«Bäherden» tikin fabrigini has-da döwrebaplaşdyrmak işlerine girişiler. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer N.Atagulyýewiň hasabatynda bellenildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ýurduň dokma senagatynyň önümçilik kärhanalaryna döwrebap tehnologiýalary özleşdirmek, önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak arkaly öndürilýän önümleriň görnüşlerini we möçberlerini artdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, «Bäherden» tikin fabrigini has-da döwrebaplaşdyrmak işlerini geçirmek boýunça taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir