Germaniýaly lukman Juliýa Şnelle dünýäniň iň gözel zenany saýlandy
Demirgazyk Gesseniň ýaşaýjysy, 38 ýaşly lukman we iki çaganyň ejesi Juliýa Şnelle, «Dünýäniň iň gözel zenany – 2023» bäsleşiginde ýeňiji boldy diýip, HNA we «Hit Radio FFH» habar berýär. Bäsleşik Las Wegasda geçirildi. Ol bu derejä mynasyp bolan ilkinji nemes zenany boldy.
«Men bagtly, özümi rahat duýýaryn we özüme buýsanýaryn» diýip, dünýän...
Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda gurluşyk hekini öndürýän kärhana gurlar
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda gurluşyk hekini öndürýän täze kärhanany gurmak boýunça açyk halkara bäsleşigini yglan etdi.
Gurluşyk taslamasyna gatnaşmaga isleg bildiren taraplar kanunçylyk-hukuk ýagdaýy baradaky resminamalaryň nusgalary bilen birlikde ýüz tutmalydyrlar. Bäsleş...
91 ýaşly kompozitor Jon Uilýams 54-nji gezek “Oskar” baýragyna dalaşgär görkezildi – bu rekord
Amerikaly kompozitor Jon Uilýams iň gowy aýdym-saz üçin “Oskar” kino baýragyna dalaşgär görkezildi. Ol “Indiana Jons we ykbal çarhy” filmi üçin saz ýazdy diýip, championat.com habar berýär.
Şeýlelikde, bu 91 ýaşly kompozitor üçin kinosungat akademiýasynyň baýragyna eýýäm 54-nji nominasiýa boldy. Ol pudagyň häzir ýaşaýan ähli wekilleriniň ara...
Dueýn Jonson TKO kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy boldy
Meşhur amerikan aktýory, prodýuser we restler Dueýn Jonson TKO Group Holdings, Inc. kompaniýasynyň müdirler geňeşine goşuldy. Bu barada geňeşiň wekili Wins Makmen habar berdi diýip, championat.com belleýär.
“Ýeriň ýüzünde sportuň, güýmenjäniň, habar beriş serişdeleriniň we biznesiň arabaglanyşygyna Jonson ýaly gowy düşünýän adam kän däl. Biz...
263 sagatlap hokkeý. Kanadada iň dowamly haýyr-sahawat hokkeý oýny geçiriler
2024-nji ýylyň aprel aýynda Kanadada Albertanyň Çagalar hassahanasynyň gaznasyna hemaýat etmek üçin 263 sagatlyk hokkeý oýny geçiriler. Bu barada Strathmorenow habar berýär diýip, championat.com belleýär. Dünýädäki iň dowamly hokkeý oýny 5-nji aprelden 16-njy aprel aralygynda geçiriler.
40 türgen çagalaryň rak keselini bejermäge pul ýygnamak...
“Kalmar oýny” serialynyň ikinji möwsümi 2024-nji ýylda çykar
Netflix kompaniýasy maýadarlar bilen gürrüňdeşlikde “Kalmar oýny” serialynyň ikinji möwsümini şu ýylyň ahyryna çenli çykarmagy meýilleşdirýändigini aýtdy, ýöne takyk senäni heniz mälim etmedi.
Şeýle-de, serwis şu ýyl “Imperator aýal”, ‘Brijertonlar” we “Diplomat” seriallarynyň täze möwsümlerini çykarmak isleýär.
“Öňe tarap ylgamak bil...
Aşgabatda Gid-terjimeçi hünäri boýunça gysga möhletleýin okuwlaryň nobatdaky möwsümine ýazylyşyk başlandy
Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi «Gid-terjimeçi» hünäri boýunça gysga möhletleýin okuwlaryň nobatdaky tapgyryna ýazylyşygyň başlanandygyny yglan etdi.
Türkmenistan özboluşly, gaýtalanmajak medeni mirasa, tebigy hem taryhy ýadygärlikleriň giň toplumyna eýe. Ýurdumyzyň gözel künjekleri, taryhy ýerleri dünýä jahankeşdele...
Aşgabatda Koton türk egin-eşik dükanynda 30-80% arzanlaşyklar başlandy
Koton brendi bir möwsümde egin-eşikleriňi birnäçe gezek üýtgetmäge mümkinçilik berýär. Munuň sebäbi Koton brendiniň dizaýnerleri moda görä, möwsümleýin egin-eşikleriň dürli görnüşlerini öndürýärler, ýagny bu brendden islendik adam özüne laýyk egin-eşigi tapyp bilýär.
Koton brendiniň Aşgabatdaky dükanynda ähli egin-eşiklere 30%-den 80%-e çenl...
“Dedpul 3” filminiň surata düşürilişi resmi taýdan tamamlandy
Aktýor Raýan Reýnolds X sosial ulgamynda “Dedpul 3” filminiň surata düşürilişiniň resmi taýdan tamamlanandygyny habar berdi. Baş keşbi ýerine ýetiriji lentanyň üstünde işlänleriň ählisine, şol sanda Hýu Jekmana we režissýor Şon Lewä minnetdarlyk bildirdi diýip, championat.com habar berýär.
“...Biziň filmimiziň ýel, ýagyş, iş taşlaýyşlar bile...
