Karlo Ançelotti Madridiň “Realyndaky” tälimçi ygtyýarlyklaryny Habi Alonso berenden soň, tiz wagtdan Braziliýanyň milli ýygyndysyna ýolbaşçy boldy. Taraplaryň arasyndaky gepleşikler bir ýyldan köp dowam etdi. KHBS-iň maglumatlaryna görä, Ançelotti Braziliýa toparynyň başyna geçenden soň, ähli milli ýygyndylaryň arasynda iň köp zähmet hakyny alýan tälimçi boldy. Onuň zähmet haky ýylda 9,5 mln ýewro barabar. Bu milli toparlaryň halypalary üçin adaty bolmadyk mukdar bolup, ol klub derejesindäki şertnamalar bilen deňleşýär. Bu görkeziji boýunça ikinji orunda Angliýanyň milli ýygyndysyna tälimçi bolan Tomas Tuhel ýerleşýär. Onuň ýyllyk girdejisi 5,9 mln ýewro barabar. Onuň yzyndan Ýulian Nagelsmann (Germaniýa, 4,9 mln), Roberto Martines (Portugaliýa, 4 mln) we Didýe Deşam (Fransiýa, 3,8 mln) gelýär.