Ýuwaş ummanynda soňky onýyllyklaryň iň güýçli El-Ninýo hadysalarynyň biri emele geldi
ABŞ-nyň Milli umman we atmosfera barlaglary dolandyryşy (NOAA) we Bütindünýä meteorologiýa guramasy Ýuwaş ummanynyň işjeň El-Ninýo fazasyna girendigini habar berdiler, bu bolsa soňky onýyllyklaryň iň güýçlileriniň biri bolup biler.
Hünärmenleriň maglumatyna görä, bu hadysa 2026-njy ýylyň maý aýynda emele gelip başlady. Tomus aýlaryna çenli d...
Ýurdumyzda okuwçylara we talyplara smartfon ulanmaga rugsat berilýär, ýöne diňe okuw maksady bilen
Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan okuw işiniň maksatlary üçin okaýanlaryň şahsy ykjam tehniki serişdelerinden peýdalanmagynyň tertibi tassyklanyldy. Resminama iýun aýynyň başynda Adalat ministrligi tarapyndan 1948 bellige alyş belgisi bilen resmi taýdan döwlet belligine alyndy.
Täze düzgünnama eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ýur...
Ýaponiýanyň ýygyndysynyň janköýerleri Niderlandlar bilen geçirilen DÇ-2026-nyň oýnundan soň oturan ýerlerini arassaladylar
Ýaponiýanyň milli ýygyndysynyň janköýerleri futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyryndaky Niderlandlar bilen geçirilen oýundan soň oturan ýerlerindäki zibilleri ýygnap, ýerleri arassaladylar. Bu barada Halkara futbol federasiýasy (FIFA) X sosial torundaky resmi sahypasynda habar berdi.
F toparçasynyň duşuşygy ýe...
Kongo DR-da ebola ýokanjyndan 149 adam heläk boldy
Kongo Demokratik Respublikasynda ebola gyzzyrmasyndan pida bolanlaryň sany 149-a ýetdi. Bu barada ýurduň Aragatnaşyk we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ministrligi habar berdi.
Kesel ýokuşanlaryň sany 710 adam, hassahanalarda 324 adam keselli bar. Ýokançdan ölümlilik 21 göterim diýlip, habarda bellenýär.
Kongodaky häzirki ebola...
Anwar Ibrahim: Türkmenistan energetika ulgamynda ygtybarly hyzmatdaşdyr
Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim şenbe güni, 13-nji iýunda, Sabahyň Günorta-Madaniýa awtomobil ýolunyň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasynda çykyş edip, ýurduň berk halkara gatnaşyklarynyň we syýasy durnuklylygynyň ählumumy energetika çökgünliginiň döreden näbelliliklerine garamazdan, nebit we gaz üpjünçiligine yzygiderli elýeterliligi...
AZERTAJ: Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana sapary meýilleşdirilýär
Türkmenistanyň Prezidentiniň Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjana sapary meýilleşdirilýär. Bu barada Azerbaýjanyň Döwlet habarlar agentligi (AZERTAJ) habar berýär.
Neşiriň berýän habaryna görä, Türkmenistanyň Bakudaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gurbanmämet Elýasow «Günorta Kawkazda parahatçylygy berkarar etmek: ählumumy howpsuzly...
«Belet»-de «Möý Nuar» serialynyň ähli bölümleri türkçe seslendirişde elýeterli boldy
«Belet» platformasynda ABŞ-nyň «Möý Nuar» (Spider-Noir) atly mini-serialyň sekiz bölüminden ybarat doly möwsümi türkçe seslendiriş bilen elýeterli boldy. Tomaşaçylara serialyň reňkli hem-de ak-gara görnüşleriniň ikisi hem hödürlenýär.
Serial Marvel neşirýatynyň Möý Adamyň nuar görnüşi baradaky komiksleriniň esasynda döredilip, 2026-njy ýylda...
Russiýada daşary ýurt raýatlary üçin lukmançylyk barlagyndan geçmegiň möhleti 30 güne çenli gysgaldyldy
Russiýanyň Prezidenti ýurda gelýän daşary ýurt raýatlary üçin hökmany lukmançylyk barlagynyň bitewi tertibini kesgitleýän kanuna gol çekdi. Resminama laýyklykda, daşary ýurt raýatlary ýurda giren gününden başlap 30 günüň dowamynda lukmançylyk gözegçiliginden geçmelidirler. Ozal bu maksat üçin 90 gün möhlet berilýärdi.
