Allaýar Şirliýew Abu-Dabidäki küşt ýaryşynyň ýeňijisi boldy
Türkmen küştçüsi Allaýar Şirliýew Abu-Dabide (BAE) geçirilen 32-nji Halkara küşt festiwalynyň çäginde Open A ýaryşynyň ýeňijisi boldy.
Festiwal 15 — 24-nji awgust aralygynda geçirildi. Aşgabatly türgen şweýsar ulgamy boýunça geçen ýaryşda mümkin bolan 9 utukdan 8-isini ýygnady.
Şirliýew ýaryşda ýedinji belgi bilen çyky...
Pardaýewa, Rahymow we ýene 8 türkmen dzýudoçysy Lozannadaky ýaryşa gatnaşar
Türkmenistandan Maýsa Pardaýewa, Serdar Rahymow we ýene sekiz dzýudoçy 28 — 30-njy awgust aralygynda Şweýsariýanyň Lozanna şäherinde geçiriljek Uly tuwulga ýaryşyna gatnaşar. Ýaryş 78 ýurtdan 532 türgeni jemlär.
Ýaryşda Türkmenistana wekilçilik edýän türgenler:
Erkekler: Ural Bagtyýarow, Ygtyýar Gurbanberdiýew (60 kg),...
«Iň gowy ýeňişlerimiň biri»: Norris «Formula-1-iň» yzly-yzyna ikinji ýaryşyny utdy
McLaren toparynyň britaniýaly sürüjisi Lando Norris Niderlandlaryň Zandwort şäherinde geçirilen «Formula-1» ýaryşynda birinji orny eýeläp, yzly-yzyna ikinji gezek ýeňiş gazandy.
Ikinji we üçünji orunlary, degişlilikde, Mercedes toparynyň wekilleri Andrea Kimi Antonelli we Jorj Rassell eýelediler.
«Ýaryşa başlaýşym hakd...
Efiopiýaly ylgawçy 2 ýylda 2 gezek ýarym marafonuň rekordyny döwdi
Efiopiýaly Ýomif Kejelça Buenos-Aýres (Argentina) şäherinde 21,1 kilometrlik aralygy 56 minut 51 sekuntda geçip, ýarym marafon boýunça dünýä rekordçysy adyny gaýtaryp aldy.
Kejelça ugandaly Jeýkob Kiplimonyň mart aýynda Lissabonda görkezen (heniz World Athletics tarapyndan tassyklanmadyk) 57 minut 02 sekuntlyk netijesini gowulandyrdy...
Sehudo RAF tituly ugrundaky göreşde Dwalişwilini 36 sekuntda ýeňdi
UFC-niň öňki çempiony, amerikaly Genri Sehudo erkin göreş boýunça geçirilen Real American Freestyle (RAF) 12 ýaryşynda gruziýaly Merab Dwalişwiliden üstün çykyp, öňki ýeňlişi üçin aryny aldy.
RAF-yň ýeňil agramdaky çempionlyk duşuşygy ABŞ-nyň Kliwlend şäherinde geçirildi. Oňa dürli söweş sungatlarynyň wekilleri gatnaşdy.
«Bawariýa» 12-nji gezek Germaniýanyň Superkubogyny eýeledi
Mýunheniň «Bawariýasy» futbol boýunça Germaniýanyň Superkubogy ugrundaky oýunda Dortmundyň «Borussiýasyndan» üstün çykdy.
Oýun Dortmund toparynyň öý stadiony bolan «Signal Iduna Parkda» geçirildi. Duşuşyk 2:1 hasabynda «Bawariýanyň» peýdasyna tamamlandy.
Wensan Kompaniniň şägirtleri eýýäm birinji ýarymda iki gol bilen...
UEFA bilen KONKAKAF-yň bilelikde täze ýaryş döretmek niýeti bar: Infantino halamaz...
Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigi (UEFA) hem-de Demirgazyk, Merkezi Amerika we Karib basseýniniň ýurtlarynyň futbol federasiýalaryny birleşdirýän KONKAKAF milli ýygyndylar üçin bir umumy ýaryşy döretmegiň üstünde işläp başlady.
«The Guardian» neşiriniň habar bermegine görä, ýaryş eýýäm bar bolan Milletler ligalarynyň bin...
Alp Arslan Begenjow Bratislawada dünýä çempionatynyň bürünç medalyny gazandy
Slowakiýanyň paýtagty Bratislawa şäherinde, 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilýän dünýä çempionatynda türkmenistanly erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow bürünç medala mynasyp boldy.
86 kg çenli agram derejesinde üçünji orun üçin tutluşykda Alp Arslan Türkiýäniň wekili Sefa Jesury 9:2 hasaby bilen ýeňdi.
Ýarym fi...
FIFA DÇ-nyň finalyndan soňky dawa üçin argentinaly futbolçylaryň jezasyny kesgitledi
FIFA Dünýä çempionatynyň final oýnundan soňky turan uruş we ýaryşyň dowamynda başga-da eden bidüzgünçilikleri sebäpli, Argentina milli ýygyndysynyň üç oýunçysyny oýundan çetleşdirdi, şeýle hem topara we federasiýa pul jerimesini saldy.
Ispaniýaly Erik Garsianyň kekirdeginden tutup, Gawini itekläp ýykan argentinaly ýarymgoragçy Leandr...
«Roma» oýunda 99 belginiň hemmesini ulanan ýeke-täk klub boldy
Ýakynda Portugaliýanyň «Portu» toparynyň ýarymgoragçysy Rodrigu Mora Italiýanyň «Roma» klubuna geçdi. Bu barada klub özüniň resmi saýtynda habar beripdi. Täze oýunçynyň geçmegi bilen «Roma» üýtgeşik taryhy rekord goýdy.
