9-njy aprelde Ženewa şäherine saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wise-premýeri Hojamyrat Geldimyradow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BSG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini, şol sanda Türkmenistanyň bu gurama goşulmagy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. BSG-niň Baş direktory Türkmenistanyň durmuşa geçirýän tagallalaryna we BSG-e goşulmak bilen baglanyşykly meselelerde görkezilen ussatlyga ýokary baha berdi. Okonjo-Iweala Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna bu ugurdaky strategiki goldawlary üçin aýratyn minnetdarlygyny bildirdi. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň köptaraplaýyn söwda ulgamyna goşulyşmagy ugrundaky ädimleriniň çäginde hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga taýýarlyk tassyklandy.