Hökmany lukmançylyk bar...
Türkmenistan Kabulda geçiriljek sebit duşuşygyna gatnaşar
16-njy iýunda Owganystanyň paýtagty Kabul şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň wekilleriniň gatnaşmagynda sebit duşuşygy geçiriler. Oňa Türkmenistanyň hem wekilleri gatnaşarlar. Bu barada Owganystanyň «ToloNews» teleýaýlymyna salgylanyp, «Report» azerbaýjan neşiri ýazýar.
Habarda bellenilişine görä, çärä Özbegistanyň, Türkmeni...
Awstriýanyň kompaniýasy senagat ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýär
Awstriýanyň «Gertner Group» kompaniýasy senagatda we tehnologiýalar ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Aleksandr Masinger Aşgabatda geçirilen Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisiniň çäklerinde žurnalistlere beren gürrüňinde m...
Awstriýanyň kompaniýasy senagat ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýär
Awstriýanyň «Gertner Group» kompaniýasy senagatda we tehnologiýalar ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Aleksandr Masinger Aşgabatda geçirilen Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisiniň çäklerinde žurnalistlere beren gürrüňinde m...
Baku portundan üstaşyr geçýän türkmen ýükleriniň möçberi artýar
2026-njy ýylyň ýanwar — maý aýlarynda Baku halkara deňiz söwda porty arkaly geçirilen gury ýükleriň möçberi 950 203 tonna ýetdi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 77 göterim köpdür.
«Report» azerbaýjan neşiriniň habar bermegine görä, Baku porty arkaly daşalan ýükleriň esasy orny Türkmenistandan ugradylan kükürt we karb...
ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi talyplar üçin okuw maslahatyny gurady
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky merkezinde «Klimat bilen bagly herekede ählitaraplaýyn goşulyşmak we deň derejede gatnaşmak» atly iki günlük okuw maslahaty geçirildi. 11-12-nji iýunda geçirilen bu çäre ÝHHG-niň «Howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy dolandyrmak we ekologiýa howpsuzlygy babatda hyzmatdaşlygy güýçlendir...
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa Respublikasynyň Ykdysadyýet, energetika we syýahatçylyk boýunça federal ministrliginiň Daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginiň başlygy Elizabet Waýssenb...
Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.
Resminama laýyklykda, «Türkmenistanda ylmyň, tehnikanyň w...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa Respublikasynyň Ykdysadyýet, energetika we syýahatçylyk boýunça federal ministrliginiň Daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginiň başlygy Elizabet Waýssenbögiň ýolbaşçyl...
Azerbaýjanda ýer titredi
12-nji iýunda Baku şäherinden 200 kilometr demirgazyk-günbatardaky Gabaly etrabynda güýji 5,1 bala deň bolan ýer sarsgyny hasaba alyndy. Bu barada Respublikanyň Seýsmologiýa gullugyna salgylanýan «RIA Nowosti» habar berdi.
Habarda ýerasty sarsgynlaryň Agdam, Şemkir, Geýgel we Guba etraplarynda duýulandygy bellenýär. Ýertitremäniň merkezi 42...
Ärdogan: Dünýä Ikinji jahan urşundan bäri iň dartgynly döwürde ýaşaýar
Türkiýäniň ýerleşýän sebiti we tutuş dünýä Ikinji jahan urşundan bäri iň dartgynly wakalary başdan geçirýär. Bu barada Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan ýurduň Edirne ülkesinde ilatyň öňünde eden çykyşynda aýtdy. Bu barada TASS ýazýar.
«Biziň sebitimiz, dogrusyny aýtsak, tutuş dünýä Ikinji jahan urşundan bäri iň kyn döwre şaýat bolýa...
Ahal welaýat häkimligi inženerçilik düzüminiň gurluşygy boýunça bäsleşik yglan edýär
Ahal welaýatynyň häkimligi welaýatyň etraplarynda inženerçilik ulgamlaryny (ilatly ýerleriň suw, lagym we elektrik üpjünçiligi ulgamlaryny hem-de awtomobil ýollaryny, köçeleri) gurmak, hereket edýänleriniň durkuny täzelemek (abadanlaş-dyrmak) işlerini ýerine ýetirmäge isleg bildirýän, şol işlere döwlet ygtyýarnamasy bolan hem-de Türkmenistanda resm...
Aşgabatda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
12-nji iýunda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Mehdi Sobhani bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada daşary syýasat edarasy habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň...