Hyundai ABŞ-da Crater ady bilen täze SUV konseptini hödürledi. Model XRT hatarynyň ideýalaryny görkezýän dizaýn tejribesi hökmünde döredildi. Kompaniýa entek Crater-iň önümçilik modeli boljakdygyny habar bermeýär. Ýöne ozal ýolbaşçylyk täze ramaly modelleriň peýda boljakdygy barada aýdypdy. Crater burçly we agressiw dizaýna, beýik klirense, 33 dýuýmlyk tigirlere we ýolsuz ýerden sürmek üçin aksessuarlar toplumyna: tirkeg üçin halkalara, goşmaça çyraly üçek bagažyna we aýnany şahalardan goraýjy elemente eýe boldy. Salon iki tarapa açylýan gapylary, dört sport oturgyjy we howpsuzlyk karkasy bilen tapawutlanýar. Bagaž ýeriniň bir bölegini audioulgam ýaly görünýän konstruksiýa eýeleýär. Enjam paneli dört sany uly bolmadyk ekrandan we öňdäki aýnanyň aşaky bölegindäki proýeksiýa displeýinden ybarat. Gapdal aýnalaryň ýerindäki aýrylýan çyralar bolsa yzy görmek üçin kameralar hökmünde ulanylýar. Rul süýri görnüşde bolup, onda sürüş režimini saýlamak üçin düwmeler ýerleşdirildi. Tehniki aýratynlyklar barada maglumat berilmeýär, ýöne tigirara differensialy blokirlemek ulgamy barada agzalyp geçilýär. Ýapyk radiator gözenegi we gaz çykarýan turbalaryň bolmazlygy bolsa ulagyň elektrik ýa-da gibrid boljakdygyna yşarat edýär. Pikirleriň birine görä, bu konsept önümçilik krossowerleriniň has güýçli wersiýalarynyň ösüş ugruny görkezýär. Başga bir pikire görä, ol geljekki SUV ulaglarynyň garalama nusgasy bolup hyzmat edýär. Eger taslama tassyklansa, ondan öň ramaly pikap peýda bolup biler.