Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasyna döwlet saparyna hem-de onuň çäklerinde gatnaşjak «Merkezi Aziýa + Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine taýýarlyk görülýär. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň hasabatynda bellenildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, wise-premýer bu saparyň netijeleriniň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we ony hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berjekdigini belledi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurduň ýakyn hyzmatdaş döwletleriniň biriniň Koreýa Respublikasy bolup durýandygyny, iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany wise-premýer, daşary işler ministrine Koreýa Respublikasyna boljak döwlet saparyna, şeýle hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen «Merkezi Aziýa + Koreýa Respublikasy» sammitine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.