Opta superkompýuteri Çempionlar ligasynyň ýarym final oýunlarynyň netijelerini seljerip, haýsy toparyň finalda ýeňiş gazanmak mümkinçiliginiň ýokarydygyny kesgitledi. Kubok üçin esasy dalaşgär “Pari Sen-Žermen” boldy. Onuň ýeňiş gazanmak ähtimallygy 53,6%-e deň. Finalda Pariž toparynyň garşydaşy Milanyň “Interi” bolar, superkompýuter onuň ýeňiji bolmak mümkinçiligini 46,4% diýip hasaplaýar. Finala çykmak üçin “PSŽ” Londonyň “Arsenalyny” iki oýnuň jemi boýunça 3:1 hasabynda utdy. “Inter” bolsa “Barselonadan” güýçli boldy, ol birinji oýunda 3:3 hasabynda deňme-deň oýnady, ikinjide bolsa 4:3 hasabynda utdy. Çempionlar ligasynyň final oýny 31-nji maýa meýilleşdirilýär we Mýunhendäki “Alýans Arena” stadionynda geçiriler. Belläp geçsek, “PSŽ” öz taryhynda bu ýaryşda bir gezek hem ýeňiji bolmady, “Inter” bolsa kubogy üç gezek aldy.