19 ýaşly ýarymgoragçy geçen klubunda 86-njy oýun belgisini saýlady.
Şondan soň rim topary taryhda fu...
«Real» birinji, Bezos «Liwerpuly» top-3-e çykardy. Iň gymmat futbol klublarynyň reýtingi
«Forbes» žurnaly iň gymmat futbol klublarynyň reýtingini täzeledi. Onda birinji orny ýene-de «Real Madrid» eýeledi.
«Patyşalyk kluby» 9,5 milliard dollar baha bilen dünýäniň iň gymmat futbol kluby diýen derejesini ýene bir gezek tassyklady. Bir ýylyň içinde topar 245 million dollar operasion girdeji gazanyp, öz bahasyny 41% artdyrdy....
Läle Şöhradowa çalt küşt boýunça Aziýanyň çempiony boldy
Türkmenistanly küştçi Läle Şöhradowa 20 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda çalt küşt (rapid) boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy.
Çempionat 16–26-njy awgust aralygynda Mumbaýda (Hindistan) geçirilýär. Ýaryş Bütinhindi küşt federasiýasynyň (AICF), Aziýa küşt federasiýasynyň (ACF) we Halkara küşt federas...
Harri Keýn «Altyn butsyny» aldy
«Bawariýanyň» we Angliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Harri Keýne 2025/26 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» gowşuryldy. Bu barada klubuň metbugat gullugy ýazýar.
Dabaraly çäre çarşenbe güni, 19-njy awgustda Mýunhen klubunyň muzeýinde geçirildi.
«Altyn butsy» her ýyl UEFA-a girýän ýurtlaryň milli çempionatl...
«Ahalyň» AFK Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyryndaky bäsdeşleri kesgitlendi
Türkmenistanyň «Ahal» futbol klubunyň 2026/2027 möwsüminde AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy. Klub Liwanyň «Al-Ansar», Siriýanyň «Al-Ittihad» we Butanyň «Paro» toparlary bilen oýnar.
Ýaryşyň bije çekilişigi Kuala-Lumpurdaky (Malaýziýa) Aziýa futbol konfederasiýasynyň öýünde geçirildi.
...
«Monako» Pogba bilen şertnamany ýatyrdy – ol möwsümde 115 minut oýnady: transfer täzelikleri
Ýewropanyň we dünýäniň futbol klublary täze möwsümiň öňüsyrasynda oýunçylary satyn almagy we olar bilen hoşlaşmagy dowam etdirýär. Günüň iň esasy habarlarynyň biri Pol Pogbanyň «Monakodan» gitmegi boldy.
Fransuz kluby 33 ýaşly ýarymgoragçy bilen ikitaraplaýyn razylyk boýunça şertnamany möhletinden öň ýatyrdy. 2018-nji ýylyň dünýä çem...
«Arkadagyň» AFK-2 Çempionlar ligasyndaky duşuşyklarynyň tertibi yglan edildi
Aziýanyň futbol konfederasiýasy (AFK) 2026/27-nji ýylyň möwsüminde AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryndaky duşuşyklaryň tertibini yglan etdi.
Öň habar berşimiz ýaly, bu ýaryşda Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň çempiony «Arkadag» bije çekilişiginiň netijesinde «B» toparçasyna düşdi. Toparçalaýyn tapgyrda onuň garşysyna «Al...
APL emin çözgütleriniň seljermesini we kamerasyna alnan ýazgylary ile ýetirip başlar
Täze möwsümden başlap Angliýanyň Premýer-ligasy (APL) eminleriň jedelli çözgütlerini düşündirýän teswirleri we Esasy wakalar boýunça komissiýanyň (KMI) kararlaryny köpçülige elýeter eder. Bu barada BBC habar berýär.
Öňler bäş agzadan ybarat bolan we jedelli oýun epizodlaryna seredýän KMI-niň kararlary diňe klublara hem-de eminlere ug...
«Barselona» DÇ-2026-nyň iň gowy oýunçysyny aldy, Serhio Busketsi hem yzyna çagyrdy: esasy transferler
«Barselona» indi resmi ýagdaýda tomsuň iň uly transfer kampaniýalarynyň birini geçirdi. Klub Ispaniýanyň ýygyndysynyň we «Mançester Sitiniň» ýarymgoragçysy Rodriniň geçendigi barada yglan etdi.
2024-nji ýylyň «Altyn topunyň» eýesi we 2026-njy ýylyň dünýä çempiony bolan 30 ýaşly futbolçy «Barselona» bilen 2030-njy ýylyň 30-njy iýunyna...
Dünýä we Ýewropa çempiony Patrik Wieýra Senegalyň milli ýygyndysyna baş tälimçi bellendi
Patrik Wieýra Senegalyň milli futbol toparynyň baş tälimçisi wezipesine bellendi. Bu barada ýurduň futbol federasiýasy habar berdi.
Hünärmen bilen baglaşylan şertnamanyň möhleti takyk aýdylmady.
50 ýaşly Wieýra iýul aýynda Dünýä çempionatynyň 1/16-njy tapgyrynda Belgiýadan ýeňilenden soň wezipesinden aýrylan Pap Týawyň...
«Arkadagyň» AFK Çempionlar ligasy 2-niň toparçalaýyn tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
Kuala-Lumpurda AFK Çempionlar ligasy 2-niň 2026/2027 möwsümi üçin toparçalaýyn tapgyryň bije çekilişigi geçirildi. Onuň netijesinde Türkmenistanyň häzirki çempiony — «Arkadag» futbol klubunyň garşydaşlary belli boldy.
Türkmen topary B toparça düşdi, bu ýerde onuň bäsdeşleri Birleşen Arap Emirliklerinden «Al-Jazira», Eýranyň «Gol Goha...