Meşhur Christie’s auksion öýi Ýewropadaky hususy sungat toplumyna degişli eserleri tapgyrlaýyn satuwa çykarmaga taýýarlanýar. «Ýalkym saçýan döwrebap sungat: Sinýakdan Albersa çenli» diýlip atlandyrylan bu toplumda 600-e golaý surat we kagyza çekilen dürli sungat eserleri bar. Eserleriň umumy bahasy 40–60 million dollar aralygynda bolar diýlip çaklanylýar. Ilkinji satuwlar oktýabr aýynda Londonda geçiriler. Soňra eserler Parižde we Nýu-Ýorkda hem satuwa çykarylar. Bu taslama 2027-nji ýyla çenli dowam eder. Toplumda Pol Sinýagyň, Odilon Redonyň, Lionel Feýnigeriň, Ýozef Albersiň, Anri de Tuluz-Lotrekiň we Moris Deniniň eserleri bar. Londondaky satuwda iň gymmat eserleriň biri Pol Sinýagyň 1905-nji ýylda çeken «Keramatly Anna (Sen-Tropez)» atly suratydyr. Onuň bahasynyň 6,5 million funt sterlinge ýetmegine garaşylýar. Parižde bolsa 22-nji oktýabrda Sinýagyň 1903-nji ýylda çeken «Sen-Klu» atly suraty satuwa çykarylar. Onuň bahasy 1,5–2 million ýewro aralygynda çaklanylýar. Noýabr aýynda Christie’s Nýu-Ýorkda Sinýagyň 1890-njy ýylda çeken «Sen-Brýak, Baliz» atly eserini hem satuwa çykarar. Bu eseriň bahasynyň näçe boljakdygy häzirlikçe mälim edilmedi. Bu satuwlar Pol Sinýagyň döredijiligi üçin hem möhüm waka bolup biler. Häzirki wagtda onuň eserleriniň arasynda satuwda goýlan iň ýokary baha 39,3 million dollar. Bu pul 2022-nji ýylda Pol Alleniň sungat toplumy satuwa çykarylanda, «Konkarno, asuda säher» atly eseri üçin tölenipdi.