Başgyrdystanyň ýokary okuw mekdeplerinde 2 müňden gowrak türkmen talyby okaýar
2023-2024-nji okuw ýylynda Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmenistanly talyplaryň sany 2020-ä ýetdi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Metbugat gullugy «Başinform» habar gullugyna salgylanyp habar berýär.
RF-niň subýektiniň statistik müdirliginiň maglumatlaryna görä, bu GDA...
Malaýziýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň başlygy Türkmenistana gelmegi meýilleşdirýär
Malaýziýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň başlygy Türkmenistana gelmegi meýilleşdirýär
2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň finaly Dallasda geçiriler
2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygy Dallasdaky (ABŞ) stadionda geçiriler diýip, «Sport-Ekspress» «The Sun» neşirine salgylanyp habar berýär.
Çeşmäniň habaryna görä, duşuşyk Milli futbol ligasynyň (MFL) «Dallas Kowboýz» toparynyň meýdançasynda geçiriler – ol amerikan futboly boýunça professional topardyr.
...
"Arkadag" FK Türkiýede Ukrainanyň "Dnepr-1" topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer
Türkmenistanyň çempiony, ýurduň Kubogynyň eýesi "Arkadag" futbol kluby ýanwar aýynyň ahyrynda Türkiýede okuw-türgenleşiklerine ugramagy meýilleşdirýär. Türkiýede klub täze möwsüme taýýarlygyň barşynda daşary ýurtly klublar bilen birnäçe ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirer diýip, Jankoyer internet-neşiri Sportarena.com portalyna salgylanyp habar berýär....
Alymlar 23-nji ýanwarda magnit hadysasynyň durnuksyz boljakdygyny habar berdiler
23-nji ýanwarda, sişenbe üçin magnit hadysasy durnuksyz bolar diýip çaklanylýar. Ýeriň magnit meýdanynyň bozulmagyna garaşylýandygy barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözleg institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynda we Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölüminiň Gün-ýerüsti fizika institutynda habar berildi diýip, TASS habar...
Angliýada AI awtobuslaryň gatnaw rejesini düzmäge we takyklygyny 20% ýokarlandyrmaga kömek etdi
Tutuş Beýik Britaniýa boýunça awtobus gatnawlaryny dolandyrýan First Bus iňlis operatory jemgyýetçilik ulaglarynyň gijigip gelmegi bilen bagly meseläni çözmek üçin gatnawlaryň rejesini düzmekde we ony awtomatiki usulda täzelemekde emeli aň esasly programma üpjünçiligini ornaşdyrdy diýip, Inc. habar berýär.
“Awtobuslaryň gatnaw rejesini düzme...
Kristofer Nolan hormatly “Sezar” baýragyna mynasyp bolar
Fransuz kinoakademiýasy “Sezar – 2024” baýragynyň hormatly laureatlaryny aýtdy. Olar režissýor Kristofer Nolan (“Oppengeýmer”), şeýle-de aktrisa we režissýor Anýes Žaui (“Maňa seret”) bolar.
“Kristofer Nolan – kinematografiýa kämilliginiň serhetlerini täzeden aňlamaga, bizi giňişlik we wagt çäginden çykarmaga ukyply ussat režissýor. Ol ýatda...
Gazagystan bir bitewi sagat guşaklygyna geçer
1-nji martda Gazagystanda bitewi sagat guşaklygy giriziler. Bu barada ýurduň Söwda we integrasiýa ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
“Üýtgeşmelere laýyklykda, 2024-nji ýylyň 1-nji martynda sagat 00:00-dan başlap, ýurduň çäginde bitewi sagat guşaklygy girizilýär. Şeýlelikde, Gazagystan Respublikasynyň çäginde bäşinji sagat guşaklyg...
Deadline “Garri Potter” baradaky serialyň üstünde işlenip başlanandygyny habar berdi
HBO Max “Garri Potter” baradaky kitaplara esaslanýan serialyň üstünde işläp başlady. Bu barada çeşmelere salgylanyp, Deadline habar berýär. Insaýderleriň aýtmagyna görä, şu hepdede Los-Anjelesde Joan Roulingiň kitaplaryny ekranlaşdyrmak boýunça öz pikirlerini hödürleýän ssenariýaçylar bilen ilkinji duşuşyklar geçirildi.
Dalaşgärleriň arasynd...
Türkmenistanyň Özbegistan bilen daşary söwda dolanyşygy 1 mlrd dollardan geçdi
2023-nji ýylyň jemi boýunça Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 1,0 mlrd dollardan geçdi. Bir ýyl ozal ol 926,3 mln dollara barabar bolupdy, görkeziji tas 74 mln dollar artdy. Şeýle netijeler Özbegistanyň prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentliginiň maglumatlaryndan gelip çykýar.
Haryt dolanyşygy 2017-nji ýylyň öza...
«Sanly ulgam hyzmatlary» HJ netijeli sanly çözgütleri Türkmenistanyň bazaryna hödürleýär
Ýakynda Türkmenistanyň sanly tehnologiýalar bazarynda täze kompaniýa – “Sanly ulgam hyzmatlary” hojalyk jemgyýeti peýda boldy. Bu kompaniýa ýokary hilli önümleri döretmekde professionallygy bilen tapawutlanýar.
“Sanly ulgam hyzmatlary” birnäçe esasy ugurlar boýunça iş alyp barýar.
Birinjiden, kompaniýa ulanyjylaryň häzirki zaman isleg...