Mary-Aşgabat ýoly Gündelik awariýanyň bolýan ýeri - Mary_Aşgabat ýoly. Bu gün hem bir maşgalanyň körpesini alan rehimsiz Mary-Aşgabat ýoly. Hawa, bu gün hem birileri amanadyny tabşyrypdy. Bu gün hem biri ölüpdi. Mary-Aşgabat ýoly > sen nähili rehimsiz. Has-da bu ölümleri görer göz bilen görüp düzetme ugruna çykmaýan nähili rehimsiz. Bir adamyň gymmaty şeýle mi gaçdy. Bir adam şeýle mi bahasyz. Hany hormat? Hany sylag? Hany söýgi? Mary-Aşgabat ýoly bugün hem biriniň janyny alypdy. Bugün hem bir maşgalanyň bagtyny ýatarypdy. Ýöne näme üçindir Mary-Aşgabay ýolunda ölene agladylar... Hakyky ölene, Ruhy ölene, ýoluny azana aglan bolmady. Bu maşgalanyň iki sany güle deňeçir gyzy bardy. Bugün bolsa körpe gyzyny elden gidiripdiler. Bugün körpesi Mary-Aşgabat ýolunda amanadyny tabşyrypdy. Emma şeýle garap otursaň uly gyzyny bir eýýäm ýitiripdiler, bir eýýäm Ruhy ölenine şaýat bolupdylar. Ol ýoluny azypdy, harama el goýupdy. Hawa, ol has öňden durmuşyny ýitiripdi. Gyz ruhy ölüpdi. Hawa, uly gyzlary ölüpdi. Gynansakda, Türkmenistanda ruhy ölýänleriň sany Mary- Aşgabat ýolunda ölýänleriň sanyndan aşypdy. Ruhy ölýenler köpelipdi. Emma näme üçindir muňa hiçkim aglamandy... hiçkim aglamady... aglanmady... Aglamak nirde disene... Bugün hakyky manysy bilen ADAM ýetişdirýän ojaklaryň ýapylýanyna şaýat bolýan günümizde... aglamak nirde ??? Bugün mekdep ýapylypdy. Geljegimiz ýykylypdy. Buňa bolsa hiçkim aglamady. Aglanmady. Bir mekdep açmak, bir türmäniň ýapylmagyna sebäp bolýan wagty. Bugün bir mekdep ýapylypdy, has dogrusy... bugün bir türme açylypdy. Ruhy taýdan adamlar öldürilipdi. Adamlar ölüpdi. Hawa, adamlar öldi. Emma muňa HIÇKIM AGLAMADY... Cheshme: www.ertir.com awtor: mervas
Mary-ashgabat yoly /oylanma/
-
metehangokdepe
12 years ago
- poýyzda yada samalyotda gitmeli ýoly gowdaldigini 7 ýa$dan 70 ýa$a çenli bilyaler ölen ýitenlermiziñ ruhlary $at bolup jaýlary Jennetden bolsyn
-
sukomoto
12 years ago
- näme ölüp barýaňyz? nämä gerek şo ýoldan ýöremek?
-
Yegen
12 years ago
- Sho yolda kan awariyalar bolyar, gunelik diyen yaly. HUDAÝ saklasyn ol awariyalardan. Bu gelyan mashynlardan yana yollarymyz darlyk edyar, çaltrak gurlushygyny bir tamamlasynlar. Yollar çarkandak, kim çukura girip tekeri atylyp uçsa, kimler dar yerden awgona çykyar. Yuregni etegne salyp yola çykaymasan, gowsy poyezde munde jyr barjak yerine. Hema arkaýyn hemem gowy dynç alyp gidyan. Yarym gune yarysh yok
-
Panturkist
12 years ago
- "yol erbet bolsa otly ya uçar bilen gidaymeli" diyen jogap bir aňy ýetmedik çagaň ya-da bir çarwa adamyň beräýjek jogaby. ondanam bir çözüw bormy, hersiniň öz yeri bar. paytagtymyzdan yekeje obyekte pauza berilse şol yol gurular, ol aydyanymam bolmajagy üçin, entekläp ojagaş zaýa ýolda kän ömür ýa iň bolmanda maşyn ýok ederis ;)
-
Ayyuzli
12 years ago
- Ucaryn reysi kopelip, petek bahasy hem elyeterli edilse, hic kim uzak yola mashynly gitmegi saylamazdy. in.bolmanda gidyanlerin sany azalardy. Kassadaky bar biledi almak hyllalla.ya jan etdirmeli, ya yene bir biledin bahasyny goshmaly.... Onson, yolun erbetligini gorup duran surujinin 150den dushman gitmesi, oz janyna kast etmek yaly bolyar.
Shol zatlary gorup eshidip yorse-de, adam edil ozune bolmayjak yaly hereket edyar." kuyze gunde dowulenok, gununde dowulyar"
-
Multyk
12 years ago
- näme ölüp barýaňyz?
nämä gerek şo ýoldan
ýöremek?
sukomoto | 2012-07-04
21:35:40
ylgamaly diyjek bolýa
-
Turkmenhanymy
12 years ago
- diysen gynandyryjy yagday eken.yoly bejermegin ugruna 1dushulyamika,belkem tiz wagtda bejerilsinda.
-
metehangokdepe
12 years ago
- http://www.talyplar.com/2671,panturkist.html sen duzetda duzedilyanca munaymeli diyyan mena sen akylly bolsan arza atda gurlysygy chalytlandyrda
-
metehangokdepe
12 years ago
- yagdaya gora Hereket etmelida yol gowdami oz oliminden bir gun gijirak baranyn gowy
-
makgush
12 years ago
- Bayba:-) oýlanmañ üsti bilen gara ýollary gowlajak bolýalarow, dogrusy aşgabat-mary ýolunyñ gurluşygy gidýär ýöne haýal diýmeseñ, eýýäm 5 ýyl bäri gidip dur, emma önýän zat göremzok. Ýene aşgabat taraplary gowy, maryñ ýagdaýyna diýip aýdar ýaly däl, görseñ gara ýol diýmägede utanýañ. Menä oturyp-oturyp haýran galýanow tm'da şunça baýlygy bar emma gara ýollara çykdajy edilenok. Iñ gowusy idelenok, seredýän ýok diýsek dogry bordy.
-
Aristokrat
12 years ago
- yolun gurlusygy gidya welin netijesi gornenok. Adamlar bolsa bu dunyeden gidip dur.
-
magnit
12 years ago
- gunde ortaca 7 adamy yerin astyna ugradyan mary - ashgabat yolyy...
(yoldaky depelere mashynyn tekeri dushse mashyny agdaryp goyberyar. Ullakan ullakan cukurlar, icine mashyn durshuna gacjak o cukurlan, dowuk kopuriler..... nenen awaria bolmasyn onsan?)
-
mirasymyz
12 years ago
- ýoluň zaýalygam bardyr welin her kimem gyssanmaç. 3.5 sagada barmaly. indiki gezek ondanam çalt barjak bolmaly. Birdenem başga ýere barmaly bolaýýar.
-
nlo
12 years ago
- ulag awariysy günde onlarça adamyn janyny alyar .yöne bu zadyn anyrsyndan çyksa bolar.bir wagtlar adamyn uçuşy ynanyp bilmezlik zatdy
-
sahett
12 years ago
- bu gezek hiç zat bolmady indikimde-de hiç zat bolmaz edibereýin
Grizli 12 years ago- Egerde ruhy taydan ölen bolsa onda ALLAJAN janyna melhem etsin
egerde shehit bolan bolsa jaýy jennet bolsun