Madridiň “Realy” adidas tarapyndan taýýarlanan 2025/26 möwsüminiň öý eşik toplumyny görkezdi. Dizaýn “Santýago Bernabeu” stadionynyň taryhyndan ylham alyp, klubuň mahsus reňklerini döwrebap tehnologiýalar bilen utgaşdyrýar. Köýnekçe gara we altynsow çyzyklar hem-de nokat görnüşli nagyşlar bilen ak reňkde ýerine ýetirildi. Şeýle dizaýn ozal 2009/10 möwsüminde, kluba Kriştianu Ronaldu gelende hem ulanylypdy. “Bu köne we döwrebap stadionlaryň elementlerini utgaşdyrýan häzirkizaman we nepis toplumdyr. Köýnekçede tugranyň reňkinden ylham alan sary jähek we aýlawly ýaka bar. Häzirkizaman materiallaryndan taýýarlanmak bilen, ol howany gowy geçirmek we oýun wagtynda oýunçylara salkyn bolmagyny üpjün etmek üçin adidas-yň iň täze tehnologiýalary bilen üpjün edildi” – diýlip, klubuň habarynda aýdylýar. Topluma ak şortylar we goýy çal bezegli getralar goşuldy. Mundan başga-da, adidas we “Real” 2010-njy ýyllaryň başyndaky stilde “Urban Purist” kapsula kolleksiýasyny çykardy. Oňa neon öwüşginli ak-çal we goýy gök reňkli sport kostýumlary, hudi, köýnekçeler we şortylar girdi. Täze eşikde “Realyň” 14-nji iýundan 13-nji iýul aralygynda ABŞ-da geçiriljek Klublaýyn dünýä çempionatynda oýnamagyna garaşylýar. Toparçada topar “Al-Hilýal” (18-nji iýun), “Zalsburg” (22-nji iýun) we “Paçuka” (26-njy iýun) bilen duşuşar

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir