Türkmenistanyň Prezidenti awiasiýa pudagynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegi tabşyrdy. Bu barada düýn sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda bellenildi. TDH-de habar berlişi ýaly, mejlisde wise-premýer B.Annaýew «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurduň raýat uçuşlaryň howpsuzlygyny we yzygiderliligini ýokary derejede üpjün etmek maksady bilen, Halkara raýat awiasiýasy guramasynda (ICAO) kabul edilen halkara standartlara laýyklykda zerur işler alnyp barylýar. Bu işlerde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurduň milli awiasiýa pudagyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de awiasiýa pudagynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir