Madridiň “Realy” sosial ulgamlarda 600 mln followere ýeten ilkinji klub boldy
Madridiň “Realy” sosial ulgamlardaky ähli resmi akkauntlarynda 600 mln yzarlaýjy görkezijisine ýeten dünýäde ilkinji sport guramasy boldy. Bu barada klubuň metbugat gullugy Blinkfire analitik platformasyna salgylanyp habar berýär.
“Real” 37 resmi akkaunty ýöretmek bilen, klubuň dürli ugurlaryny, şol sanda erkekler we zenanlar futbol toparlar...
"Afrikanyň iň gowy futbolçysy" adyna dalaşgärler belli boldy: Salah we Osimhen sanawda ýok
Afrika Futbol Konfederasiýasy (CAF) "ýylyň iň gowy afrikaly oýunçysy" diýen ada dalaş edýän 10 oýunçynyň sanawyny çykardy. 16-njy dekabrda "CAF Awards 2024-iň" baýrak gowşurylyş dabarasy Marakeşde geçiriler.
Daily Sports-yň bellemegine görä, bu ýagdaý dalaşgärleri geň galdyrdy, sebäbi Muhammet Salah, Wiktor Osimhen, Brahim Dias, Wiktor Bonif...
Erik ten Hag “Mançester Ýunaýtediň” baş tälimçisi wezipesinden gitdi
“Mançester Ýunaýted” öz resmi saýtynda Erik ten Hagyň toparyň baş tälimçisi wezipesinden boşadylandygyny habar berdi.
Baş tälimçiniň wezipe borçlaryny onuň kömekçisi Rud wan Nistelroý ýerine ýetirer. Klub täze baş tälimçini gözlemegini dowam eder.
“Biz Erika klubda işlän döwründe eden ähli işleri üçin minnetdar. Oňa geljekde iň gowy z...
Ispaniýaly ýarymgoragçy Rodri "Altyn top" baýragynyň eýesi boldy
“Mançester Sitiniň" we Ispaniýanyň ýarymgoragçysy Rodri ýylyň iň gowy futbolçysyna gowşurylýan “Altyn top” (erkekleriň arasynda) baýragyny aldy. Bu barada France Football žurnalynyň X sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berilýär diýip, lenta.ru ýazýar.
2024-nji ýyl üçin baýrak gowşurylyş dabarasy 28-nji oktýabrda Fransiýanyň Pariž şäherind...
“Altyn top”: Ançelotti we “Real” baýrak aldylar, ýöne dabara gatnaşmadylar
Parižde geçirilen “Altyn top” baýragynyň gowşurylyş dabarasynda Karlo Ançelotti 2023/2024-möwsüminiň jemi boýunça Ýohan Kruiff adyndaky baýragy aldy. Bu baýrak her ýyl “France Football” tarapyndan iň gowy tälimçä berilýär.
Geçen möwsümde Ançelotti Madridiň “Realyny” La Ligada, Ispaniýanyň Superkubogynda we Çempionlar ligasynda ýeňşe getirdi....
Argentinaly derwezeban Martines yzygider ikinji ýyl Lew Ýaşin baýragyny aldy
“Aston Willanyň” we Argentinanyň milli ýygyndysynyň derwezebany Emiliano Martines 2023/2024-möwsüminiň jemi boýunça Lew Ýaşin adyndaky baýragyň eýesi boldy. Baýrak “France Football” žurnaly tarapyndan dünýäniň iň gowy derwezebanyna berilýär.
Ýeňijiniň ady Parižde geçirilen “Altyn top” baýragynyň gowşurylyş dabarasynda yglan edildi.
Be...
Keýn we Mbappe Gerd Mýuller adyndaky baýraga mynasyp boldular
“Bawariýanyň” we Angliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Harri Keýn hem-de Fransiýanyň milli ýygyndysynyň we Madridiň “Realynyň” hüjümçisi Kilian Mbappe 2023/2024-möwsüminiň Gerd Mýuller adyndaky baýragynyň eýeleri boldular. Bu baýrak “France Football” žurnaly tarapyndan iň köp gol geçiren futbolça berilýär.
Baýragyň gowşurylyş dabarasy 28-n...
Ýamal “France Football” tarapyndan iň gowy ýaş oýunçy hökmünde “Kopa baýragyny” aldy
“Barselonanyň” we Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň 17 ýaşly hüjümçisi Lamin Ýamal 2023/2024-möwsüminiň jemi boýunça dünýäniň 21 ýaşa çenli iň gowy futbolçysyna berilýän “Kopa baýragyna” eýe boldy. Bu barada Parižiň Şatle teatrynda “France Football” žurnalynyň baýrak gowşurylyş dabarasynda yglan edildi.
Bu baýrak üçin ses berişligiň netijesi bo...
UFC 308-de Çimaýew Uittakeri ýeňdi
Şenbe güni, 26-njy oktýabrda, Abu-Dabide geçirilen UFC 308 turnirinde ýeňilmedik çeçen söweşijisi Hamzat Çimaýew (14-0) UFC-niň orta agramdaky öňki çempiony Robert Uittakeri (25-7) täsirli ýeňdi.
Çimaýew söweşiň ilkinji sekuntlaryndan başlap agdyklyk etdi we birinji raundda bogundan gysyp söweşi tamamlady. Bu 29 ýaşly söweşçiniň professional...
Welotregiň git görnüşi boýunça dünýä rekordy täzelendi
Russiýaly Alina Lysenko welotregiň git görnüşi boýunça 500 metr aralygy birinji bolup tiz geçdi we dünýä rekordyny täzeledi.
Zenan türgeniň rekord görkezijisi Krylatskoýda geçirilen Russiýanyň milli çempionatynda hasaba alyndy diýip, rbc.ru habar berýär.
Alina Lysenko bellenen aralygy geçmek üçin 26,750 sekunt netijäni görkezdi. Bu 20...
Amerikaly suwda ýüzüji 100 metr aralyga arkanlygyna ýüzmekde dünýä rekordyny goýdy
Amerikaly zenan suwda ýüzüji Regan Smit 100 metr aralyga arkanlygyna ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy. Üstünlik Günorta Koreýanyň Inçhon şäherinde geçirilen gysga suwda ýüzmek boýunça Dünýä kubogynyň ikinji tapgyrynda hasaba alyndy.
22 ýaşly Smit bu aralygy 54,41 sekuntda geçdi. Ol 26-njy sentýabrda Awstraliýanyň çempionatynda 54,56 sekun...
Amerikaly türgen gysga suwda 200 metre brass usulynda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi
Amerikaly Keýt Duglass Günorta Koreýanyň Inçhon şäherinde geçirilýän gysga suwda ýüzmek boýunça Dünýä kubogynyň ikinji tapgyrynda 200 metr aralyga brass usulynda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy.
Türgen bu aralygy 2 minut 14,16 sekuntda geçdi. Ol watandaşy Rebekka Soniniň 2009-njy ýylda goýan rekordyny (2.14,57) täzeledi. Ikinji orny awst...
“Altyn top” – 2024: ähli nominasiýalarda dalaşgärleriň sanawy we dabaranyň geçiriljek senesi
Fransiýanyň France Football žurnalynyň abraýly “Altyn top” baýragynyň gowşurylyş dabarasy 2024-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Parižiň Şatle teatrynda geçiriler. Dabaranyň dowamynda şu aşakdaky nominasiýalarda 2023/2024-möwsüminiň jemi boýunça baýraklar gowşurylar:
Erkekleriň arasynda “Altyn top” (möwsümiň iň gowy futbolçysy) – dalaşgärleriň ha...
4:0. La ligada "Barselona" "Realy" derbi-dagyn etdi
Ispaniýanyň La Ligasynyň 11-nji tapgyrynyň çäginde 27-nji oktýabra geçilýän gije Madridiň "Realy" öz meýdançasynda "Barselonadan" ýeňildi. "Santýago Bernabeu" stadionynda geçirilen "El Klasiko" 4:0 hasabynda tamamlandy.
