Angliýanyň “Mançester Siti” futbol kluby 2025/2026 möwsümi üçin myhmançylykda geýjek täze eşik toplumyny hödürledi. Germaniýanyň Puma sport brendi eşigiň dizaýnyny Nýu-Ýorkdan dizaýner we hudožnik Kolm Dilleýniň KidSuper studiýasy bilen hyzmatdaşlykda taýýarlady. Täze toplumda esasy ak reňk diagonal geçýän gara-gyzyl zolak bilen utgaşýar. Dizaýn akwarel reňkleri ulanýar we elde çekilen grafika bilen bezelen. Klub iki reňkli zolakly bu modeliň janköýerleriň arasynda häzir hem meşhur bolan “ManSitiniň” 1970-nji ýyllardaky nusgawy eşik toplumyna täzeçe garaýyşdygyny belleýär. Şeýle-de, ýörite derwezeban üçin gara-sary zolaklar we gaýtalanýan grafiki nagyş bilen neon mämişi reňkli eşik çykaryldy. Topar bu eşik toplumyny ilkinji gezek ABŞ-daky Klublaýyn dünýä çempionatynda ulanar. “Mançester Siti” G toparçasyna düşdi we bu ýerde 18-nji iýunda “Widad” (Marokko), 23-nji iýunda “Al-Aýn” (BAE), 26-njy iýunda bolsa “Ýuwentus” (Italiýa) bilen oýnar. Eşik toplumynyň ýörite nusgasy we Puma x KidSuper kolleksiýasy satyn almak üçin klubuň resmi saýtynda we firma dükanlarynda elýeterlidir. Mançesterden başga-da, olar Londonda, Abu-Dabide we Dubaýda ýerleşýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir