Belarusly tennisçi Arina Sobolenko Ştutgartda (Germaniýa) toýun kortda geçirilen WTA-500 ýaryşynyň finalynda ýene-de titul gazanyp bilmedi. Bu gezek dünýäniň birinji raketkasy we “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň üç gezek çempiony aýgytly oýunda latwiýaly tennisçi Ýelena Ostapenkodan utuldy. Bu onuň 2021-nji ýyldan bäri bu ýaryşyň finalynda dördünji ýeňlişi boldy. Duşuşyk 21-nji aprelde geçirildi we Ostapenkonyň peýdasyna 6:4, 6:1 hasabynda tamamlandy. Oýun 1 sagat 26 minut dowam etdi. Sobolenko ilkinji gezek Ştutgartdaky ýaryşyň finalyna 2021-nji ýylda çykdy. Şol wagt ol awstraliýaly Eşli Bartiden utuldy. 2022-nji we 2023-nji ýyllarda türgen polşaly Iga Şwýontekden utuldy. 2024-nji ýylda bolsa dörtden bir finala çykyp, çehiýaly Marketa Wondrouşowany utup bilmedi. 27 ýaşly Ostapenko üçin Ştutgartdaky ýeňiş WTA ýaryşlarynda ýekelikde dokuzynjy titul we 2024-nji ýylyň fewral aýyndan bäri birinji boldy. Bu üstünligi netijesinde ol reýtingde 17-nji orna çykar.