ABŞ-nyň milli hokkeý ýygyndysy zenanlaryň arasynda hokkeý boýunça dünýä çempionatynyň finalynda Kanadanyň toparyny utdy. Şu ýyl ýaryş Çehiýada geçirildi. Çeske-Budeýowisde geçirilen final duşuşygy dartgynly bolup, owertaýmda amerikan toparynyň peýdasyna 4:3 (0:0, 2:2, 1:1, 1:0) hasabynda tamamlandy. Toparyň düzüminde Karolin Harwi (28-nji minut), Ebbi Mýorfi (28), Teýlor Heýz (46) we Tessa Jeneke (78) gol bilen tapawutlandy. Kanada toparyndan şaýbany tora Daniel Serdaçny (29), Jennifer Gardiner (30) we Sara Filýe (55) girizdi. Amerikaly hokkeýçiler dünýä çempionatyny 11-nji gezek utdy. Altyn medalyň sany boýunça rekord eýesi Kanada toparydyr, onuň hasabynda 13 ýeňiş bar. Dünýä çempionatynyň bürünç baýragyny Finlýandiýanyň topary gazandy. Ol üçünji orun üçin oýunda owertaýmda Çehiýanyň milli ýygyndysyny 4:3 (0:2, 1:1, 2:0, 1:0) hasabynda utdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 6 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir