Ispaniýanyň “Barselona” futbol kluby baş tälimçi Hansi Flik bilen şertnamany ýene bir möwsüm uzaltmak barada ylalaşdy. Bu barada Marca neşiri habar berýär. Taraplar ýakynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň şertleri barada ylalaşdy. Ýöne möhletiň uzaldylmagy diňe möwsüm gutarandan soň güýje girer. “Barselona” Ispaniýanyň çempionatynda we Kubogynda ýeňiş ugrunda göreşmegini dowam etdirýär. Şeýle-de, ol Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna çykdy. 60 ýaşly Hans-Diter Flik topara 2024-nji ýylyň maý aýynda ýolbaşçy boldy. Ol bu wezipede Hawini çalyşdy. Flik bilen şertnama 2026-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket edýär. Germaniýaly hünärmen ozal “Hoffenhaýma”, “Bawariýa” we Germaniýanyň milli ýygyndysyna tälimçi boldy. Ol Mýunheniň “Bawariýasy” bilen bilelikde Germaniýanyň iki çempionatyny, Kubogyny we Superkubogyny, Çempionlar ligasyny, UEFA-nyň Superkubogyny we Klublaýyn dünýä çempionatyny utdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir