Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. D.Gulmanowa milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda mejlisde döredilen iş toparlarynda «Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet belligine alynmagy hakynda», «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak, şeýle hem «Kärende hakynda», «Paýdarlar jemgyýetleri hakynda», «Neşirýat işi hakynda», «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlandyrmak hakynda» hereket edýän kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Mejlisine gowy taýýarlyk görmek maksady bilen degişli işler geçirilýär. Döwlet Baştutany ýurduň hukuk binýadyny berkitmek, kanunçylyk işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi. Soňra wise-premýerler gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň degişli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, medeni-ynsanperwer, daşary syýasat hem-de beýleki degişli ugurlar boýunça geçirilen çäreler barada hasabat berdiler. Şeýle hem döwlet Baştutanynyň garamagyna birnäçe teklipleri hödürlediler. Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler, halkara gatnaşyklar bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi. Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.