"Barselonanyň" düzüminde ikinji ýarymda Robert Lewandowski iki minutda iki gol geçirdi. Şeýle hem Lamin Ýamal we Rafinýa bi...
Neýmar agyr şikes alandan bir ýyl soň meýdança dolandy
Braziliýanyň milli ýygyndysynyň we Saud Arabystanynyň “Al-Hilýal” toparynyň hüjümçisi Neýmar şikes alandan bir ýyl soň ýene-de futbol meýdançasyna gaýdyp geldi. Ol Aziýanyň Çempionlar ligasynyň üçünji tapgyrynyň oýnunyň çäklerinde BAE-niň “Al-Aýny” bilen oýunda 77-nji minutda oýna girdi.
“Al-Hilýal 5:4 hasabynda “Al-Aýny” ýeňdi. Neymar netij...
APL 2024/2025 möwsümiň gyş döwründe ulanjak topuny tanyşdyrdy
2024/2025 möwsümiň gyş döwri üçin Angliýanyň Premýer-ligasynda Nike amerikan sport brendiniň döreden täze topy ulanylar. Bu barada Liganyň metbugat gullugyna salgylanýan Versus habar berýär.
"Gyşyň sowuk günlerinde ýylylyk getirýär" - diýlip, Premýer-liganyň X sosial torundaky ýazgysynda aýdylýar.
Täze modelde gülgüne we benewşe bölek...
ATF Türkmenistanyň Tennis federasiýasyny Aziýada çalt ösýän gurama hökmünde ykrar etdi
Gonkongda geçirilen Aziýa Tennis federasiýasynyň (ATF) Baş Assambleýasynda Türkmenistanyň Tennis federasiýasy Aziýanyň iň çalt ösýän guramalarynyň biri diýlip ykrar edildi. ATF-nyň başlygy Ýuriý Polskiý Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy Eziz Döwletowa degişli ýadygärlik sowgadyny gowşurdy diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" neşiri habar b...
Türkmenistan ITF bilen 2028-nji ýyla çenli tennisi ösdürmek meýilnamasyny ylalaşýar
Türkmenistan Halkara tennis federasiýasy (ITF) bilen ýurdumyzda sportuň bu görnüşini 2028-nji ýyla çenli ösdürmek meýilnamasyna gol çeker. Degişli ylalaşyk Gonkongda Halkara tennis federasiýasynyň Baş assambleýasynyň çäklerinde geçirilen gepleşiklerde Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy Eziz Döwletow bilen ITF-iň baştutany Dewid Haggertin...
“Mançester Siti” utulman gelýän oýunlarynyň sany boýunça täze klub rekordyny goýdy
“Mançester Siti” Angliýanyň Premýer-ligasynda yzygider 31-nji oýunda utulman, klub rekordyny goýdy. Bu üstünligi klub “Wulwerhemptona” garşy oýunda 2:1 hasabynda utmak bilen gazandy.
Ýeňijileriň düzüminden Ýoşko Gwardiol we Jon Stounz gol geçirdi. “Wulwerhemptonyň” düzüminden Ýorgen Strann Larsen tapawutlandy. Ýeňiş goluny “Mançester Siti” o...
Neýmar agyr şikes alandan bir ýyl soň meýdançasa dolandy
Braziliýanyň milli ýygyndysynyň we Saud Arabystanynyň “Al-Hilýal” toparynyň hüjümçisi Neýmar şikes alandan bir ýyl soň ýene-de futbol meýdançasyna gaýdyp geldi. Ol Aziýanyň Çempionlar ligasynyň üçünji tapgyrynyň oýnunyň çäklerinde BAE-niň “Al-Aýny” bilen oýunda 77-nji minutda oýna girdi.
“Al-Hilýal 5:4 hasabynda “Al-Aýny” ýeňdi. Neymar netij...