Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy-2027-niň üçünji saýlama tapgyrynyň ikinji oýnunda öz meýdanynda Tailandyň ýygyndy toparyndan 3:1 hasabynda üstün çykdy. “Aşgabat” köpugurly stadionynda geçirilen oýunda ýygyndy toparymyza ýeňiş getiren toplary Mihail Titow (1-nji minutda), Yhlas Saparmämmedow (37-nji) we Mekan Saparow (66-njy minutda) geçirdiler. Myhmanlaryň ýeke-täk goluny Supaçai Çaided (35-nji minutda) geçirdi. Bu toparçanyň beýleki duşuşygynda Şri-Lankanyň milli ýygyndysy öz meýdanynda Hytaý-Taýpeýiň milli ýygyndysyndan 3:1 hasabynda üstün çykdy. Gazanan ýeňşinden soň 6 utuk toplan milli ýygyndymyz toparçada birinji orny eýeleýär. 3 utukdan toplan Tailandyň hem-de Şri Lankanyň ýygyndy toparlary bolsa ikinji, üçünji orunlarda ornaşdylar. Milli ýygyndy toparymyz nobatdaky duşuşygyny 9-njy oktýabrda myhmançylykda Şri-Lankanyň milli ýygyndy toparynyň garşysyna geçirer. Ýeri gelende bellesek bije çekişligiň netijelesi boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy “D” toparçada Hytaý Taýpeýiniň, Tailandyň we Şri-Lankanyň ýygyndylary bilen güýç synanyşmaga mümkinçilik alypdy. Saýlama oýunlaryň birinji tapgyrynda Türkmenistanyň milli ýygyndy topary myhmançylykda Hytaý Teýpeýiniň milli ýygyndysyny myhmançylykda 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar edipdi. Tailandyň ýygyndysy bolsa Şri-Lankankadan 1:0 hasabynda üstün çykypdy. Saýlama oýunlaryň çäklerinde Röwşen Meredowyň tälim berýän ýygyndy toparymyz alty oýny geçirer: 2025-nji ýylda bäş we 2026-njy ýylyň martynda bir oýun. Saýlama oýunlaryň çägindäki 6 toparçanyň ýeňijileri Saud Arabystanynda geçiriljek Aziýa-2027 Kubogynyň jemleýji tapgyryna gatnaşmak üçin ýollanma alarlar.