Messi milli ýygyndylaryň bombardirleriniň sanawynda ikinji orna çykdy
Argentinaly futbolçy Lionel Messi Boliwiýanyň toparyna garşy dünýä çempionatynyň saýlama oýnunda öz hasabyna het-trik ýazyp, milli ýygyndylaryň bombardirleriniň sanawynda arassa ikinji orna çykdy. Duşuşyk 6:0 hasabynda tamamlandy.
Messi hasabynda milli topar üçin 109 gol bolan eýranly Ali Daeiden öňe geçdi. Indi Messiniň hasabynda 112 gol ba...
2025, 2026, 2027-nji ýyllarda dzýudo boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljek ýerleri belli boldy
Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) 2026-njy ýylda dzýudo boýunça dünýä çempionatynyň Bakuwda (Azerbaýjan) geçiriljekdigini mälim etdi. Geljek ýyl ýaryşy Wengriýa, 2027-nji ýylda bolsa Gazagystan kabul eder.
Şu ýyl dzýudo boýunça dünýä çempionaty Abu-Dabide (BAE) geçirildi. Ýaryşa dünýäniň 109 ýurdundan 675 türgen gatnaşdy, şolardan 355-isi er...
Keniýaly zenan ylgawçy Çepngetiç Çikago marafonynda dünýä rekordyny goýdy
13-nji oktýabrda Çikagoda meýjorlar seriýasyndan marafon geçirildi. Professional ylgawçylar üçin esasy hasaplanýan iň uly alty marafon Tokioda, Bostonda, Londonda, Berlinde, Çikagoda we Nýu-Ýorkda geçirilýän marafonlary öz içine alýar.
Marafonyň ýeňijileri Rut Çepngetiç we Jon Korir boldy.
2019-njy ýylyň dünýä çempiony Rut Çepngetiç z...
Maýkl Jordanyň 10 mln dollardan gowrak bahaly zatlary Sotheby’s auksionyna çykarylar
Sotheby’s auksion öýi onlaýn auksionyň geçiriljekdigini we onda meşhur basketbolçy Maýkl Jordanyň zatlarynyň hödürlenjekdigini habar berdi. 23-nji oktýabrdan 4-nji noýabr aralygynda umumy bahasy 10 mln dollardan gowrak bolan bäş haryt satuwa çykarylar diýip, Barron’s ýazýar.
Esasy lot Jordanyň 1996-1997-nji ýyllarda MBA-nyň çempionlyk möwsüm...
Winisius we Holand dünýäniň iň gymmat oýunçylary boldy
Transfermarkt internet portaly tarapyndan Ispaniýanyň La Ligasyndan birnäçe oýunçynyň bazar bahalarynyň aralyk täzelenmesinden soň, Madridiň “Realynyň” hüjümçisi Winisius Žunior “Mançester Sitiniň” oýunçysy Erling Holand bilen birlikde dünýäniň iň gymmat futbolçysy boldy. Oýunçylaryň ikisiniň-de bahasy 200 mln ýewro deň diýip, “Çempionat” habar ber...
Ýamal Ispaniýanyň milli ýygyndysynda 10-luk belgide çykyş eder
“Barselonanyň” hüjümçisi Lamin Ýamal Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde onluk belgini alar. Luis de la Fuenteniň topary Milletler ligasynyň çäklerinde 12-nji we 15-nji oktýabrda Daniýanyň we Serbiýanyň toparlaryna garşy oýnar.
“Barselonanyň” 17 ýaşly oýunçysy meýdança ozal Dani Olmo degişli bolan 10-luk belgi bilen çykar. Ýarymgoragçy...
Ronaldinýo amerikan futbol klubunyň eýesi boldy
Belli futbolçy Ronaldinýo Greenville Triumph amerikan futbol klubunyň eýeleriniň biri boldy. Ol ABŞ-nyň üçünji diwizionynda çykyş edýän bu klubuň paýnamalarynyň bir bölegini satyn aldy. Şertnama Nýu-Ýorkuň gazna biržasynda baglaşyldy diýip, sport24.ua habar berýär.
“Ronaldinýonyň gatnaşmagy diňe bir klubumyzyň abraýyny artdyrman, eýsem oýunç...
Ýamal täze adidasyň ýüzi. “Barselonanyň” oýunçysynyň öz logotipi we butsylar hatary bolar
“Barselonanyň” 17 ýaşly wingeri Lamin Ýamal Adidas-yň täze ýüzi bolar. Ispaniýaly futbolçy 2024-nji ýylyň fewralynda sport eşikleri we aýakgap öndürijisi bilen uzak möhletleýin şertnama baglaşdy diýip, Footy Headlines ýazýar.
Çeşmäniň berýän habaryna görä, Adidas-yň ýolbaşçylaryny Ýamalyň çykyşy haýran galdyrdy. Kompaniýa ony brendiň ýüzi et...
Braziliýa finalda Argentinany ýeňip, altynjy gezek futzal boýunça dünýäniň çempiony boldy
Özbegistanda futzal boýunça dünýä çempionaty tamamlandy. Ýaryşyň jemleýji oýnunda Braziliýanyň ýygyndysy Argentinanyň toparyny 2:1 hasabynda ýeňdi.
Ýeňijilerden Ferrao (6-njy minut) we Rafa Santos (13-nji minut) gol geçirdiler. Argentinanyň düzüminden bolsa Matias Rosa (39) tapawutlandy.
Bäsleşigiň bürünç medallaryny Fransiýany 7:1 ha...
Andres Inýesta karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi
Meşhur ispan futbolçysy Andres Inýesta karýerasyny tamamlaýandygyny habar berdi.
40 ýaşly ýarymgoragçy öz tälimçileri bilen düşen wideoroligini X sosial media ulgamynda ýerleşdirdi. Onda Pep Gwardiola, Luis de la Fuente, Wisente Del Boske, Luis Enrike we Lui wan Gal ýaly meşhurlar ýarymgoragçy bilen işländikleri barada aýdýarlar. Şeýle-de, w...
Aleks Pereýra UFC-niň çempion guşagyny gorady
5-nji oktýabrdan 6-njy oktýabra geçilen gije Solt-Leýk-Sitide (ABŞ) garyşyk başa-baş söweş boýunça UFC 307 ýaryşy geçirildi. Onuň esasy wakasy ýarym agyr agram derejesinde UFC-niň çempiony braziliýaly Aleks Pereýra bilen amerikaly dalaşgär Halil Rauntriniň arasyndaky söweş boldy.
Söweş dördünji raundda Aleks Pereýranyň nokaut arkaly möhletin...
FIFA Klublaýyn dünýä çempionatyna gatnaşyjylar üçin goşmaça transfer penjiresini açar
FIFA-nyň geňeşi 2025-nji ýylyň Klublaýyn dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda transfer düzgünlerine wagtlaýyn üýtgeşmeleri girizmäge taýýar. Bu çäreler futbolçylara şertnamalary tamamlanmazdan öň kluby üýtgetmäge mümkinçilik berer diýlip, FIFA-nyň resmi saýtynda habar berilýär.
Toparlary ýaryşa gatnaşjak FIFA-nyň agza assosiasiýalary 2025-nji ýy...
Aljameýn Sterling dekabrda Mowsar Ýewloýewe garşy söweşer
Iň ýeňil agramda Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) öňki çempiony Aljameýn Sterling 8-nji dekabrda Las-Wegasda geçiriljek UFC 310 ýaryşynda ýarym ýeňil agramly russiýaly söweşiji Mowsar Ýewloýew bilen duşuşar. Bu barada guramanyň metbugat gullugyna salgylanyp, “Sowetskiý sport” habar berýär.
Ilkibaşda söweş 5-nji oktýabra meýilleşdirilipdi w...
2025-nji ýylda täze formatdaky Klublaýyn dünýä çempionatynyň finalynyň geçiriljek ýeri belli boldy
2025-nji ýylyň Klublaýyn dünýä çempionatynyň finaly ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatynyň “Metlaýf-stedium” meýdançasynda geçiriler. Bu barada Halkara Futbol Federasiýasynyň (FIFA) resmi saýtynda habar berilýär.
FIFA ýaryşyň oýunlaryny kabul etjek 12 stadionyň sanawyny tassyklady. Sanawa “Atlanta Ýunaýtediň” öý meýdançasy, şeýle-de Maýami, Sinsinnati,...
Karlos Alkaras 2024-nji ýylda sportda iň görnükli 50 adamyň sanawyna girdi
ATP reýtinginiň öňki lideri, häzirki wagtda üçünji orny eýeleýän ispaniýaly tennisçi Karlos Alkaras meşhur Sports Illustrated amerikan žurnaly tarapyndan 2024-nji ýylda sportda iň görnükli 50 adamyň sanawyna goşuldy.
Sanawda Alkaras bilen birlikde futbolçylar Lionel Messi, Erling Holand we Jud Bellingem, basketbolçy Lebron Jeýms, “Formula-1”...
“Bawariýa” we hüjümçi Harri Keýn Çempionlar ligasynda birnäçe rekord goýdular
Mýunheniň “Bawariýasy” 2024/2025 möwsüminiň Çempionlar ligasynyň birinji tapgyrynda Zagrebiň “Dinamosyndan” 9:2 hasabynda üstün çykdy. Oýun “Arena Mýunhende” geçirildi we netije ýaryşyň taryhynda rekord boldy – mundan öň hiç bir topar bir oýunda 9 gol geçirmändi diýip, Opta Franz habar berýär.
Topar üstünlikleri:
“Bawariýa” esasy ýewr...
Amerikaly zenan 108 günde welosipedde dünýä syýahat etmek boýunça rekord goýdy
38 ýaşly amerikaly welosipedçi Lael Uilkoks 108 gün 12 sagat 12 minutda welosipedde dünýä syýahatyny tamamlap, zenanlaryň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy. Bu barada BBC habar berýär.
Bu döwürde Uilkoks 29 169 km aralygy geçdi. Ol 28-nji maýda Çikagodan ugrap, 12-nji sentýabrda yzyna gaýdyp geldi. Welosipedçi dört yklymda 21 ýurduň üstünd...
Manuel Noýer bilen Harri Keýn Bundesligada özboluşly rekord goýdular
14-nji sentýabrda Bundesliganyň 4-nji tapgyrynda “Holştaýn” “Bawariýa” bilen duşuşdy. Oýun Mýunhen klubunyň 6:1 hasabynda ýeňmegi bilen tamamlandy.
Bu duşuşykda 38 ýaşly derwezeban we “Bawariýanyň” kapitany Manuel Noýer özboluşly rekord goýdy. “Holştaýn” Germaniýanyň ligasynda onuň ýeňen 37-nji topary boldy, bu ony Bundesliganyň taryhynda şe...
Aşgabatda Tennis boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryş başlandy
16-njy sentýabrda Aşgabatda tennis boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryş badalga aldy.
"Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiriniň habar bermegien görä, ýaryşa Aşgabat, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryndan 113 türgen gatnaşýar. Gatnaşyjylar 13 ýaşynda bolup, olaryň 59-sy oglan we 54-si gyz.
Ýaryş «Aşgabat» köpugurly stadiony...
Saul Alwares amerikaly Edgar Berlangany ýeňip, dünýä çempionynyň üç sany titulyny gorady
Meksikaly Saul Alwares amerikaly Edgar Berlangadan üstün çykyp, 76,2 kg çenli agram derejesinde Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC), Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA Super) we Bütindünýä boks guramasynyň (WBO Super) wersiýalary boýunça dünýä çempiony titullaryny saklady.
Las-Wegasda (Newada ştaty) geçirilen ikinji orta agramda söweş tutuş 1...