Ýolbaşçynyň göwnünden turmagy we öz edýän işini gowy görkezip bilmegi başarýan işgärler, käbir ýagdaýlarda, beýleki kärdeşlerinden has ýokary baha alyp bilýär. Ýöne bu olaryň, hakykatdanam, has gowy işleýändigini aňlatmaýar. Alymlar 6 müňe golaý işgäriň gatnaşan birnäçe gözleginiň netijelerini öwrenip, şeýle netijä geldiler. Gözlegiň netijeleri Psychology Today žurnalynda çap edildi. Hünärmenler adamlaryň özüni dürli ýagdaýlara görä alyp barmak ukybyny öwrendiler. Käbir adamlar kim bilen gürleşýändigine we ýagdaýyň nähilidigine görä özüni çalt üýtgedip bilýär. Mysal üçin, olar ýolbaşça öz wepalylygyny görkezip, başarnyklaryny öňe çykaryp ýa-da eden işleriniň netijesini has köp görkezip bilýärler. Klaus Mozer we onuň kärdeşleri 33 gözlegiň netijelerini birleşdirip, jemi 5912 işgäriň maglumatlaryny seljeripdirler. Olar hünärmenleriň öz işleri baradaky maglumatlaryny işiň hakyky netijeleri we ýolbaşçylaryň beren bahalary bilen deňeşdiripdirler. Şeýlelikde, gyzykly ýagdaý ýüze çykypdyr: özüni gowy görkezmek bilen hakyky iş netijeliliginiň arasynda uly baglanyşyk ýok. Ýöne özüni gowy görkezmegi başarýan işgärlere ýolbaşçylar, köplenç, has ýokary baha beripdirler. Işiň netijesi san taýdan bahalandyrylanda bolsa, bu artykmaçlyk tas ýitip gidipdir. Mysal üçin, satuw mukdary ýaly anyk görkezijiler boýunça baha berlende, özüňi gowy görkezmegiň känbir peýdasy degmändir. Bu ýagdaý ýolbaşçynyň öz islegine görä baha berip bilýän ýerlerinde has köp ýüze çykypdyr. Alymlaryň pikiriçe, bu işgärleriň has gowy işleýändigini däl-de, özlerini nähili görkezýändikleriniň ýolbaşçynyň pikirine täsir edýändigini aňladýar. Ýöne beýle diýildigi, olaryň başarnyksyzlygyny aňlatmaýar. Tersine, bu häsiýetler adamlara aragatnaşykda we täze şertlere uýgunlaşmakda kömek edýär. Esasy mesele işgärlere baha berlende ölçegleriň anyk bolmazlygyda we ýolbaşçynyň işgäriň işine öz garaýşyna görä has erkin baha bermeginde ýüze çykýar. Şonuň üçin alymlar işgärlere baha berlende anyk ölçegleriň öňünden kesgitlenmegini, birnäçe çeşmeden maglumat alynmagyny we işiň hakyky netijeleriniň ýazga geçirilmegini maslahat berýär. Şeýle edilse, ýolbaşçylar kimiň özüni gowy görkezýändigine däl-de, kimiň, hakykatdan hem, gowy işleýändigine has dogry baha berip bilerler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 16 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir