Özbegistanyň Mejlisi 26 harpdan we üç harp goşulmasyndan ybarat bolan elipbiýi 28 harpdan hem-de bir belgiden durýan latyn elipbiýine üýtgetmek barada kanun taslamasyny tassyklady. Bu hakynda ýurduň Parlamentiniň ýokary palatasynyň metbugat gullugyna salgylanýan «rg.ru» habar berdi. Mejlisiň deputatlarynyň pikirine görä, täze kanunyň kabul edilmegi latyn ýazuwyndaky özbek elipbiýiniň we diliň dürs ýazuw kadalarynyň kämilleşdirilmegine, döwlet diliniň ulanylyş mümkinçiliklerini giňeltmäge, şeýle hem özbek dilini sanlylaşdyrmagyna hyzmat eder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir