“Realyň” we Braziliýanyň milli ýygyndysynyň oýunçysy Winisius Žuniora futboldan iki ýyl çetleşdirilmek howpy abanýar. Tuttosport-yň we italýan žurnalisti Žanluka di Marsionyň berýän maglumatyna görä, FIFA futbolçynyň birnäçe futbol klublarynyň eýesi bolmak bilen guramanyň ahlak kadalaryny bozýan bolmagynyň mümkindigi bilen bagly iş geçirýär. Muňa Braziliýanyň “Atletiko San-Žuan-del-Reý” klubunyň paýlarynyň 16,5 göterimine eýeçilik edýän Tiberis Holding do Brasil kompaniýasynyň şikaýaty sebäp boldy. Kompaniýa Winisius özi bilen baglanyşykly ALL Agenciamento Esportivo kompaniýasynyň üsti bilen “Atletikonyň" paýynyň gözegçilik bukjasyny gös-göni alandygyny we Tiberis kompaniýasyny söwdada artykmaçlykdan peýdalanmak hukugyndan mahrum edendigini öňe sürýär. Şeýle hem FIFA Winisiusyň Portugaliýanyň “Alwerka” klubuna bikanun eýeçilik etmegi bilen baglanyşykly maglumatlary derňeýär. Şikaýat FIFA-nyň Ahlak kadalary komitetiniň derňew palatasyna berildi. Arza berijiniň pikirine görä, bu ýagdaý bähbitleriň gapma-garşylygyny görkezip biler we guramanyň kadalaryny bozýar. Çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, ALL Agenciamento Esportivo kompaniýasy oýunçynyň kakasy we wekili Tassilo Soareş tarapyndan dolandyrylýar eken. 24 ýaşly Winisius 2018-nji ýyldan bäri Madridiň “Realynda” çykyş edýär. Bu möwsümde ol 46 oýun oýnady, 20 gol geçirdi we 14 gezek netijeli pas berdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir