Ispaniýanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatyndaky ýeňşini Madridde dabaraly ýöriş bilen belläp geçdi
Futbol boýunça dünýä çempiony bolan Ispaniýanyň milli ýygyndysy watanyna dolanyp geldi we Madridiň merkezinde üsti açyk awtobuslarda geçirilen dabaraly ýörişe gatnaşdy. Ispaniýanyň Patyşasy Filip VI olary garşylamak dabarasynyň başyny çekdi. Şeýle-de futbolçylary ýurduň Premýer-ministri Pedro Sançes kabul etdi — diýip, aljazeera.com saýty habar ber...
Halkara futbol federasiýasy dünýä çempionatyndan 15 milliard dollar girdeji alar
Halkara futbol federasiýasy (FIFA) geçen ýekşenbede tamamlanan 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň jemleri boýunça 15 milliard dollar girdeji almagy çaklaýar. Bu ilkibaşda çaklanan 11 milliard dollardan has kändir.
Habarda guramanyň prezidenti Janni Infantinonyň FIFA-nyň agzalaryny ýaryşlaryň maliýe jemleri bilen habarly edendi...
Dünýä çempionatynyň finalyndaky dawa sebäpli Argentinanyň ýygyndysynyň futbolçylaryna jeza çäreleri ulanylyp bilner
Halkara futbol federasiýasy (FIFA) dünýä çempionlygy ugrunda Argentina bilen Ispaniýanyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlanan badyna MetLife stadionynyň meýdançasynda ýüze çykan wakany derňemek üçin etika we düzgün-nyzam meseleleri boýunça prokurory belledi — diýip, bbc.com saýty habar berýär.
Duşuşyk Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň 1...
Angliýanyň ýygyndysy DÇ-2026-nyň üçünji orny ugrundaky oýunda Fransiýadan üstün çykdy
Angliýanyň futbol boýunça ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda üçünji orun ugrunda geçirilen duşuşykda Fransiýanyň ýygyndysyny 6:4 hasabynda ýeňdi. Oýun Maýami şäherinde geçirildi.
Ýeňiji toparyň düzüminde Deklan Raýs (3-nji minutda), Ezri Konsa (18), Bukaýo Saka (37, 45+1, 87) we Jud Bellingem (90+8) tapawutlandy. Fransiýanyň ýygynd...
Ispaniýanyň milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altyn medalyny gazandy
Ispaniýanyň milli ýygyndysy futbol boýunça dünýä çempionatynyň finalynda Argentinanyň milli ýygyndysyny ýeňip, taryhynda ikinji gezek dünýä çempiony boldy.
Final duşuşygy ýekşenbe güni Nýu-Ýorkda geçirildi. Oýnuň esasy wagty 0:0 hasabynda tamamlandy, goşmaça wagtda bolsa ispanlar 1:0 hasabynda üstün çykdylar. Duşuşykdaky ýeke-täk goly goşmaç...
Aşgabatda diplomatik wekilhanalaryň wekilleriniň arasynda küşt ýaryşy geçirildi
18-nji iýulda Aşgabatda Halkara küşt güni mynasybetli Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň wekilleriniň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň arasynda küşt ýaryşy geçirildi. Ýaryşy Türkmenistanyň küşt federasiýasy (TKF) Türkmenistandaky Fransuz instituty bilen bilelikde gurady.
Bäsleşikler Fransuz institutynyň binasynda geçir...
Peläniň köýnekçesi we Maradonanyň kapitandyk daňysy auksionda satyldy
Sotheby's auksionynda Peläniň 1918-nji ýyldaky Dünýä çempionatynyň finalynda geýen futbol köýnekçesi, şeýle-de Diýego Maradonanyň 1986-njy ýylyň Dünýä çempionatynda «Hudaýyň eli» hem-de «Asyryň goly» diýlip atlandyrylan gollary uran wagty goluna daňan kapitandyk daňysy satyldy.
Peläniň köýnekçesi 4,88 million dollara ýerlendi. Şol wagtar 17...
Ak tam: Tramp futbol boýunça dünýä çempionlygynyň finalyna gatnaşar
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Nýu-Ýorkda Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) hormatyna kabul edişlik guramakçy hem-de futbol boýunça dünýä çempionlygynyň Ispaniýa bilen Argentinanyň arasyndaky final oýnuna tomaşa etmekçi. Bu barada Ak tamyň metbugat sekretary Kerolaýn Liwitte salgylanýan TASS habar berdi.
Çempionatyň 19-njy iýulda geçjek...
Slawko Winçiç futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygyna baş emin bellenildi
Sloweniýaly emin Slawko Winçiç futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygyna baş emin bellenildi. Bu barada Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) metbugat gullugy habar berdi.
Çempionatyň final duşuşygynda Argentina bilen Ispaniýanyň milli ýygyndylary 19-njy iýulda duşuşarlar. Oýun Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlanar. Winçiçiň...
«Ýene-de söweşe?» Makgregor operasiýadan soň UFC-däki iň soňky tutluşygyny geçirmekçi
Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Konor Makgregor operasiýa geçirjekdigini, şondan soň bolsa gurama bilen häzirki şertnamasy boýunça iň soňky urşuna çykjakdygyny mälim etdi.
Ýekşenbe güni Las-Wegasda geçirilen tutluşykda irlandiýaly türgen amerikaly Maks Holloweýe garşy söweş başlanandan bir minutdan gowrak wagtyň içinde tehniki no...
FIFA-nyň uly şüweleňi sebäpli DÇ-2026-nyň finalyndaky arakesme 30 minuda çeker
2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygy birinji we ikinji ýarymlaryň arasyndaky ägirt uly aýdym-saz şüweleňi (Halftime Show) özünde jemlär. The Telegraph neşiriniň habar bermegine görä,
FIFA öz düzgünlerine garşy gidip, oýun arasyndaky adaty 15 minutlyk arakesmäni 30 minuda çenli uzaldar.
Çempiony kesgitlej...
FIDE küşt boýunça dünýä kubogynyň geçiriliş formatyny üýtgetdi
Halkara küşt federasiýasy (FIDE) erkekleriň we zenanlaryň arasyndaky dünýä kuboklarynyň formatynyň üýtgedilendigini yglan etdi. Ýaryşlary geçirmegiň täze ulgamy 2027-nji ýyldan başlap güýje girer.
Ýaryşlar iki tapgyrdan ybarat bolar. Birinji tapgyr «45 minut + 30 sekunt» wagt gözegçiligi bilen şweýsar ulgamy boýunça geçiriler. Erkekleriň ara...
Argentina Angliýanyň ýygyndysyny ýeňip, futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň finalyna çykdy
Argentinanyň milli futbol ýygyndysy ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň ýarym finalynda Angliýanyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda ýeňip, ýaryşyň finalyna çykdy.
Atlantada geçirilen duşuşyk Argentinanyň ýygyndysynyň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy. Angliýanyň düzüminde Entoni Gordon 55-nji minutda tapawut...
Futbol boýunça dünýä çempionatynyň ähli ýarym final jübütleri belli boldy
Argentina dünýä çempionatynyň çärýek finalynda goşmaça wagtda Şweýsariýany 3:1 hasabynda ýeňip, ýarym finala çykan iň soňky topar boldy.
Ýarym finalda argentinalylar goşmaça wagtda Norwegiýany 2:1 hasabynda ýeňen Angliýanyň ýygyndysy bilen duşuşarlar. Oýun 15-nji iýulda Aşgabat wagty bilen sagat 23:55-de geçiriler.
Beýleki ýarym final...
Argentina goşmaça wagtda Şweýsariýany ýeňip, DÇ-2026-nyň ýarym finalyna çykdy
Argentinanyň futbol boýunça ýygyndysy dünýä çempionatynyň çärýek finalynda goşmaça wagtda Şweýsariýanyň ýygyndysyny 3:1 hasabynda ýeňip, ýarym finala çykdy. Duşuşyk Missuri ştatynyň Kanzas-Siti şäherinde geçirildi.
Argentinalylaryň düzüminde Aleksis Mak Allister (10-njy minutda), Hulian Alwares (112-nji minutda) we Lautaro Martines (120+1-nj...
«Arkadag» AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna çykmak ugrunda öz meýdançasynda Hindistanyň «Goa» topary bilen duşuşar
Türkmenistanyň «Arkadag» futbol kluby 2026/27 möwsüminiň AFK-2 Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyrynda Hindistanyň «Goa» topary bilen duşuşar. Bu barada Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň (AFK) metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşyk 12-nji awgustda Türkmenistanda «Arkadag» stadionynda geçiriler. Oýun bir duşuşykdan ybarat bolar. Ýeňiji topar...
DÇ-2026: Fransiýa ýarym finala çykýar, Mbappe Messiniň yzyndan haýdaýar
Futbol boýunça dünýä çempionatynda ýarym finalyň ilkinji gatnaşyjysy mälim boldy. Marokkonyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňen Fransiýanyň milli ýygyndysy ilkinji bolup bu hukugy gazandy. Duşuşyk ABŞ-nyň Foksboro şäherindäki «Jillett» stadionynda geçirilip, 64 müňe golaý tomaşaçyny ýygnady.
Oýun fransuz futbolçylarynyň hüjümleri bilen açyldy....
Halkara Olimpiýa komiteti rus türgenleri üçin çäklendirmeleri wagtlaýyn ýatyrdy
Sport hemişe syýasatyň arassa bäsleşikden üstün çykmaga synanyşan meýdançalarynyň biri bolup geldi. Emma Halkara Olimpiýa komitetiniň bu karary diňe bir düzgünlere girizilen tehniki üýtgetme däl, eýsem türgenleriň öz hökümetleriniň hereketleri üçin jogapkärçilik çekmeli däldiginiň ykrar edilmegidir. Rus türgenleriniň halkara sport meýdançasyna, hat...
DÇ-2026-nyň ilkinji çärýek finalynda Fransiýa bilen Marokko duşuşar — oýny Belet platformasynda görüp bolar
10-njy iýula geçilen gije ABŞ-nyň Foksboro şäherindäki «Jillett» stadionynda 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň birinji çärýek final duşuşygy geçiriler. Onda Fransiýanyň ýygyndysy bilen Marokkonyň ýygyndysy ýarym finala çykmak ugrunda güýç synanyşarlar. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 01:00-da başlanar. Oýnuň göni ýaýlymyna Belet s...
MetLife-daky gözýaşlar: Neýmar Braziliýanyň ýygyndysy bilen hoşlaşdy
Braziliýa futbolynyň iň beýik we ajaýyp oýunçylarynyň biriniň döwri tamamlandy. Ýurduň milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyndan gaýdandan soň, toparyň ýyldyz hüjümçisi Neýmar özüniň milli ýygyndydaky karýerasyny resmi taýdan tamamlaýandygyny mälim etdi.
Bu beýik döwür edil 16 ýyl mundan ozal hemme zadyň başlanan ýerinde jemlendi....