UEFA-nyň Milletler ligasynyň üçünji orny ugrunda geçirilen duşuşykda Fransiýanyň milli ýygyndysy Germaniýany ýeňlişe sezewar etdi. Oýun 8-nji iýunda Ştutgartda geçirildi we Didýe Deşamyň şägirtleriniň peýdasyna 2:0 hasap bilen tamamlandy. Birinji ýarymyň soňky sekuntlarynda Kilian Mbappe hasaby açdy. Ol Çuameniniň diagonal pasyny ussatlyk bilen kabul edip, topy uzakdaky burça geçirip gol geçirdi. Ikinji gol bolsa 84-nji minutda geçdi. Fransiýa Robin Kohyň ýalňyşyndan soň tiz garşylyklaýyn hüjümi gurady. Mbappe Maýkl Oliseni boş derwezä çykarýan pas berdi. Olise toparynyň artykmaçlygyny ikä çykardy. Birinji ýarymda emin Iwan Kružlýak VAR wideo gaýtalamasynyň kömegi bilen Fransiýanyň derwezesine bellenen 11 metrlik jerime urgusyny ýatyrdy. Ikinji ýarymda bolsa ol Germaniýanyň ýygyndysynyň futbolçysy Deniz Undawyň goluny hem VAR-yň görkezmesi bilen hasaba alman galdyrdy. Mbappeniň bu duşuşykdaky geçiren goly milli ýygyndydaky 50-nji goly boldy. 26 ýaşly hüjümçi Fransiýanyň iň gowy bombardirleriniň arasynda üçünji orunda ýerleşýär. Ondan öňde Tierri Anri (51 gol) we Oliwiýe Žiru (57 gol) bar. Fransiýa ilkinji gezek Milletler ligasynda bürünç medallary eýeledi. 2021-nji ýylda bolsa topar bu ýaryşda ýeňiş gazanypdy. Final duşuşyk Portugaliýa bilen Ispaniýanyň ýygyndylarynyň arasynda şu gije geçiriler. Oýun Aşgabat wagty bilen 00:00-da başlanar.