Özbegistanyň milli ýygyndysy Aziýa yklymynda 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşynyň üçünji tapgyrynyň jemleýji oýnunda Katary 3:0 hasabynda utdy. Topar taryhda ilkinji gezek dünýä çempionatyna çykdy. Oýundan soň Özbegistanyň milli ýygyndysynyň her bir oýunçysyna we tälimçilerine BYD markaly awtomobil sowgat berildi. Olar göni futbol meýdançasyna getirildi. Ulag açaryndan başga-da, Respublikanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň hut özi türgenlere orden, medal we hormatly atlary berdi. Baýramçylyk dronlaryň şüweleňi we feýerwerk bilen tamamlandy. Özbegistan saýlama tapgyryny A toparçada 21 utuk bilen ikinji orunda tamamlady. Toparçada birinji orny 23 utuk bilen Eýran eýeledi. Toparlaryň ikisi-de dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy. BAE-niň (15) we Kataryň (13) milli ýygyndylary indiki saýlama tapgyrynda göreşi dowam etdirer. Dünýä çempionaty – 2026 ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler.