Niderlandly suratkeş Winsent Wan Goguň “Pariž romanlarynyň toplary we bulgurdaky bägüller” suraty Nýu-Ýorkda geçirilen Sotheby’s auksionynda 62,7 mln dollara satyldy. Bu barada NL Times habar berýär. Suratyň ahyrky bahasy ilkibaşdaky bahadan 35% ýokary boldy. Ony sungaty öwreniji Petti Wong satyn aldy. Söwda başlamazdan ozal Amsterdaky Wan Gog muzeýiniň hünärmenleri suratyň hakykydygyny tassyklady. Surat 1887-nji ýylyň ahyrynda, suratkeşiň dogany Teo bilen ýaşaýan we fransuz sungaty bilen işjeň gyzyklanan döwründe Parižde çekildi. Suratda ýumşak daşly kitaplaryň toplary we dury bulgurda bägüller şekillendirilýär. Kitaplaryň köpüsi ýiti sary reňkde bolup, stoluň üstünde sähel tertipsiz dur, olaryň biri bolsa açyk. Bu eser ýagly reňkler bilen çekilipdir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir