Şu gün Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany: parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň giňişligi» atly ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, taryhy ähmiýeti bolan çärä Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalaryň agzalary gatnaşdy. Şeýle hem Arkadag şäherinde geçirilen halkara mejlisine daşary döwletleriň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, mährem eneler hem-de köp sanly ýaşlar gatnaşdylar. Giň möçberli halkara derejeli mejlise gatnaşyjylar, ilki bilen, Ruhyýet köşgüniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Soňra dabaraly mejlis öz işine başlady. Onuň başynda ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň buýsanjy» ady bilen döreden täze goşgusynyň okalmagy oňa gatnaşanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Soňra giň gerimli çykyşlara uly orun berildi. Çykyşlarda golaýda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçirilen ahalteke bedewleriniň gözellik we atly sport boýunça halkara bäsleşikleriniň ähmiýeti, onuň behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakdaky uly orny bellenildi. Arkadag şäherinde geçirilen halkara mejlisde öňe sürlen başlangyçlar, beýan edilen teklipler barada giňişleýin pikiralyşmalar boldy. Şeýle hem ýokary derejedäki halkara mejlise gatnaşyjylar kesgitlenen wezipeleriň mundan beýläk-de üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.