen gyzyň häsiýetleriniň kem-kem biri-biriniňkä meňzemän, olaryň hersiniň özboluşly aýratynlyga eýe bolmagyny terbiýelemäge çalyşmaly. Şu döwürde ýaşlara ene-atanyň, mugallymlaryň maslahaty, kömek-ýardamy zerurdyr.
Oglanlar kem-kemden özlerinde erkek adamlara mahsus häsiýetleri emele getirmäge ýykgyn edip başlaýar. Gyzlar özüniň görküne-keşbine üns bermäge, töwerege we oglanlaryň gözüne owadan bolup görünmäge ýykgyn edýärler. Bu bolsa, oglan-gyzlaryň söýgi we maşgala barasynda oý-hyýallarynyň, garaýyşlarynyň kemala gelmeginde wajyp döwür bolup durýar.
Muňa garamazdan alymlaryň pikiriçe ýanýoldaş saýlamaklygyň umumylaşdyrylyp alnan bäş sany ýörelgesi bar. ―Kim gaýkyny söýer, kim küýkini‖ diýlişi ýaly ýaş juwanlaryň özüne ýanýoldaş saýlamakda olaryň hersiniň öz isleg-arzuwlary bolýar. Her bir durmuş gurmakçy bolýan ynsanyň agzybir maşgala bolup ýaşamakda zerur diýip hasaplaýan pikiri, düşünjesi bar. Olar esasan aşakda görkezilen bäş ýörelgeden ybarat:

1. Fiziki talaplar – ýaş juwanlaryň bir topary, esasan geljekki ýanýoldaşynyň fiziki keşbine, ýagny syrdam boýly, daýaw, görmegeý, owadan, oňat geýnüwli, özüni alyp barşy medeniýetli we ş.m. talaplaryna üns berip, şeýle ýanýoldaşy arzuw edýärler. Olar ýanýoldaşynyň dünýägaraýşyna, maddy ýagdaýyna we durmuşda zerur bolan beýleki häsiýetlere üns berip barmaýarlar. Olara: ―"Pylanynyň owadan,
görmegeý ýoldaşy bar eken"‖ diýdirip bilseler bolany.

2. Maddy talaplar – ýaş juwanlaryň beýleki bir topary bolsa biziň ýokarda agzap geçen häsiýetlerimize beýle bir üns bermeýärler. Olaryň esasy isleg-arzuwlary bol-elinlikde, baýlykda, daş-töweregindäkilere göz edip ýaşamak.

3. Medeni talaplar – ýaş juwanlaryň bu topary bolsa ýanýoldaşynyň daş keşbine, maddy ýagdaýyna seretmän, esasan onuň ylymly-bilimli, sowatly, giň dünýägaraýyşly, medeniýetli bolmagyna üns berip, şeýle häsiýetli ýanýoldaşyň duşmagy barada arzuw edýärler.

4. Seksual talaplar – ýaş juwanlaryň ýene birleri geljekki ýanýoldaşynyň daş keşbine, maddy ýagdaýyna, ruhy baýlygyna üns bermeýärler-de, esasan onuň seksual tarapdan güýçli, fiziki tarapdan özüni kanagatlandyrýan bolmagyny arzuw edýärler.

5. Psihologiki talaplar – ýaş juwanlaryň ýene bir topary maşgala durmuşynda geljekki ýanýoldaşynyň daş keşbi, maddy ýagdaýy, ruhy baýlygy, seksual taýdan güýçlüligi ýaly talaplara uly bir üns bermän, esasan häsiýetleri birek-birege gabat gelýän, sulhy aljak, agzybir ýaşaşjak, durmuşda ýüze çykýan kynçylyklary agzybirlikde ýeňip geçip biljek, mylaýym, hoşgylaw, mähriban, ― "Arkasynda dag duran ýaly"‖ diýdirip bilýän ýanýoldaşy arzuw edýärler. Psihologiki taýdan kybapdaş duşan ýanýoldaşlar has agzybir ýaşaýarlar. Psihologiki talaplar esasy talap bolup, ýokarky talaplaryň arasynda esasy orny eýeleýär.

Şu ýokarda belläp geçen talaplarymyz, ýagny isleg-arzuwlar gabat gelen ýagdaýynda maşgala köplenç halatda berk bolýar.
Käbir ýurtlarda ene-atalar öz ogul-gyzlary bilen ýanýoldaş saýlamak, maşgala gurmak barada aç-açan gürrüňdeşlik geçirýän bolsa, türkmen halky bu meselede öz ogul-gyzy bilen gaty bir içgin gürrüň etmeýär. Elbetde, ýaşlaryň bu meselede näçe düşünjesi giň bolsa, şonça gowy bolýar. Şol sebäpli ene-ata öz ogul-gyzyna nika ýaşy, nikalaşmak, nikadan soňky ýaşaýyş barada dürli mysallary ulanyp, sada dilde düşündirmäni başarmalydyr. Eger ene-atanyň düşündirişi çagada uly täsir galdyryp, onuň jogap tapman ýören sowallaryny kanagatlandyrsa, onda düşündirişiň ýerine düşdügi bolar. Maşgala durmuşyna degişli uly tejribesi bolan ene-atanyň maslahatlaryny köpler ünsli diňlese, birnäçeler oňa uly ähmiýet bermän, öz diýenini tutup durýar. Bu ýerde söýgi hadysasy-da ara düşýär. Aýratyn-da,
ýanýoldaş saýlananda ene-ata ýa-da ululara sala salynmaýar. Köplenç duýga artykmaçlyk berilýär. Paýhas hem duýgy utgaşykly bolar ýaly, ýaşlara durmuş
tejribesi ýetmezçilik edýär. Bu bolsa, olaryň bu meselede maslahata, bilim-düşünjä mätäçdigini görkezýär.

A. Nohurow A. A. Nohurow
MAŞGALA PSIHOLOGIÝASY

Bilim, Akif_Turkmen tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir