Bostonda hasap boýunça 129-njy marafon geçirildi. World Maratfon Majors seriýasyna girýän bu marafon dünýäde iň gadymy marafon bolup, ol 1897-nji ýyldan bäri geçirilýär. Zenanlaryň arasynda 31 ýaşly keniýaly Şaron Lokedi ýeňiş gazandy. Ol 42,2 km aralygy 2 sagat 17 minut 22 sekuntda geçip, bu ýolda täze rekord goýdy. Öňki rekord – 2:19.59 – efiopiýaly Buzuneş Debe degişlidi we ol 2014-nji ýyldan bäri saklandy. Erkekleriň arasynda birinji bolup pellehana Keniýadan türgen Jon Korir geldi. Onuň wagty 2:04.45 bolup, bu Boston marafonynyň taryhynda ikinji görkezijidir. Ondan tiz diňe keniýaly Jeffri Mutai ylgapdy, ol 2011-nji ýylda 2:03.03 netijäni görkezdi. Ýaryşyň başynda Jon Korir ýykyldy, ýöne yza galyşyny tiz gysgaldyp, ýeňiş üçin göreşe gaýdyp geldi. Belli bolşy ýaly, onuň dogany – Uesli Korir hem marafonçy. Ol 2012-nji ýylda Boston marafonynda ýeňiji boldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 6 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir