Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany: parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň giňişligi» atly ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisden soňra şäheriň «Arkadag» binasynyň öňünde Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherindäki «Pilbergen» atçylyk-sport toplumynda ýakynda ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşikleriniň dünýä çempionatynyň üstünlikli geçmegi mynasybetli dabaraly konsert guraldy. Dabaraly çärelere Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Döwlet Baştutanynyň bu ajaýyp dabaralara gatnaşmagy ýurtda peder-perzent mekdebiniň asylly ýörelgeleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändigini we dowamata atarylýandygyny has aýdyňlygy bilen äşgär etdi. Konsertiň barşynda ýurduň meşhur estradaçylarynyň we ýaş ýerine ýetirijileriň belent ruha beslenen çykyşlary bu ýerde guralan dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Konsertiň dowamynda Gahryman Arkadag sözlerine, Kerim Berdimuhamedowyň sazyna döredilen «Rowaç» hem-de «Arzuw» atly aýdymlarynyň ussatlyk bilen ýerine ýetirilmegi dabara gatnaşyjylara ýakymly pursatlary bagyş etdi. Konserte gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan Gahryman Arkadagyň zehininden dörän «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly joşgunly aýdym bu ýerde guralan aýdym-sazly çykyşlaryň özboluşly jemlenmesine öwrüldi. Soňra ajaýyp dabaralar dürli öwüşginli feýerwerkleriň şekilleri bilen utgaşdy.