Şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda «Gurluşyk we senagat toplumynda innowasion tehnologiýalaryň orny», şeýle hem Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Milli emeli aň tehnologiýalary: sanly ykdysadyýet, «akylly» diwersifikasiýa, durnukly ösüş» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatlary geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Mämmedowyň hasabatynda bellenildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu maslahatlara ýurduň ýokary okuw mekdeplerini talyplary, professor mugallymlary, alymlary bilen bilelikde dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň hem-de iri halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Olarda «ýaşyl», howpsuz, «akylly» şäher konsepsiýasy, innowasion gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, önümçilik amallaryny awtomatlaşdyrmak we robot tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, ykdysadyýeti «akylly» diwersifikasiýalaşdyrmak we sanlylaşdyrmakda durnukly ösüşi üpjün etmekde emeli aň tehnologiýalarynyň amaly we innowasion mümkinçilikleri boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurduň degişli ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatlary geçirmek bilen bagly taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir